Soňky ýyllarda iki dürli energiýa serişdesinden peýdalanýan iki sa­ ny hereketlendirijisi bolan awtou­ laglar satuwa çykarylyp başlandy. Mundan başga-da elektroulaglar hem uly şäherleriň birnäçesinde peýda boldy. “Pininfarina” şereketi hem alter­ natiw energiýa bilen hereket ed­ ýän gibrid ulagyny işläp düzdi. Öý şertlerinde zarýad berilýän hem- de dizel hereketlendirijisi bolan ulag daşky gurşawa has az zyýan ýetirýär. Dört orunlyk kupe awtou­ lag bolan “Cambiano” Ženewada geçiriljek awtoulag sergisinde awtoulag muşdaklaryna görkezi­ ler. Bu ulagyň her tigiri üçin aýra­ tyn elektrik energiýasynda işleýän hereketlendirjisi bar. Bu hereket­ lendirijileriň hersiniň kuwwaty 60 kilowat/sagada ýetýär. Bu he­ reketlendirijileriň kuwwaty gysga wagtlygyna 150 kilowat/sagada hem çykyp bilýär. Hereketlendiriji­ leriň jeminiň kuwwaty 816 at güýjüne gabat gelýär. Dizel ýan­ gyçdan peýdalanýan kiçijik turbi­ na batareýalara zarýad berýär. Bu ulag bir kilometr ýol geçeninde bary-ýogy 45 gram kömürturşy gazyny bölüp çykarýar. Bu ulagyň batareýalary 200 kilo­ metre çenli ýetýär. Soňra bolsa ba­ tareýalar dizel hereketlendirijiler tarapyndan zarýad berlip, 800 ki­ lometre çenli hereket edip bilýär. Ulagyň iň ýokary tizligi sagatda 250 kilometre ýetýär. Onuň sagat­ da 100 kilometr tizlige ýetmegi üçin 4,2 sekunt ýeterlik bolýar. Ulagyň sürüji tarapynda bir, beýle­ ki tarapynda iki gapysy bar. Zaman gazeti

Köneler, Yegen tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir