hal­ka­ra fut­bol fe­de­ra­si­ýa­lar as­sos­sia­si­ýa­sy (fi­fa) hem-de “france fo­ot­ball” žur­na­ly­nyň bi­le­lik­de gow­şur­ýan “fi­fa bal­lon d’or” baý­ra­gy­na bu ýy­lam “bar­se­lo­na­nyň” ar­gen­ti­na­ly su­per ýyl­dy­zy lio­nel mes­si my­na­syp bol­dy. şweý­sa­ri­ýa­nyň sü­rih şä­he­rin­dä­ki kong­re­si­ýa za­lyn­da ge­çi­ri­len dabara fi­fa-nyň, uefa-nyň ýol­baş­çy­la­ry, öň­ki hem-de hä­zir­ki fut­bol ýyl­dyz­la­ry we beýleki tanymal adamlar gat­naş­dy­lar. da­ba­ra­da di­ňe ýy­lyň iň go­wy fut­bol­çy­sy saý­lan­man baş­ga-da bir­nä­çe ugur­da ök­de­ler saý­lan­dy. gol­lan­di­ýa­ly öň­ki fut­bol­çy ru­ud gul­lit we “re­al mad­rid tv-niň” žur­na­lis­ti keý mýur­re­ýiň alyp ba­ran da­ba­ra­syn­da ko­lum­bi­ýa­ly şa­ki­ra hem-de şweý­sa­ri­ýa­ly tan­ýa aý­dym aýt­dy­lar. fi­fa-nyň dü­zü­mi­ne gir­ýän mil­li ýy­gyn­dylaryň tä­lim­çi­le­ri­dir ka­pi­tan­la­ry­nyň ses­le­ri­niň 47,88 gö­te­ri­mi­ni alan lio­nel mes­si bas­syr 3-nji sa­par ýy­lyň fut­bol­çy­sy diý­lip saý­lan­dy. 21,6 gö­te­rim ses alan kris­tia­no ro­nal­do ikin­ji, “ýüreklerde” birinji bolan ça­wi her­nan­des (9,23 %) bol­sa üçün­ji ýe­ri eýe­le­di. şeý­le­lik­de, lio­nel mes­si bas­syr 3-nji ge­zek ýy­lyň fut­bol­çy­sy saý­la­nan ikin­ji oýun­çy bo­lup, mun­dan öň uefa-nyň hä­zir­ki pre­zi­den­ti mi­şel pla­ti­ni şeý­le hor­ma­ta la­ýyk gör­lüp­di. “baý­ra­gy­my ça­wi bi­len paý­laş­ýa­ryn” mes­sä baý­ra­gy­ny bra­zi­li­ýa­nyň su­per ýyldy­zy ro­nal­do gow­şur­dy. mes­si baý­ra­gy alan ma­ha­ly: “ma­ňa gol­daw be­ren to­par­daş­la­ry­ma, ses be­ren hem­me­le­re köp sag bol­sun aýd­ýa­ryn. bu me­niň üçin uly ab­raý. men bu baý­rak se­bäp­li ça­wi bi­len dör­dün­ji sa­par sü­ri­he gel­ýä­rin. onuň kö­me­gi bol­ma­sa men bu sy­la­gy alyp bil­mez­dim. şeý­le dos­tu­myň, to­par­da­şy­myň bar­dy­gy­na men diý­seň be­gen­ýä­rin. sy­la­gy­my onuň bi­len paý­laş­ýa­ryn” di­ýip, hem be­gen­ji­ni paý­laş­dy, he­mem to­par­da­şy­nyň öw­gü­si­ni ýe­tir­di. ze­nan­la­ryň ara­syn­da bol­sa dün­ýä­de ýy­lyň fut­bol­çy­sy di­ýen ada ýa­po­ni­ýa­ly ho­ma­re sa­wa la­ýyk gö­rül­di. oňa baýragy şakira gowşurdy. 28,51 gö­te­rim ses alan sa­wa bu ugur­da bra­zi­li­ýa­ly su­per ýyl­dyz mar­ta (17,28 %) we ame­ri­ka­ly ab­bi wam­bah­dan (13,26 %) öňe saý­lan­ma­gy ba­şa­rdy. il­kin­ji sa­par bu hor­ma­ta my­na­syp bo­lan sa­wa to­pa­ry­nyň dün­ýä çem­pio­ny bol­ma­gyn­da uly rol oý­nap­dy. ol ger­ma­ni­ýa­da ge­çi­ri­len çem­pio­nat­da 5 go­ly to­ra sa­lyp, hem “al­tyn pök­gi”, hem-de “al­tyn butsy” baý­rak­la­ry­ny eýe­läp­di. bu gezek guardiola fi­fa tä­lim­çi­le­riň ara­syn­da 2011-nji ýy­lyň iň ök­de­si di­ýip “bar­se­lo­na­nyň” 5 ku­bok ga­zan­ma­gyn­da esa­sy ro­ly oý­nan pep gu­ar­dio­lany (41,92 %) saýlady. ol kär­deş­le­ri ser aleks fer­gu­son (“man­çes­ter ýu­naý­ted”) we ge­çen ýyl bu baý­ra­gyň ýe­ňi­ji­si žo­ze mou­ri­nio­dan (“re­al mad­rid”) köp ses al­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. fer­gu­son­dyr mou­ri­nio de­giş­li­lik­de 15,61 gö­te­rim hem-de 12,43 gö­te­rim ses al­dylar. şeý­le-de ze­nan fut­bo­ly bo­ýun­ça ýy­lyň tä­lim­çi­si diý­lip, ýa­po­ni­ýa­nyň ze­nan mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň baş tä­lim­çi­si no­rio sa­sa­ki saý­lan­dy. to­pa­ry­ny çem­pi­on eden er­kek tä­lim­çi ses­le­riň ýa­ry­sy­na go­la­ýy­ny al­ma­gy ba­şar­dy (45,57 %). bu ugur­da şwe­si­ýa­nyň we fran­si­ýa­nyň ze­nan mil­li ýy­gyn­dy­la­ry­na tä­lim ber­ýän pia sand­geýj hem-de bru­no bi­ni ikin­ji üçün­ji or­ny paý­laş­dy­lar. ikin­ji sa­par be­ril­ýän puş­kaş adyn­da­ky sy­la­ga bol­sa “san­to­syň” bra­zi­li­ýa­ly ýaş ýyl­dy­zy neý­mar my­na­syp bol­dy. ýy­lyň iň owa­dan go­lu­na be­ril­ýän baý­ra­gy il­kin­ji sa­par eýe­län neý­mar to­pa­ry­nyň 27-nji iýul­da “fla­men­go­nyň” gar­şy­sy­na ge­çi­ren oý­nun­da­ky go­ly esa­syn­da la­ýyk gö­rül­di. ol jan­kö­ýer­le­riň 1,5 mil­li­on­da­nam gow­ra­gy­nyň se­si­ni al­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. mä­lim bol­şy ýa­ly, ge­çen ýyl bu sy­lag tür­ki­ýe­li ha­mit al­tyn­to­pa gow­şu­ry­lyp­dy. “fi­fa fa­ir play” baý­ra­gy bol­sa ýa­po­ni­ýa­nyň fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­na be­ril­di. fi­fa-nyň pre­zi­den­ti­niň ýö­ri­te sy­la­gy­ “man­çes­ter ýu­naý­te­diň” şot­lan­di­ýa­ly tä­lim­çisi ser aleks fer­gu­so­na gow­şu­ryl­dy. “ýu­naý­ted­de” 25 ýyl­yny dolduran fer­gu­son degişli dö­wür­de 30-dan gow­rak ulu­ly-ki­çi­li ku­bok ga­zan­dy. şol san­da ita­li­ýa­nyň “gub­bio” (“se­rie b”) klu­bu­nyň oýun­çy­sy si­mo­ne fa­ri­na fi­fa-nyň pre­zi­den­ti ta­ra­pyn­dan ýö­ri­te baý­rak bi­len sy­lag­lan­dy. il­kin­ji sa­par gow­şu­ry­lan bu baý­rak fa­ri­na­nyň eden “fa­ir play” he­re­ke­ti se­bäp­li be­ril­di. fi­fa hem-de fifp­ro ta­ra­pyn­dan saý­la­nan ýy­lyň sim­wo­li­ki to­pa­ry: iker ka­sil­las (“re­al mad­rid”), da­ni­el al­wes (“bar­se­lo­na”), ser­jio ra­mos (“re­al mad­rid”), je­rard pi­ke (“bar­se­lo­na”), ne­man­ýa wi­diç (“man­çes­ter ýu­naý­ted”), and­res inies­ta (“bar­se­lo­na”), ça­bi alon­so (“re­al mad­rid”), ça­wi her­nan­des (“bar­se­lo­na”), lio­nel mes­si (“bar­se­lo­na”), kris­tia­no ro­nal­do (“re­al mad­rid”), weýn ru­ni (“man­çes­ter ýu­naý­ted”).

Köneler, sahett tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir