Özüme gelen wagtym depäm agyrydan ýaňa lorsuldap durdy. Endam-janym meniňki däl ýalydy. Darajyk bir ýerde süýnüp ýatyrdym. Ýerimden turmaga synanyşamda, kelläm şarpa bir tagta bölegine degdi. Alaçsyz, ýene-de süýnüp ýatmaly boldum. Gözlerim açyk bolsa-da, ähli ýer tüm garaňkylyk, hiç zady görüp bilemokdym. Birden ýüregime gorky aralaşyp ugrady. Gorkym gitdigiçe has güýjeýärdi. Göýä ak matanyň ýüzüne düzülen merjen däneleri ýaly ýaldyraýan ýüzümdäki der damjalary, çekgämde ot tutaşdyryp, aşaklygyna damjalaýardy. Näme üçin bular ýaly ýerde ýatanymy aňşyrjak bolup, özümiň suw deýin akyp giden durmuşyma göz aýladym. Birdenkä ölüm ýadyma düşdi. Bu aýylganç pikir inimi tikenekletdi. Pikirlerim bilen syrly älemleriň derýasynda gulaçlap ýüzüp, kanary tapyp bilmän urunýardym. Göwnüme bolmasa, kellämde müňlerçe garynja gezmeläp ýören ýalydy. Görsene muny, men tabytda ýatan bolsam nätjek. Ýaňy turjak bolanymda-da kelläm tabydyň tagtasyna degen ekeni. Hawa, dünýädäki hossarlarym meniň mazarymyň içine kerpiç hem ördüripdirler. İndi, şular ýaly darajyk otagy içýandyr ýylanlar bilen paýlaşmaly bolupdyryn. Bu ahwalatlar çyn bolsa, men topragyň astynda pikir edip bilýärdim. Topragyň astynda dem alyp bilyän bolsam, pany jahanda wagtym ol dünýäniň barlygy barada eşiden gürrüňlerim dogry bolmaly-da. Bir salymdan, belki, töweregimde sorag perişdeleri hem köw urup başlar. Öz ugruna akan, günälerden doly durmuşymy soraga çekerler. Hawa, hiç bir janly-jemendä peýdasy bolmadyk durmuşymdan... Gorkudan ýaňa bedenim sandyrap durdy. Maňa garaşýan jebir-jepalaryň aýylgançdygyny duýýardym. Dowzahyň howruny endam-janymda syzýan ýalydym. Bedenimiň ähli öýjüklerinde tutaşan ökünç yzasy çekip-çydar ýaly däldi. Hawa, edil şu wagt topragyň goýnunda ýatan hem bolsam, salgym bolup görünýän meniň şol günälerden doly dünýäme tarap — jähennemiň ýandyryjy alawyna bakan ýol alýardym. Ýatan ýerimden, geçmişime ser salmaga durdym. Ýaňy on iki ýaşyny dolduran oglanjykdym. Kakam öz dost-ýarlary bilen üýşüp, şerap süzüp, keýpi-sapa sürerdi. Gapyny ýuwaşja açyp, olara syn edýärdim. Olaryň keýpi-sapalarynyň çeşmesi, içýän alkogolly içgileridir öýdýärdim. Telewizorda daşary ýurt kanallaryndan görýän kinolarymdaky sahnalar meniň bu pikirimi ençeme gezekler tassyklap, goldaýardy. Şondan soň, men hem kakamyň şol çüýşesine şäriklik etmäge başladym. Kakam muny göreninde, maňa gaharlanmady. Meni gujagynda oturdyp “Erkek adam içmeli” diýip, pyýalany şol zährimardan öz eli bilen dolduryp berdi. Ine şol pursatdan soň, çüýşeleri hemra edinip, erkimi damarlarymdaky gana aralaşan şeýtanyň eline berip, pis pygallaryma gulluk etmäge başladym. Zyýanym ilki bilen öz garyndaşlaryma we goňşularyma ýetdi. Soňra bolsa, hemmelere erbetlik etmek bilen boldum. Nebsewürligim, açgözlügim hemişe özümden öňdedi. Gözümde ynsanlaryň hiçisiniň gadyr-gymmaty ýokdy. Kakam, ejem, garyndaşlarym we hatda ülpetlerim hem meniň üçin hiç zatdy... Ynsanlara asla hormatym ýokdy. Meniň keýpi-sapama garşy bolanlary dynnym ýalyjak hem gynanman öldürip bilerdim. Çünki men indi pyýalalar tarapyndan dolandyrylýan duýgusyz ýönekeý bir robot enjamydym. Garryja ejemi we kakamy maňa arak puluny berenok diýip, näçe gezekler urdum. Olaryň it görse gözi agarjak bir durmuşda ýaşap, soňra-da atsyz-sorsuz ölüp gitmeklerine-de men sebäp boldum. Kakam meniň elime gyrpyldap duran bulgury bermek bilen, öz azap guýusyny özi gazdy. Ejem bolsa meniň üçin durmuşymda hiç bir orny ýok, gündelik hojalyk işlerini ýerine ýetirýän abzaldan ybaratdy. Olary ezizläp, hormat goýmalydygyma şu wagt düşünýän. Käşgä yzyma dolanyp bilýän bolsadym, mazarlarynyň başynda hem bolsa meni bagyşlamaklary üçin olara ýalbarardym. Öýlenen günlerim, aýalym ýadyma düşdi. Bir gün, hat-da ýekeje pursatlyk hem onuň ýüzüni güldürmändim. Ol mundan soňra, meniň bilen bir ykbaly paýlaşan döwründe yatdan çykaran şatlygyny täzeden görer diýip, umyt edýärin. Yzymda galan gol doly çagalarym göz öňüme geldi. Boyunlary buruk, ýüzleri salyk, solan güller deýin, söýgüden, mähirden, kaka gujagyndan mahrum çagalarym. Ykbal kim bilýär nähili muşakgatlar, taýýarlaýar olara. Eger mümkin bolsady, çagalarymdan hem-de aýalymdan ötünç sorardym. Olaryň gulagyna, geljekde ýollaryny ýagtyltjak hakykatlar barada bir zatlar pyşyrdamaga, meniň sepil durmuşymdan sapaklar hödür etmäge synanyşardym. Bedenimiň sandyramasy dynan hem bolsa, ýüregimiň kadasyz uruşy dowam edýärdi. Ölügsi sessizlikde, ýüregimiň gürsüldisi ýaňlanyp durdy. Görünmeýan bir el, endam-janymy ýiti päki bilen dilim-dilim dograýan ýalydy. İç organlarymdan daşa, daşky organlarymdan içe bakan aýylganç bir sanjy ýaýraýardy... Maňa maslahat bermäge, töwella etmäge gelenler, ýanyma gelenlerine puşman bolýardylar. Gije diýmän, gündiz diýmän bütin günümi dawa-jenjel bilen geçirerdim. Biçäre çagalarymyň ellerindäki puljagazlary zor bilen alardym. Ýanyma pul diýip gelseler, olary suwasalma ýenjerdim... Hiç bolmanda wagtlaýynça şu toprak üstümden aýrylsady, gapy-gapy aýlanyp, başymy basgançaklara diräp, ähli edenlerim üçin ötünç sorap bilsedim. Indi barybir giç... Birsalymdan perişdeler gelip, günälerden doly durmuşymy soraga çekerler. Wagt geçdigiçe, maňa berilýän gabyr ezýetleriniň görnüşi-de üýtgeýärdi. Bedenime gyzgyn demirler bilen tagma urulýan ýalydy. Indi halys derlemäge derim galmady, bogazym gurap, dodaklarym bir-birine ýapyşyp durdy. Iň erbet tarapy hem, bir gezejik hem bolsa Ýaradanyň huzurynda dyz epmändim. Aýdylanlary howaýy gep bildim. Emma häzir, Ýaradandan hem-de onuň ilçisinden soraga çekerler meni. Men bolsa bütin ömrümiň dowamynda çüşelere “çokunup” gezdim. Şolar bilen umytlarymy besledim. Günlerim hemişe aýşy-eşretde geçsedi, naharlarym içgi bilen taýýarlansady, eşiklerim içgi bilen ýuwulsady diýip arzuw edip ýaşadym. Häzir hem “Seni ýaradan kim?” diýip sorasalar, dilim barmaz “Allah” diýmäge. Çünki men tutuş ömrümde çüýşelere “çokunypdym”. Haçan-da bolsa bir gün, ölümiň geljegini pikir etmändim. Wah, iň bolmanda, ynsanlara ýekeje ýagşylyk etmäge rugsat berilsedi... Onda bir çetde oturyp, men ýalylara — durmuş serhoşlaryna, maddy zatlara togap edýänlere ölümiň hem-de hasap gününiň hakykatdygyny düşündirmäge çalşardym. Suw seňrikden agansoň, toba gapysy ýapylyp, ynsan gabra girensoň ökünjiň peýdasy ýok. Şu pikir-hyýallar bilen gümra bolup, näçe wagt uklanymy bilemok. Dikuzyn ýatan ýerimde gözümi açanymda, göreçlerim Günüň ýiti şöhlesi bilen çaknyşdy. Üns bilen syn edenimde, bu ýeriň seýilgähdigine göz ýetirdim. Nepesim birneme durlanaýdy. Meger hem men düýn agşam serhoş halda bu seýilgähiň oturgyçlarynyň birinde ýatyp galypdyryn. Gije ýere ýykylyp, uzyn oturgyjyň aşagyna düşüpdirin. Hol beýlämde duran ýarysy içilen arak çüýşesini görenimde, içýan gören ýaly inim tikenekläp gitdi. Şol bada ony alyp, gapdal ýanymda duran zibil sebedine oklap goýberdim. Şol günden soň, maksatly ýaşamaga başladym. Allahyň öňünde bir gün hasap bermek gorkusy meni erbet işlerden daş tutdy. Içimde, nebsime haý diýip biljek bir güýç peýda boldy.
Tazece durmush
-
Abadan
12 years ago
- Oнем oкапдым,шoнун ялы небсине хаи дийжек улы гуйч хеp кимин ичинде пейда бoлсады...
-
maloyjan
12 years ago
oнем oкапдым,шoнун ялы небсине хаи дийжек улы гуйч хеp кимин ичинде пейда бoлсады...
bah harplan uytgapdirle ayal dogan
abadan | 2012-03-13 12:09:19
-
Abadan
12 years ago
- Maloýjan esen-tany$maý biz? Úýtgeýän zat köpdùr dogan.
-
maloyjan
12 years ago
- tanysh tanysh
-
Abadan
12 years ago
- Hä tany$ bolsak bolýala.
Tany$lam nigi ùýtgeýär,menem хаpп язышымы уйтгедайин дийдимда :-))
-
maloyjan
12 years ago
- yarym orus yarym Turkmen harpda yazan bolyanmy :)
-
Ayatm
12 years ago
- Dogry aydyan abadan
nlo 12 years ago- ay berekella