Daşhowuzda, hasam koneürgenç etrabynda ilat arasynda ‘’köneürgenç yedi bozulyp yedi düzülen şäher’’ diyen jumle bar bu täsin jümle. Manysy welin oylanmaga mejbur edyär. Bozulmak we düzülmegiň manysy elbetde düşnükli.yone şol bozulyşlary haysy döwriň taryhy wakalary bilen baglanyşdyrmak hakykata laýyk bolarka?! Taryhy çeşmelerde horezmi-ürgenji (köneürgenji) tabyn etmek üçin TEMIRLEŇIŇ 1372-nji ýyldan 1388-nji ýyla çenli bäş sapar ýöriş edendigi hakda maglumatlar bar. hasam iň soňky sapar (1388 ý) ürgençlilerden öç alyp zalymlyk edip, şäheri weyran edipdir we yerine arpa ekdiripdir. Teymir leňiň bäş ýörişiniň üstüne 1221-nji ýyldaky çingiz hanyň weyrançylygyny goşsak yedi bozulyşyň altysy ayan. Indi yedinji bozulyş haçan haysy döwurde bolduka?! Taryhy çeşmelerde aydylyşyna görä araplar gelmeziniň öňüsyrasynda horezm döwleti pese düşüp tagt üstündäki dawa guýçlenip başlayar. Horezm şazadasy tagtynda saklanyp galmak üçin 8-nji asyryň başlarynda orta aziya aralaşan duşmandan – araplardan komek sorayar we arap serkerdesi kuteybaň komegi bilen tagtyna eye bolyar. Duşmandan komek sorany üçin yerli halk ondan närazy bolyar we ony öldüryärler. Arkalaşan şazadasynyň öldürileni üçin kuteyba horezme gelip yerli halkdan öç alyar kop gyrgynçylyk edyär. Horezmde iki häkimiyet yüze çykyar. Kuteyba tabyn bolan häkimlik we oňa boyun egmek islemedik demirgazyk horezm - ol hem ürgenç . diymek ürgenjiň yedi bozulyşynyň biri araplaryň gelmegi bilen baglanşykly.

Köneler, URGENCLI tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir