Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda täsinliklerden doly bir şäher bar eken. Şäheriň ady Ýitan eken. Günleriň birinde Ýitanyň ýaşaýjy­ larynyň arasynda şeýle habar ýaý­ ranmyş: “Ýurduň bir çetinde akyl mekdebi barmyş. Ol mekdepde akyl öwredilýärmiş”. Sanlyja gü­ nüň içinde şäheriň halky bu ha­ bary biri-birine ýetirenmiş. Şol şä­ heriň ýaşaýjysy bolan bir adam bu habary eşidip: “Bütin ömrüm­ de şeýle geň habar eşitmändim. Adam bar bolsa, ol akyllydyr. Heý-de, akyly öwrenip bolarmy” diýip, içini gepledenmiş. Ol adam çagalarynyň hiç birini okatman­ myş. Hemişe çagalaryna: - Hudaýa şükür, baýlygymyz bar, güýjümiz bar, okajagam bolmaň – diýip akyl berermiş. Emma ça­ galarynyň biri kakasyna ýüzle­ nip: - Kakam jan, okamak ýaly zat bo­ larmy? Heý-de, ylmy satyn alyp bolarmy – diýermiş. Ol adam oglunyň diýenini kelle­ sinden çykaryp bilmänmiş. Öz- özüne: “Akyl mekdebi… Akyl mek­ debi… Akyl mekdebi…” diýip, gü­ nuzyn pikir edip, ahyrsoňy akyl mekdebine baryp görmegi ýüre­ gine düwenmiş. Atyna münüp, gündiz diýmän-gi­ je diýmän, ýol ýörän ol adam günleriň birinde gözi kör garra duşupdyr. Ol garry bilen hal-ah­ wal soraşyp, onuň haýsy tarapa ýolagçydygyny sorapdyr. Garry ol adama ýurduň çetine barýandy­ gyny aýdypdyr. Kör garra nebsi agyran adam ony öz ýanyna alyp­ dyr. Az ýöräp, köp ýöräp, olar bir şäheriň çetinden barypdyrlar. Ol şäher garrynyňam barmaly şähe­ ri eken. Şäheriň çetinden giren wagtlary garry: - Kömek ediň! Ýardam ediň! Bu adam atymy almak isleýär. Men garyba elini uzatjak ýokmy – di­ ýip, gygyryp başlapdyr. Ara sa­ lym bermän, ýerli-ýerden şäheriň adamlary gelipdirler. Olar atly adam bilen garrynyň arasyndaky dawany çözüp bilmändikleri üçin, olary kazynyň ýanyna eltip­ dirler. Kazy ilki bilen garryny, soňra bol­ sa atlyny üns bilen diňläp, yzyn­ danam şeýle diýipdir: - Meniň ýanyma mal lukmanyny, demir ussasyny we ýonaçyny ge­ tiriň – diýenmiş. Az salymdan kazynyň tabşyryşy ýaly mal lukmanyny, demir ussa­ syny hem-de ýonaçyny getiren­ mişler. Kazy olaryň her birinden atyň haýsy mekana degişlidigini soranda, olaryň üçüsem onuň Ýi­ tan şäherine degişlidigini aýdyp­ dyrlar. Şeýlelikde, atyň hak eýesi­ niň kimdigini anyklanmyşlar. Atyň eýesi kazynyň çözgüdine haýran galyp: - Siz we bu adamlar atyň Ýitan şäherine degişlidigini nädip bildi­ ler? Munuň syry nämede – diýip, soranda, kazy oňa şeýleräk jo­ gap beripdir: - Şu görýän adamlaryň ählijesi şä­ herimizdäki akyl mekdebini ta­ mamladylar. Bu zatlary şol mek­ depden öwrendik. Şol mekdep­ de dogryny nireden we nähili ta­ pyp bolýandygy öwredilýär. Şol wagt atyň eýesi akyl mekdebi ha­ kyndaky hakykat bilen ýakyndan tanyşanmyş. Öz ülkesine dola­ nyp, başdan geçirenlerini maşga­ lasyna aýdyp beripdir. Akylyň her bir ynsanda bolup biljekdigine, ony ulanmak üçin bolsa ylymdyr bilimiň zerurdygyna göz ýetiren adam ara salym bermän, öz çaga­ laryny akyl mekdebine ugradan­ myş. Ine, şeýdibem onuň çagala­ ry ylymly-bilimli, parasatly adam­ lar bolup ýetişenmişler. Cheshme: e-mekdep.com

Köneler, Koneurgenchli tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir