Öýjükli telefonlaryň howpsuzlygy wagtal- wagtal jedelleriň temasyna öwrülýär. Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, öýjükli telefonlaryň we rak keseliniň döremeginiň töwekgeliginiň arasynda gönüden-göni baglanyşyk ýokdur. Öýjükli telefonlardan peýdalanýanlaryň sanynyňartmagyna baglylykda, bu mesele soňky 20 ýylyň içinde wagtal-wagtal gozgalýardy. Bu meselä degişli soňky barlaglar Daniýanyň rak epidemiologiýasy Institutyndageçirildi. Institutyň işgärleri 18 ýylyň dowamynda hemişe öýjükli telefon ulanan 350 000 adamyň keseliniň taryhyny öwrendiler. Barlag geçirijileriň ählisi bir netijä geldiler: telefon ulanýan adamlaryň beýniside rak keseliniň döremek howpy beýleki adamlaryňkydan ýokary däldir. Muňa garamazdan, Britaniýanyň Saglygy goraýyş ministrligi 16 ýaşa ýetmediklere öýjükli aragatnaşykdan köp peýdalanmazlygy we telefon gürrüňleri mümkin boldugyçaazaltmagy maslahat berýär. Ruhlandyryjy netijeler Daniýaly alymlar öňki barlaglarynyň netijelerine esaslanyp, öýjükli telefonlaryndan uzak wagtyň dowamynda peýdalanylanylan ýagdaýlarynybarladylar. Netije üýtgemändi: beýnide howply çişleriň döremegi bilen öýjükli aragatnaşykdan peýdalanmagyň arasynda hiç hili baglanyşyk bellenilmedi. Öýjükli telefondan peýdalanýan 358403 adamdan 356-synda beýniniň rak keseli, 846- synda bolsa merkezi nerw ulgamynyň rak keseliniň beýleki görnüşleri döredi. Bu bolsa ortaça hasabatyň görkezijilerine deňdir. Şeýle hem telefondan 13 ýyldan hem gowrak wagt peýdalanan adamlarda kesellemek howpy artmaýardy. Alymlar telefonyň has uzak wagt ulanylanda hem rak keseliniň döremeýändigini anyklamak, şeýle-de öýjükli telefonlaryň çagalaryň saglygyna täsir edişine has köp üns bermek isleýändiklerini aýdýarlar. Şwesiýanyň Karolina institutynyň professory Anders Albom barlag usulyna ýokary baha berip, onuň netijesiniň ruhlandyrýandygyny belledi. Kembrij uniwersitetiniň töwekgelliklere baha bermek boýunça maslahatçy, professor Dawid Şpigelhalter öz gezeginde öýjükli telefonlaryň ulanylmagy baradaky maglumatlaryň baryp 1995-nji ýyla degişlidigini we diňe irki we giçki ulanyjylary deňeşdirmäge mümkinçilikberýändigini, ýöne şeýle bolsa-da, telefonlaryň çişleriň döremegine täsir etmeýändigi baradaky açyşyň örän wajypdygyny belleýär. Alymlaryň arasynda şonda-da öýjükli telefonyň saglyga belli derejede howpludygy baradaky käbir barlaglara esaslanýan pikir bardyr. Şol sebäpli Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy öýjükli telefon bilen bagly meseläni kofe meselesi ýaly meseleler bilen bir hatarda goýýar: "Howp gönüden-göni subut edilmedik, ýöne ony dolyaradan aýyryp hem bolmaýar". Çeshme:saglyk.info
Öyjukli (el) telefonlary rak keseliniñ doremeginin towekgelligini artdyrmayar
-
student3
12 years ago
- hmm eger kesel döredyan bolsa ilki bn kesellemelem men hudaya $ükür saglygym uytganok $oñ ucinä
-
Yegenjan
12 years ago
- Maglumatyña sag bol Karat! Dogrudanam shu gürrüñler bashda telefon çykan wagtlary kändi. "Tolkun adamda rak döredýämish" diýen gürrüñler kän eshdilerdi. Dogrusy menem ynanmazdym kän oña. Umuman "tolkun mydama howa ýaly gezip ýören zatmyka" diýip pikir edýän mena. Bir ýerde okapdym: "tolkun 1 sekuntda 300 müñ gezek ýer sharyñ dashyndan aýlanyp bilýär" diýip. Ýalñyshýan bolmagymam mümkin, ýöne tolkunyñ howa ýaly hemme ýerde bardygyna welin akylym çatýar.
1merdan 12 years ago
dogryyy, sag bol karat aga