Açyldy ýene-de güller açyldy Çar tarapa gülüñ ysy saçyldy Dolanyp ýene-de gelen bu bahar Tebigata täze janlar eçildi | Gy$yñ añzagyna çydaman, ilin Terk eden gu$laram geldiler uçup Özün gy$dan bukup epilen bilin Yazdy üzümler hem telärin guçup | Erikleñ üstüne ýyldyz ýagan deý Seretseñ gözüñi gama$dyrýarlar Nirä seretseñem ajaýyp görnü$ Gözellikler kalby baýla$dyrýarlar | Yeriñ gözelligni artdyrjak bolup Asman hem ýokardan ýagy$yn guýdy Ýer hem ho$al bolup gözelle$di has Ol asman ýarynyñ söýgüsin duýdy | Soñra Älemgo$ar çykyp asmanda Reñkler gökde jaýla$dylar ajaýyp Gülüp oýnap ýören gül çagalarmyz Ol reñkleri paýla$dylar ajaýyp | Bahar özi bilen $atlyk getirdi Bahar ýany bilen päklik getirdi Bahar begendirip gelen yerini Ähli ynsanlaryñ ruhun göterdi | Kalpda orun goýmañ kinä, gahara Erbet niýetlerñiz dep bolsun, gaçsyn Siziñem gylygñyz meñzäp bahara Baran ýerñiz ajapla$syn, gül açsyn (Brave H.)
Bahar
-
Kamilligetarap
12 years ago
- tuweleme,bahar gozelligini ussatlyk bn suratlandyrmak bn kalbyng arassa bolmagyny tasirli undelyar.tuweleme.gaty ongat goshgy.(siz nace yashyngyzda we oglan my ya gyz).
-
Brawe
12 years ago
- 21 ýa$ymda. Oglan
-
Blackangel
12 years ago
- sizin gosgularnyz gazet zurnallara cykyamy
-
Brawe
12 years ago
- Yok entega cykanok. Dogrymy aytsam gazet £urnala hödürläbem görmedim entek. Go$gy ýazmaga ýakynrakda ba$ladym
-
makgush
12 years ago
missmaysa 12 years ago- sag bol brawe,dogrydanam bahar paslynda tebigat janlanyp,gorke gelya