Meniň nä işimmiş bu zatlar!” diýýäs. Ol ýalňyşýar. Diýýäs: “Meniň nä işim!” Ol ýaňraýar. Diýýäs: “Meniň nä işim!” Ol aldaýar. Diýýäs: “Meni aldanok, Illeri aldaýar. Meniň nä işim!”
Biziň işimiz
-
1merdan
12 years ago
- hormatly agzalar men bu goşgyny şu ýerde kämilligetarap agzamyz janygyp agzanlygy üçin, ol temany sozyp otyrmazdan açaýdym, goşgydaky diýiljek bolýan zada pikriňizi şu temada beýan etseňiz, türkmentugyň aýdyşy ýaly"matlaba laýyk bolardy"...
.bellik:goşgynyň soňky 1 bendi 1merdanyňyz size ýetirmedi, sizden ötünç soraýaryn we şondan galany hakda pikir alyşaýyň diýip haýyşt etýärin
-
Kamilligetarap
12 years ago
- beh.meng sho temada diyjek bolan zadym sen sho yazmadyk songky bendingde jemlenendidaa
-
sahett
12 years ago
- ine kerim yasulyn bu gosgysy manyly sozum yok ol linkdaky mowzuga acyp bilmedim
-
turkmenntug
12 years ago
- sag bol merdan aga!
-
turkmenntug
12 years ago
- linkda näsazlyk bar öýdýän
-
1merdan
12 years ago
linkda näsazlyk bar öýdýän
turkmenntug | 2012-04-02 12:21:13
howwa bagyşlaň şeýleräk bolypdyr öýtýän
-
1merdan
12 years ago
-
1merdan
12 years ago
- ýok bulam ol däl bagyşlaň umuman, praktika geçirdimleý
-
sahett
12 years ago
- ay borla esasy gosgy ahli mowzukda ulansan boljak eken ))))
-
turkmenntug
12 years ago
- $uny aýdýañmy,Merdan aga?
1merdan 12 years ago
Görünmeli ýerde görünmese-de,
Görünmesiz ýere irinmese-de,
Goýalmaly ýaşda goýalmasa-da,
Uýalmaly ýaşda uýalmasa-da,
Ýenediýýäs: “Goýalman geçsin,
Goý, uýalman geçsin.Meniň nä işim!”
...Ol bolsa:
“Hemme zat meniň öz işim,
Nädemde illeriň nä işi?” diýip,
Maýkasyny çermäp göbegne çenli,
Dyzyndan geçmeýän jalbaryn geýip,
Edil dik gaşyňda kofehanada,
Çigit çakyp otyr hüžžerdip döşün.
Sen bolsa diýýärsiň: “Goý, daş gemirsin,
Meniň nä işim!”
... Ol ogurlyk edýär, “Meniň nä işim,
Diýýärsiň-wagt geler, jezasyn çeker”
Ol myjabat atýar. “Meniň nä işim,-
Diýýärsiň-Hakykat lowurdap çykar”.
Emma jezasynyň gelýänçä wagty,
Lowurdap çykýança hakykatymyz-
Juda çökder düşýär paryhlylygymyz.
Juda gymmat düşýär kanagatymyz.
...Ol Adamyň eden etmişi uly.
Ol-a ilden bezgek, il ondan bezgek.
Ýygnakda şol hakda sowal goýulýar.
Ýetýär geplemäge saňa-da gezek.
Sen onyň kimdigine bolsaň-da belet,
Ýa çekinip, ýa-da hormatlap ýaşyn,
Geplemek deregne aşak seretýäň:
“Goý, iller geplesin,
Meniň nä işim!”
Soň bir gün düşülýär seniň üstüňden,
Ýaňky gezek alyp hemmeden ozal,
Kiçijik günäli göreçleriňe
Eýmenç ýigrenç bilen aýlaýar nazar.
Hem diýýär: “Günäsi juda ullakan.
Jenaýatkär. Suda bermeli işin!”
Sen bolsa şondan soň bilip galýarsyň.
Niçiksi zat eken-
“Meniň nä işim!”
...Sen uly aýlykly ullakan işçi,
Emma pul diýleniň üýşip ýatanyn
Göreňok sen. Nika ýüzükden başga
Ne-hä kümüşiň bar, ne-de altynyň.
Başga biri bolsa haram bagtynyň
Ugrunda hallanlap, otuzki dişin
Ýonduryp, gyzyldan gapladyp otyr,
Sen ýene-de diýýäň: “Meni nä işim!”
Altyn dişli kişi gün-günden azýar,
Ili hem azdyrýar. Güjeňläp dişin,
Bir ajap maşgalaň başyn aýlaýar,
Sen ýene diýýärsiň: “Meniň nä işim”
Aýlasa aýlasyn.Maňa degenok...”
Ol bolsa kem-kemden gaýşardyp döşün.
Seniň dulyňa-da ätläp başlaýar.
Soň weli diýeňok:
“Meniň nä işim!”
kerim. gurbannepesow