Halkymyz dünyä edebiyatyna uly goşantlar goşupdyrlar. Şolaryň biri dünyäde deňi-taýy az bolan ‘’Görogly’’ şadessanydyr. Bu epos türkmeniň buysanjydyr. Eger dunyäden turkmen milleti yitip gidäyende-de(bu bolsa mumkin däl) diňe şu epos turkmen halkynyň adyny, beyikligini, şöhradyny kyýamata çenli saklap biler. Türkmen halkynyň arasynda örän giň yayran uly göwrümli eserleriň biri GÖROGLY eposy hakda hiç kim belli karara gelip bilenok. Köp adamlar Görogly diylen adam bolmandyr ol halkyň islegi bilen döredilen fantastiki gahryman diyyär. Yene birnäçeler bolsa ol taryhy şahs diyip ynanyarlar we birnäçe deliller hem getiryärler. Görogly hakda şeyle soraglar yüze çykyar 1.Görogly taryhy şahsmy ya hyýaly gahrymanmy? 2.Görogly türkmenmi? 3.Görogly haýsy döwurde yaşap geçipdir? 4.Görogly eposy hakykata yakynmy ony taryh bilen baglanyşdyryp bolarmy? Şu soraglara jogap ýazyp her kim Görogly beg hakda öz pikirlerini aytsalar hoşal bolardym

Köneler, URGENCLI tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir