Türkmen dilinde kitap okaýan bu günler. Arasynda duş gelýär käbir üýtgeşik sözler. Telefonyma ýazyp goýýan. Düşünmeýänlerim bar arasynda, düşünýänlerimem bar arasynda. Ýönem düşünsemem aklymda passiwleşip galan sözler. Bilýäňizmi şulary: 1. bälçiremek 2. lapymyzy keç etdi 3. müýnliräk seslendi 4. raýy gaýtmaýan yhlas 5. mümkingadar 6. iňkise goýmak 7. bu sowal mortaragam bolsa 8. gömümellik, deklaratiwlik 9. syrygmak 10. polady ýumşak 11. kil munda 12. sarnama 13. suňşurulyp 14. ol meni telbelige ýetirip barýar 15. küýi köçesi 16. ýüzi kokuşyp duran 17. ayagy göwşüllän setin jalbarly 18. endigan 19. sahypjemal 20. miwesiz agaja daş atmazlar uslyp bilmek Araňyzda wagty köpräk bolanlar, ýaltanman enedilim.com-dan (bar bolsa) ýa-da aklyňyzdan sözlük manysy ýazsaňyz, mysal sözlem düzüp ýazsaňyz hyzmat etdigiňiz bolar. Şu sözleri kim her günki durmuşunda ulanýar?
Bilinmeli türkmençe sözler - 1
-
ahmetjan18
12 years ago
- Admin aga salam
-
sukomoto
12 years ago
- seňki nämaý ayagyň göwşüllän setin jalbarly sarnap otyrsyň. müýnliräk seslenip meni iňkise goýsaň, mümkingadar poladyň ýumşagam bolsa endigan goýbärin.
-
ahmetjan18
12 years ago
- "Señem küýüñ-köcäñ ba$ga ýerde"
"gaty bälcik oglan ekeni"
"gürüñi ba$ga birýana syrygdyrmalyñ"
Biz tarapda köp ullanylýan söz
-
magnit
12 years ago
- dogrymy aytsam bu sözleri ulanammok, yone obadakam kop eshityan, manysyna dushunyan
-
vipboy
12 years ago
- shahyr aga ozunize soraglara godek jogap beryaniz.......
A siz biz-den birzat soranda mylahatly gurleshyaniz....
Beytmande agam. Iki yuzli bolmanda
-
shahyr
12 years ago
shahyr aga ozunize soraglara godek jogap beryaniz.......
Bu temany üýtgetmejek bol, gaýrat et.
a siz biz-den birzat soranda mylahatly gurleshyaniz....
beytmande agam. iki yuzli bolmanda
Internetde ýazyşylanda duýgy goşup bolmaýa, sebäbi tekstden ybarat diňe. Sen meniň ýazanlarymy öz keýpiňe görä okansyň. Belki şondandyr.
-
Yegen
12 years ago
- käşgä diýen sözem bar emma dil ulanyşygynda ýok, edebi janrlarda welin köp gabat gaelýär. käşgä diýmek bolsa, bolaýsa, egerde diýen sözlere manydaşrak öýdýän...
-
shahyr
12 years ago
- käşgä sözüni kiçi wagtym köp ulanýardyk. Soň meniň bilýän käşgäm türkleriň käşgäsi (keşke) bilen bir meňzeş manyly ýaly görnüp ýöne başgarak bolansoňmy nämemi passiw görnüşe geçdi beýnimde.
Biz şeýle ulanardyk:
- Aldaýar pulym bar diýip, käşgä kakasy oňa pul beren bolsa.
Bu ýerde türk dilindäki bolmadyk bir zadyň bolmagyny dilemek, arzuwlamak manysynda däl-de, bolmadyk zady bolan ýaly edip görkezilmeginiň dogry däldigi nygtamak üçin ulanylýar.
-
shahyr
12 years ago
- Meselem:
- Mugallym, ol maňa osurdyň diýip töhmet atýar. Käşge men osuran bolsam (aglamak smaýligi)
-
mirasymyz
12 years ago
- 1. bälçiremek - suwjarmak, aynamak yaly manysy bar bolaymasa.
2. lapymyzy keç etdi - garasyan netijamiz bolmady, keypimiz gachdy. Mysal uchin: shahyryn sayt hakda aydanlary agzalaryn lapyny kech etdi.
3. müýnliräk seslendi - oz gunasini bilip gurlemegi. Mysal uchin: shahyr beren sozuni wagtynyn chakli bolany uchin yerine yetirip bilmanson, agzalara muynlirak seslendi.
4. raýy gaýtmaýan yhlas - rayyn yol manysam bar. Rayyndan gaytdy diymek, niyetinden dondi. Rayyny ykmazlyk - gownune degmezlik.
5. mümkingadar - mumkin boldugycha.
6. iňkise goýmak - inkise gitmek, pikire chummek.
7. bu sowal mortaragam bolsa - godegragem diyen yaly.
8. gömümellik, deklaratiwlik - gonumel adam, diyjegini yuzune diyyan.
9. syrygmak - gozunden yashyn syrygmagy.
10. polady ýumşak - yumshak adam, chala zada gahary gelip duran dal.
11. kil munda - bilemok, sozlemin ichinde getiraymeli ekeniniz.
12. sarnama - munam bilemok, sozlemin ichinde bolsa gowy bolardy.
13. suňşurulyp - agzyna gelenini diymek. Mysal uchin: shahyr gaharyna agzalara agzyndan gelenini sunshurdy.
14. ol meni telbelige ýetirip barýar - telbe-dali diwana diymek.
15. küýi köçesi - oy-pikiri. Agzalan kuyi kochesi shahyry tutmak
16. ýüzi kokuşyp duran - erbet ys alanda yuzun uytgemegi.
17. ayagy göwşüllän setin jalbarly - bilemok
18. endigan - yzygider bolaymasa.
19. sahypjemal - jemal eyyesi.
20. miwesiz agaja daş atmazlar - shu wagt bilemok
uslyp bilmek - edil shu wagt aydyp biljek dal.
Shahyr aga, ka yerdaki mysallamy gaty gormaweri.
Yone gowy tema achypsynyz. Arasynda aylanyp durawerin.
-
mirasymyz
12 years ago
- Shahyr kawagt-kawagt ertir.com bilen yarysham gurnaymamyz bar, eger gatnasharyn diyseniz. Temadanam chykayyan welin...
-
shahyr
12 years ago
- Mirasymyz, sagbol.
-
magnit
12 years ago
uslyp bilmek
Name jigini agladyp dursun? Shony aglatmagy özune uslyp bilyamin ? (dereje diyen manyda oydyan)
sukomoto 12 years ago- hemmesinem ulanýan. näme ýüzüňi kokuşdyrýaň. bälçiräp lapymy keç etme! ýüzüňe suňşuryp goýbärin.