“Ynha geler…, diýip garaşyp durmak Dünýäde iň süýji, iň elhenç zatdyr Onuň süýjüdigne şaýatdyr ýürek, Elhençdigne bolsa beýnim şaýatdyr. Ýüregim: “Dur entek, sabyr et!” diýip, Müň süýji arzuwy beslärdi mydam. Beýnim: “Indi gelmez, gaýdyber!” diýip, Arzuwdan döndermek islärdi mydam. Biri – umydygär, Birisi namut, Söweşe girerdi beýnidir ýürek. Hiç haçan namuda golum bermändim, Zyýanam görmändim….. Siziňki gezek. Kerim Gurbannepesow |
Söymek ün söyülmeginize garasman
- 
                suvat
                13 years ago
                
- sag bol yetirenine
- 
                tekegyzytatyana
                13 years ago
                
- beyni bn yurek hemise dawada
wulkan 13 years ago- Sagja bol dost yetirenne. Kerim agada o dunyade bolsada begenendir yatlanyna.