bilşiňiz ýaly, 12 yanwar hatyra günidi. 1881-njy ýylda gökdepe galasynda şehit bolan on müňlerçe türkmenleriň ýatlanýan, olaryň ruhlaryna bagyşlap, aýatdyr töwir okalýan gün. 3 gun gija galan hem bolsam, shol gün mynasybetli şehitlerimize näme sowgat edip bileris? bu soraga bir-iki hekaýa bilen jogap bereýin: sogap paýlanşygy yslam alymlaryndan we kalby adatdan daşary (bilinmeýän) yagdaylar üçin açyk bolan bir şahys wezipesi sebäpli bir oba barýarka, garaňky gatlyşany sebäpli we barjak ýakyn garyndaşdyr tanyşy-da bolmanlygy sebäpli, obaň golaýyndaky mazarlykda gijäni geçirmegi niýet edýär. ol uka gidenden sähel salym soň ynsanlara sapak boljak ýagdaýda bir düýş görýär. düýşünde gabrystan halky tolgunyp, begenişip öz aralarynda bir zatlar paýlaşýan ekeni. ol hem olara (alym=a, gabyr halky=g): a – eý, gabyr halky, siz näme paýlaşýaňyz beýle özara?! g – sogap paýlaşýas, sogap! a – sogap siziň üçin şeýle möhümmi? g – ol nähili sorag? “diri yzzatdan doýmaz, öli aýatdan” diýip eşitmänmidiň? oduň täsirini bildirmeýän köýnek nähili ähmiýetli bolsa, sogap hem biziň üçin şeýle. sebäbi biz siz ýaly dünýäde ýaşaýarkak, käbir günäleri gazanypdyk. şol sebäpli-de ataş ýanyp duran ýaly gyzgynlygyň içinde ýaşaýarys häzir. ýöne bize sogap paýlansa, onda biz ony üstümize gyzgyn/ot geçirmeýän köýnek edip geýýäs, oduň täsiri azalýar, azabymyz ýeňleýär. a – bu paýlaşýan sogabyňyzy kim size berdi? g – mazarlygyň ýanyndan geçen möminler sowgat etdi. köp ynsan mazarlykdan geçende, hiç piňine-de alman ýekeje yhlas(kulhüwellah) ýa-da fatiha(elham) süresini hem okaman geçýäler. käbirleri bolsa:”wagty gelende bizem ölüp, gabra gireris, bize-de okasynlar!” diýip, hemişe okap, derrewjik ruhlarymyza sowgat edip geçýärler. agşamdan öňüräk şeýle bir topar geçip, bize-de bilýän aýat-töwirlerini okap, sowgat edip gidipdiler, häliden bäri şolary paýlaşyp durys görşüň ýaly. indi bizi ýakyp-gowrup barýan yssynyň täsiri azalar we az wagtlyk ondan gutylarys. şol sebäpli-de bizi begençli görüp dursyň! Kabul bolsun hemme dogalarynyz , sadakalarnyz dostlar !!!
Hatyra güni !!!
-
beyazmelek
12 years ago
- richer yaman manyly gowy temalar yazyan. Nesip bolsa heme olen yitenlermize sehit bolan gokdepe ursunda wepat bolan sehitlemize towur okarys namazmyzdada iman baylygny jaylarnyn jennet bolmagny ruhyny sat etmegni dilaris.
-
metehangokdepe
12 years ago
- örän gowy manyly rowaýat eken Gökdepe söwe$inde bar ölen ýitenlermiziñ jaýy jennetden bolsyn Allajan gökdepe hakda edebiyatlary yada ozimden ululardan $ol hakda aýdyp berende bokurdagym dollaya watan ûçin ar-namys ûçin gör näçe mûñ adam wepat bolýa menem öz gezegimde Gökdepe hakda birazajygam bolsa aýdyp beräýeýin Gökdepe galasynyñ içinde ortaça hasap bilen 70 mûñ adam olaryñ gylyja yagny uru$a yarawlysy 25 mûñ adam eken $ol 1981 nji 12 nji yanwaryna takmynan 23 mûñ adam wepat bolyar
-
ttmli
12 years ago
- ruhlary $at bolsun! Sanada sagja bol gowy tema payla$dyn
-
Aristokrat
12 years ago
- Ýatan yerleri ýagty bolup berlen sadakalar okalan aýatlar alnlarna barsyn.
kabul bolsun!
-
ata
12 years ago
- yatan yerleri yagty, imanlary hemra, jaylary jennetden bolsun shehitlerimizin!
Minnetdar, awtor!
-
mavibonjuk
12 years ago
- minnetdar richer gowy tema.
Yatan shehitlerimizin,biguna ayrylan ene mamalarymyzyn,cagajyklaryn,yashullaryn.gokdepe soweshinde shehit bolanlaryn hemmesinin jaylary jennet ,ucmah mekanlary bolsun.
Berlen sadakalar,okalan ayat towurler otenlere nur bolsun.
-
mavibonjuk
12 years ago
- minnetdar richer gowy tema.
Yatan shehitlerimizin,biguna ayrylan ene mamalarymyzyn,cagajyklaryn,yashullaryn.gokdepe soweshinde shehit bolanlaryn hemmesinin jaylary jennet ,ucmah mekanlary bolsun.
Berlen sadakalar,okalan ayat towurler otenlere nur bolsun.
-
magnit
12 years ago
-
magnit
12 years ago
Richer 12 years ago- sotayda 1 gije bolmaly dostlar yalnys gitdi bizde bir gije galdyda sondan americada bolamson !