Hoş gal imdi, ýar-u-dostlar, ýaranlar, guwanma, hemmeden galar, bu dünýä. Tapmadylar çäre öten weliler, barçanyň başyna ýeter bu dünýä. Birewni şa eder, berer köp rowaç, bir niçeler ýyglar, bir pula mätäç. Kimler çäre tapmaz, öter näalaç, her kime ýüz elem goýar bu dünýä. Nazar etse para kylar daşlarny, bir niçäge awy eder aşlarny. Bir niçeler alyp azyz başlarny, bir ýat ülkelere elter bu dünýä. Nurundan ýaratdy Isany Jepbar, erk özünde her ne kylsa Biribar. Bir garyp men, senden özge kimim bar, meni köp ymmata saldy bu dünýä. Hezreti Adamny eýlediň haýran, Howa jyda düşdi - gözleri girýan. Hudaga raz aýtdy hezreti Lukman, dilegim, duş etme namarda, dünýä. Hezreti Isgender, kany Süleýman, ahyrynda boldy jaýy görüstan. Kany Suhrap, porzor Rüstemi-Dastan, agmaly, dönmeli, loly bu dünýä. Magtymguly köňlünde köp külpet bar, kazanyň damyga bolduk giriftar. Ýaradan, har etme, bolgul habardar, ýogsa işim arman eder bu dünýä.

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir