Häzirki zamanda kompýuter durmuşymyza barha ornaşyp barýar. Senagat, ykdysadyýet, bilim we beýleki pudaklary şu günlerde kompýuter tehnologiýasyz göz öňüne getirmek gyn. Köpümiziň öýümizde de kompýuter bardyr. Elbetde onuň döredýän ýeňillikler kän: isleseňiz maşgalaňyzyň suratlaryny montaž edip, toý-dabaralaryň wideolaryny disklara ýazdyryp bilersiňiz, gerekli dokumentleri çap etmekde kompýuter size uly kömek edip biler, kompýuteri edil studiýa öwürip bolar, islän saz guraly çalyp, aýdym- sazlary diňläp, filmleri görüp bolar… Emma kompýuteriň oňat taraplary boluşy ýaly, ýalňyş peýdalanan wagty erbet netijeler hem çykarylyp biliner. Esasan hem kompýuter çagalara örän täsirlidir, çaganyň ünsüni çekýändigi üçin çagalar oňa has köp gyzyklanýarlar. Kompýuteri köp ulanýan çagalarda has köp wizual ukyby kämilleşýär, kompýuter oýunlary oýnaýanlarda reaksiýa we giňişlik pikir etme endikleri kämilleşýär, ýöne şol bir wagtyň özünde pikirlerini sözleriň üsti bilen aýan etme ukyby gowşaýär. Kompýuteriň başynda köp wagt geçirmek çagalarda göz saglygynyň gowşamagyna, fiziki, sosial we emosional taýdan yzda galmagyna, hereketini çäklendirip açyk howada oýnamaga, myşsalaryň saglykly ýagdaýda ösmegine päsgel berýär. Ondan başga-da soňky döwürde düzüminde zalymlyk, agressiwlik, ganly wakalar bolan kompýuter oýunlar ýaýrapdyr. Bu oýunlar aýratyn hem çagalara psihilogiki taýdan täsir edýär, gödek güýç ulanmagy we ”garşydakyny ýok etmäge” çagyrýan düşünjelere daýanýar. Ýaş nesle zehini ösdürýän oýunlaryň ýerine, iki kişiniň bir-birini ýok etme we ýaşamagy üçin garşydakyny öldürme ýaly düşünjeleriň üstünde esaslanan oýunlary gowşurmak, erbet niýetiň netijesi bolmasa-da, ýalňyş bir terbiýe usulynyň netijesidir. Internetde de türkmeniň milli edebine deň gelmeýän, däp-dessurlaryna laýyk bolmaýan zatlaryň ýaýramagy aýratyn hem çagalaryň we ýetginjekleriň aňlaryna täsir edýär. Çägaňyzy interneti ulanyp ýörkä şolar ýaly bitertip zatlara deň gelmez ýaly ýörite programmalary ulanmagyňyzda peýda bar. Şol programmalar hem çagaňyzy ruhy taýdan kirlenmegine ýol bermez, hem-de kompýuteriňizi wiruslardan, hakerlardan gorar, internet dünýä ýüzüne ýaýran sistema bolan soň onuň içinde her hili zada gabat gelmegiňiz mümkin. Şeýle köp maglumatlaryň arasynda gözleg geçirip, gerekli maglumatlary tapyp, sapaklardan berilen öý işleriniň, dokladlaryň ýazylmagynda ulanmak çagada derňew ruhuny kämilleşdirer. Umuman aýdylanda çagaňyzyň kompýuter we internetiň başynda geçirýän wagtyny nädip ulanýandygyny kontrol ediň. Wagtyny oýunlaryň ýa-da internetde söhbetdeşlik otaglarda zaýalaman, şol wagty has gerekli işlere sarp etsin (wagtyny maşgala bilen köpräk geçirsin, öý işlerini etsin…). Çagalar gadagan zatlary bilmäge höwesjeň bolýarlar, şonuň üçin hem olara internet we kompýuteriň başynda köp oturmagyň zyýanlaryny oňat düşündiriň. Kompýuter we internetiň başynda çagaňyzysarp eetjek wagtyny belirläň we bu wagtyny geçmäge rugsat bermäň. Düzgünleriňiz belli bolsa we çagaňyzy bulara öwrenişse kynçylyk ýaşamarsyňyz. Onadan başga-da çagalar üçin ýörite surat çekme programmalar, aňyny kämilleşdirýän oýunlar bar.Mekdep okuwçylar üçin bolsa elektronik görnüşinde kitaplar, ensiklopediýalar, sözlükler bar. Çagaňyzyň kompýuteriň şu nygmatlaryndan peýdalanyp bilmesi üçin iň güýçli kompýuteri satyn almaňyz şert däl,okuwçylardyr, çagalr üçin bar bolan programmalary, interneti ulanyp bilmek üçin gymmat bolmadyk kompýuterler hem ýetik. Daşary ýurtlarda da bu mowzukda birnäçe çäreler alynyp barylýar. Mysal üçin ABŞ- de kompýuter baglylygy diýilen ruhy kesele garşy “Meniň kompýuterim ýok, ýöne köp dostum bar” diýen hereket düzüldi. Dürli ýurtlarda belli kompýuter oýunlary oýnamaga gadagan edildi: Singapurda “Mortal Kombat”, Günorta Koreýada “Ghost Recon 2”, Ýaponiýada “Grand Theft Auto” Germaniýada “Farcy”, Täze Zelandiýada “Postal 2”… Onsoň täze nesil biziň geljegimizdir. Geljegiň ajap bolmagy ýaş nesliň ruhy taýdan sagdyn ýetişmegine de baglydyr. Geliň hemmämiz muňa üns bereliň.

Köneler, nightwolf tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir