salam talyplar! şu günlerde köpüräk orsça hat ýazmaly boldym welin, krilitsada ýazmaga kän öwrenşmänimsoň gaty ýuwaş ýazýanlygymy görüp, has aňsat ýollaryny gözläp başladym. birinjy bilen kellä gelen “translit” etmek boldy, ýagny ýazan wagtyň latin harplary bilen ýazyp soňam şol harplary kril harplaryna öwürmek. munyň ýaly serwis hödürleýän epislije ors saýtlary bar. welin bu emel hem internetdyň bolmadygy ýagdaýlarda işlänok. soň “translit” üçin bir kiçiräjik programma ýazdym. ony hem kynyrak gördim, sebäbi hergezek yazan zadyňy kopýalap, gerek ýerine goýmak we düzeltmeli ýerleri bolanynda täzeden yzyna almak az-owlak nerwa degýär. gepiň gysgasy, şeýdip kösenipýörkäm bir programma gabat geldim. ady “microsoft keyboard layout creator” gysgaça “msklc”. bu mugt meýilnamada klawiýatura’daky haýsy harpa basaňda ekranda näme ýazyljagyny görkezip, şol düzgüni(layout, раскладка) windowsyň islendik ýerinde ullanyp bolýa(uraa...) meýilnamany şul saýtdan şul saýtdan alyp bolýar. 10 mb töweregi we ýaman aňsat, şonyň üçin ullanylyşy hakda ýazybamoturmadym. inhä şol meýilnama bilen ýokarda görkezilen dügüni döretdim. hemme harplaryň ýerleri edil latyn düzgünindäki ýaly, özüme göra düzüşdirdim we indi hezil edip ullanýan. eger başgada meniň ýaly kösenenler bar bolsa, çözgidi paýlaşaýyn diýdim. ol meýilnama gurnama(setup) hem döredýär. ýagny islendik kompýuterda gurnap ullanyp bolýar. barlap görmek üçin meniň ýasan dügünimi şul saýtdan http://www.gochmt.com/app/ru-trans.rar alyp bilersiňiz. göwrümi 243 kb. okuwlaryňyzda we işleriňizde üstünlikler! Hormatlamak bilen, Goçmyradow Merdan GOCH MT Soft solutions.
Rusça translit
-
paychy
13 years ago
- gowja agam malades..
________________________
dostlar.tmunit.com
-
magnit
13 years ago
- berekella oglanlar ösúsh bar :-)
-
idealman92
13 years ago
- berekella,proga peydalydyr welin,mena iki dilde-de chalt yazyan
sahett 13 years ago- merdan tuweleme gowy saytyn bar eken acyp bilyanmi ya acdyrdyn?