Biz gadymky- $ol gaýratly oguzlar Zat gelenok ýatanlaryñ elinden. Gabrymyzy ýaryp ýaban doñuzlar Pena ýer edinýär gy$yñ ýelinden. Bizem janly adamlardyk bir çaklar, Soñsuz uru$larda gaçdy eñkimiz. Derimizh iýip gitdi gurçuklar, Saklanypdyr da$dan gaty süñkümiz. Ýeñdik göre$lerde dyz ýere degmän, Ýelmaýanyñ owuz süýdün sagdyk biz. Hakyñ dergähinde mert ba$y egmän, diñe ata mazarynda egdik biz. Gudrat saýyp $alar döndi kenize, namys baýdak boldy, gylyjymyz-ar! Ar-namysyñ bar ýerinde henizem biziñ belent mertebämiz goralýar. Ýok munda ýatmakdan ba$ga çärämiz, Berbatdyr, ýalançyñ gurlan dükany. Birçak bo$ap galan kelleçanagmyz, indi içýan-möýüñ mesgen-mekany. Diýmäñ: "bizem bakylyga gidýäris", bolmaz ýaly biparhlygyñ oýnagy. $u gün dirilerden talap edýäris, merhum bolanlary rahat goýmagy. Biz gadymky-$ol gaýratly oguzlar, basgylap bilmezler ýatsak-da bizi. Gorañ! Galan bolsa namys bilen Ar, turkmen ruhy bilen mertebäñizi.
Ölüleriñ gimni
-
AHAL
12 years ago
- blaaaaa kimin goshgusay bu???
gaty guyçhli goshgy. many mazmun çhykarybermeli umman.
-
Abadan
12 years ago
- Sözùm ýok aýtmana...
-
magnit
12 years ago
- baybaa.... cozupdiray kim duzen bolsada
Oguzogly 12 years ago- Salam tourist hak aydylan goshky
yetirenine minnetdar.