Nesibämde bar eken, ýogsam ençeme ýyl bäri adam aýagy sekmedik bu ýat ýerlere, heý, gelermidim, seniň ters täleýiň hakdaky şu gussaly kyssany eşidermidim, mergen ... Seniň sesiň bu agyr heňňamyň içinden geçip, ahyrsoňy maňa-da gelip ýetdi.
"Mergenli gaýa" hekaýaty
-
Jebislik
12 years ago
- ...Göwündeş gelni oňa “Sag
git-de, aman gel” diýdi...
... Naçar dogany onuň
yzyndan bir okara suw
serpdi...
... Atasy egni hyrlyly, eli
guşly, bili gylyçly, dal
kamatly ata atlanan
oglunyň boý-syratyna
guwandy. “Bar, oglum,
ýoluň ak bolsun” diýdi.
...Enesi... Enesi welin
“Meniň aýdanymy et. Şu
gezek awa gitme, jan
oglum!” diýdi.
Bile ýola çykan dosty bu
söze birhili bolup,
göwnüni böljek ýaly etdi.
Oňa çenli ol “Atylan ok
daşdan gaýtmaz”, ene. Sag
oturyň!” diýdi-de, atynyň
böwrüne depäýdi.
Awa kellesi gyzan iki dost
uzak ýollary söküp, şu
etraplardan gelip
çykypdyrlar. Indi aw-şikar
edip göwnüni hoşlan
ýigitler gaýdaýsa-da
boljak eken. Emma daň
saz berende bir belent
dagyň gerşinde ýedi sany
goç hatarlanyp
görünäýmezmi?! Güni
garşylaýan aýlawşah
goçlar... Ýedi goçuň her
biriniň bir harpy
aňladýandygyny, onuň
tutuşlygyna “aýralyk”
diýen sözi emele getirip
durandygyny mergen
näbilsin...
Seniň ýüküň ýetik, dogan.
Gaýt indi. Mergenleriň
gadymy ýörelgesinde-de
bir sapar awa çykanynda
ýediden köp janly-
jandaryň ganyna galmak
günä iş hasaplanylýar
ahyryn. Seniň awlanyň
ýediniň çeninde durmady.
Ýene nämä
hyýallanýarsyň?!
Dostuň sözi ýer tutmady.
Aw höwesi ony ýerden
göterdi. Gözleri baglandy.
Ol kowdy, goçlar gaçdy.
Hiç atyma gelenok. Bu
kow-ha-gaçlygyň soňy şol
ýokary başy ak kemerli
ýylçyr gaýada tamama
geldi.
Gaýa tarap uzaýan kertden
ýedi goçuň ýedisem
zyňdy. Gaýanyň ýeke-täk
ak kemerine şapylaşyp,
jüp düşýän goçlar
awçydan gutulmak üçin
onuň arka ýüzüne
aýlandylar...
Ýüňi ýeten ýigidiň goç
kemi barmy? Seri dumanly
mergenem uçutdan uçdy.
Badyny saklaman zyňdy
özüni. Barybam gaýanyň
ýüzüne ýelmeşdi. Iki-üç
gezek omzady-da,
gaýanyň çür depesine
çykaýdy. Goçlaryň birini
urdy, beýlekileri özüni dik
başaşak oklady. Şahynyň
üstüne düşýän goçlar
aşyrym atyp, turup-turup
gitdiler. Ýigit muňa haýran
bolup ýalaňaç gaýanyň
üstünde galyberdi...
Bu nä ahwalat boldy?
Ol perwaz urup aýlandy.
Uçaýyn diýse ganaty ýok...
O dag o ýanda, bu dag bu
ýanda. Hiç alajy ýok
munuň.
Şeýdip seniň ýigit başyň
tükenmez gowgaýa
uçrady, mergen. Diri
aýralyk. Zalym aýralyk.
Beýle jebre kim dözer?
Daglar-eý! Daglar-eý!
Hon-ha, dostuň atyňy idip
gelipdir. Aýlanýar,
dönýär...Atyň otagaly
başyny egip dur. Dostuň
solan sünbül ýaly. Nä
ýüzüne oba barar, barsa,
näme jogap berer? “Sen
üstünden galsaň, men
astynda çüýräp galjak
gaýanyň” diýer...
...Seniň wesýetiň daglara-
daşlara, dostuň ýüregine,
aýlara, ýyllara siňip
galypdyr...
...Ýedi goçuň biri gara,
Ýüregime saldy ýara,
Daýym gyzy - bagty gara -
Ýarym gan aglasyn indi.
Ýedi goçuň birin urdum,
Ýanynda saralyp durdum,
Öz ganyma özüm galdym,
Enem gan aglasyn indi.
Haraý, haraý, haraýlandy,
Haraýsyz dost kän
aýlandy,
Geljek ýollarym baglandy,
Naçar gan aglasyn indi.
Atymdyr - atam saklasyn,
Guşumdyr - enem
saklasyn,
Läşimi guşlar kaklasyn,
Atam gan aglasyn indi...
...Şu aýdymy aýdybam
gaýanyň depesinde daşa
öwrülip doňup galypsyň.
- Görensiň-ä, garaşyp
durandyr, neresse...
Begnazar aga çörekçi
goýny çagyrdy-da, oňa bir
döwüm çörek berdi.
Soňam çyzymynyň bir
ujuny garry goýnuň
boýnuna daňdy, beýleki
ujunam goşaryndan
geçirdi-de, goýunlaryň
içinde ýatmaga gitdi. Süri
örse, çörekçi goýun ony
çekeläp turuzar. Begnazar
aga onsuzam sakdyr
welin, köne endigine görä
edýän bolaýmasa...
Allan ýadaw bolansoň,
derrew uklady. Menem
oýluga bürenip, oduň
gapdalynda ýatmakçy
boldum. Ýöne wagty bilen
gözüme uky gelmedi...
Men bilýän, siziň ümürli-
dumanly daglarda, “Gara
gowagyň” agzynda ot
ýakyp oturan çopanlaryň
goşunda bolasyňyz
gelýändir. Meniň welin
içim gysýar. Bu ýerlerden
basymrak gaýdasym
gelýär...
...Garaş, mergen. Daşa
öwrülenem bolsaň, garaş.
Men seniň sözleriňi gözi
ýolda galanlaryň
hemmesine ýetirerin. Olar
seni bagyşlar. Dünýädir,
munda nämeler
bolmaýar?!
-
mirasymyz
12 years ago
- Jebislik, bagyshla welin senin yazyan temalan onem inche chykyady. Gayrat edip ekrany tutup duran etsene. Yogsa okamak kynyrak bolyalay.
-
Jebislik
12 years ago
- Salgysy:tkm.8m.net/a-halmyrat02.htm
-
Jebislik
12 years ago
- Ekranyñ formatyny kiçeldip okasañ-da bolarmyka diýýän. Ol seniñ browseriñe bagly dost!
-
mirasymyz
12 years ago
- Ay yoklay, men iki brauzer dahy ulanyan, ikisem yarty ekran bolup chykyar, kompam sheyle.
-
turkmenntug
12 years ago
- gaty gowy hekaýa eken.sagboluñ!
Öñem bir ýerde okadym ýa e$dipdim öýdýän
Ýa da
..ýedi goçuň biri gara,
ýüregime saldy ýara,
daýym gyzy - bagty gara - ýarym gan aglasyn indi.
ýedi goçuň birin urdum,
ýanynda saralyp durdum,
öz ganyma özüm galdym,
enem gan aglasyn indi.
haraý, haraý, haraýlandy, haraýsyz dost kän
aýlandy,
geljek ýollarym baglandy,
naçar gan aglasyn indi.
atymdyr - atam saklasyn,
guşumdyr - enem saklasyn,
läşimi guşlar kaklasyn,
atam gan aglasyn indi...
$u setirler tany$ geldimi...
Umuman.köp sag bol!
-
Jebislik
12 years ago
- Hany agzalar okañ hany, inçemi ýazgy?
-
turkmenntug
12 years ago
bir wagtlar,radioda diñläpdim.ýadyma dû$di!
(begnazar agañ öwrenäymeli maslahatlary bar).
-
Jebislik
12 years ago
- Mirasymyz, yazgy dogrudanam incherak eken, men shu tkm.8m.net/a-
halmyrat02.htm salgydan copy paste edenligim uchin sheyle bolyan eken. 240X320, 240X400 formatlarda ahli yazgylary standarta salyp gorkezensong inchedir oytmedim.
Jebislik 12 years ago- Ýylan ýyly gurak geldi.
Meýdanda ýalama
samanam ýok. Begnazar
aga dagy eger telpegiňi
togalap goýberseň oňa bir
çöp ilişýän bolsa, şol
meýdanda malyny aman
saklap biljek adam ahyryn.
Şo-da howatyr edip alada
galansoň, biliber. Ýeke-täk
çygalga bar. O-da kyn...
Garaz, serhetçiler bilen
raýispolkom ylalaşyga
geldi, hat-petek
düzetdiler. Onsoň
kolhozyň üç sürüsi ýüzüni
ilerik baka öwürdi. Biz
“Çilkeman” ýaýlasyna
tarap ýola düşdük.
Ondanam ilerik baka
gidibermeli...
Serhede golaýlaşdygyňça
töweregiň keşbi özgerip
barýar. Belentli-pesli
daglara aralaşdyk.
Beýlekiler üçin nähilidigini
bilemok. Men weli hatarly
ýola gadam goýýan ýaly
tolgunýardym. Ozal
görmedik ýerlerim
bolansoň şeýlemikä?
Serhetçi esgerler bizi tä
barmaly ýerimize
golaýlaşýança ugratdylar.
Olar bizden häli-şindi
habar tutup dur. Şolar
görnüp dursa, ýüregiň
suwly. Ýogsam töwerek-
daşyňy syrly ümsümlik
gurşan ýaly bolup dur.
Elbetde, öwrenişýänçäk
şeýle bolmagy mümkin.
Ýene iki-üç günden öz
ýaýlamyz ýaly bolar gider-
le...
Ine, giden otluk jülgeler,
çeşmeli-çaýly dereler. Bu
ýerler arzuw edeniňde-de
ýetip bolmaýan ýerler
ahyryn. Serhet ýakasy
bolansoň, süri mal
gezdirilmändir. Bossanly
bahar saralyp-solup,
ýykylyp galypdyr bu
ýerde. Ot-çöpüň ysyny
diýsene... Goç-teke döwri -
oktýabr aýy dowar üçin
tüýs gerek ýer-dä.
Biz äpet gowagy -
Begnazar aganyň aýdýan
“Gara gowagyny” peýläp
goş ýazdyrdyk. Ol ozal bu
etraplarda mal bakyp kän
gezen eken. Nirde näme
bardygyny bäş barmagy
ýaly bilýär.
Beýleki sürülerem ýanaşyk
ýerde bolansoň, ilki baran
günümiz giçlik çopanlaryň
köpüsi biziň odumyzyň
töweregine jemlenişdi.
Ýarygijä çenli könäni
ýatlap, söhbet gurup
oturdylar. Men-ä bir
praktikant oglan. Onsoň
kömekçi çopan Allan
ikimiz Begnazar aga näme
diýse, şonuň bilen bolmaly
bolýarys. Ol-a itleri
ýallaýar. Goýnuň
töweregine aýlanýar,
menem ýowşan ýygyp,
elime ilen odun-çöpi
topbaklap gowaga
daşamak bilen...
Gije beýleki çopanlar öz
goşlaryna dargaşandan
soň Begnazar aga meni
kömekçi çopanyň ýanyna
ýollady:
- Bar-da aýt, bärligine
sürsün-de gaýdybersin.
Besdir, garyn otuny
alandyr. Hergiz ýadyňda
bolsun: “Oglanyňky eje,
goýunyňky - gije”
diýýändirler. Gijesine ot
saýlamaz - tapan-
tupanyny iýer, ylgaşyp
ýörmez. Gije örä
çykarmasaň, onda ýöne bir
örüzseňem peýdasy
bardyr. Bolmanda aşagyna
ýel çalar, ýatan ýeri
çalygar... Ertirden aňry, ine,
şular ýaly keçe
bölejiginem dyzyňyza
daňyň. Dyzlyk ediniň.
Ýogsam çöp-çalam çyzar
durar, dyzyňyzy persala
edäýer...
Ol erbet üsgürip, iki egni
bilen sojap dem aldy:
- “Gutlaýagam” çagyr,
ýanyň bilen gitsin.
Üsgülewük heläk etjek
bolýa welin, tüňçäme bir
gysym borjak atyp
gaýnatmasam boljak
dälmikä diýýän...
Köpügören adamyň gep-
gürrüňem ap-aýry. Aýdan
zatlaryny bloknotyma
belläsim gelip dur welin,
ýöne göräýse näme diýer?
“Ýeri huşuňa näme
boldy?” diýäýse. Öňem bir
gezek gije oduň başynda
otyrkak “Derrew
galamyňy çommaldaýýaň”
diýip gaharlanypdy
ahyryn...
Ertesi dogrudanam
töwerek-daş bilen gözüm
öwrenişip başlady. Öten
agşam tüm gara gorp ýaly
bolup sussumy basan
“Gara gowak” indi penakär
ýaly gözüme yssy
görünýär. Ol biziň
düşelgämiz, öýümiz
ahyryn. Dagda güýz
gününiň howasy şeýle
tenekar bolýan eken.
Gün öýleden agandan soň
welin, biz garaşylmadyk
ýagdaýa uçradyk
oturyberdik. Kömekçi
çopanyň münüp gaýdan
aty duran ýerinde diriň-
diriň bökdi-de,
arkanlygyna gaýtdy
güpürdäp. Näme bolduka?
Allanam aldygyna
gygyrýar: “Haý,
zowtehnik, ýeteweri.
Muňa bir döw-ä çaldy.
Özüň bir alajyny tapjak
bol. Gaýrat et? Boýnuma
ýazylandyr. Gaýrat et!”
Boýnuma ýazylandyr
welin, men nädip gaýrat
edeýin. “Stolbiýak” ahyryn.
Türkmençesi nämedir-ä?!
At janawer aýaklaryny saň
gaty edip, gaňtarylyp
gidip barýar... Oňa çenli
Begnazar aganyň özi ýetip
geläýdi hernä.
- Baý-bow! Jüre getiren
ýaly-la.. Aňsat açylýany-ha
ýokdur. Gel-aýt “Ýatyp
galandan atyp gal”
diýipdirler. Hany, kellesini
tutuň! Mäkäm basyp
saklaň bakaly...
Ol dyzyna çöküp oturdy-
da, ýalaw ýaly pyçagyny
gynyndan sogrup aldy.
Göz açyp-ýumasy salymyň
içinde atyň diliniň ujuny
şarpa diläýdi.
Eli ýeňil eken. Gan akansoň
gatan damarlary gowşady.
Janawer ýarym sagat
geçip-geçmänkä turaýdy...
Metebäň belent bolsun,
Begnazar aga. Saňa derek
başga biri bolan bolsady,
hondan bärsi bolardy:
“Haý, alym - zootehnik,
sadagaň bolaýyn” diýip,
meni utandyrjak bolup,
müň gepiň başyna ýeterdi.
Sen beýtmediň, gaýtam
öwüt berdiň, pendi-
nesihat etdiň: “Mal yzynda
gezjek bolsaň, bu ugurdan
işlejek bolsaň, onda ýaňky
ýaly zatlaram görüp, bilip
öwrenip goýaýgyn, köşek.
Zyýany degmez, ýadyma
düşüp duran wagty başga
bir zadam aýdyp bereýin:
Atyň bili zor alsa, iýmine
ýumurtga çakybermelidir.
Eger bogazy çişip, demi
gelmän ýatsa harlap,
ketew degse, angina
diýmeýäňizmi näme? Şo
angina bolsa, onda arpany
gaýnadyp-gaýnadyp üç-
dört ýola berseň, açylar... ”
Ynandym, Begnazar aga.
Seň ýaly göwni düzüň sözi
gyşyk bolmaz-a.
Şol gün öýleden soň tä giç
agşama çenli men goýnuň
yzynda boldum. Ýaşuly
çopanyň aýdyşy ýaly
dowarlary ürküzmän,
käýinjiremän,
başardygymdan parahat
gezdirdim. Ekiz guzlajagy
köp bolsun diýseň, onuň
bu aýdanlarynyň gylyny
gyşartmaly däl.
Günbatara tarap ýöräp
täze bir jülgä inen
wagtym, üýtgeşik bir
şekilde nazarym eglendi.
Aňkarylyp galypdyryn...
Bu çeniňden-çakyňdan
beýik, ýylçyr gaýanyň
ýokarybaşynda ak kemeri
bar. Iň ýokarsynda-da... Bu
nä üýtgeşik zat.
Gapdaldaky gara dagyň bir
kerti oňa tarap uzaýar-da,
ýetip bilmän gezelýär
duruberýär. Aý ýaly egri
kertiň aşagy düýpsüz ýaly
uçut.
Täk özi seleňläp duran bu
ýylçyr gaýanyň üstünde
göwnüme bolmasa kimdir
biri bar ýaly boldy. Ýok,
ýok. Ol ýerde adam
nämişlesin?! Arçamyka?
Kerkawmyka?! Ýa
daşmyka? Ol nämekä,
janlarym?
Begnazar aga bilýändir-le.
Heý, bilmezmi?!
Agşam jülgeleri ümür-
duman gaplady. Ýagyş
jybarlap, howa birneme
sowady. Biz eglenmän
goş-kötelimizi “Gara
gowagyň” agzyna
getirdik. Sürimizem
arkaýyn penalap dur...
Biz ot ýakyp, tüňçeleri
oturtdyk. Oduň alawy äpet
gowagyň syrça ýaly daş
diwaryna gyzgylt reňk
çaýýar, onuň çogy bolsa
mähirli saz ýaly endamyňa
ornap, meýmiredip
barýar... Kybla tarapdaky
goňşy çopanyň “Haýt-
how” diýen sesine, hol,
aşak etekde köwejekläp
ýören biziň Gutlaýagymyz
“Lowh-Lowh” edip jogap
gaýtardy...
Ak duman barha goýalýan
ýaly. Şu wagt mermer
sütün ýaly gaýany-da
duman örtendir. Onuň
üstündäki...
- Begnazar aga, şu tarapda
bir üýtgeşik gaýa bar eken
welin, men-ä birhili...
- Hä-ä... “Mergenli gaýany”
gördüm diýsene.
- “Mergenli” diýdiňizmi?
- Gözüni ýola dikip
durandyr üstünde,
neresse...
- Kim?!
Ine, şeýdip seniň gussaly
hekaýatyň üstünden
bardym, mergen gardaş...