salam hormatly okajylar! reklamalar bilen gyzyklanýanym üçin, her hili reklma ýollaryny gowy görýän we gyzykýan. geçen gezekdäki blogymda, täze zelandiýadaky reklama ýoly :) bilen paýlaşypdym. bu gezek indi öz şäherimdäki, ýagny türkmenabat şäherindäki bir gyzyklyja reklama bilen tanyşdyraýyn. ähli köçelerde şu bildiriş asylgy, okamajak bolsaňam, göze ilýär. bildirişi okan bolsaňyz, türkmenabada näbelli uçýan jisim gonýarmyş. gonjak ýeride, «kardeliýa» dükany. kellede pikir döreýär «hmmm, bu dükan indi bu bildirişiň üsti bilen näme diýjek bolduka?». ýagny, kosmos göwrüminde supersowremennyý harytlar geldimkä diýip gyzyklandym. size-de gyzykly gerek? onda pikirimizçe reklama işledi? ýok! men şol dükanda näme barlygyny bilip-bilmedim. dogrymy aýtsam bilesim gelmedi. ýokarky bildirişi okan badyma, şolara jaň edip, gyzyklanmak isledim. ýöne, görüşiňiz ýaly telefon belgileri ýok. bi bildiriş diýibem, şäheriň beýleki çüňkine gidip gelmäne artykmaç wagtymam ýok. birden «oýnamana adam tapadyňyzmaý» diýenimi bilmän galypdyryn içimden. reklamaň ideýasy gowuja eken, başda gyzkdyrdy, soňunda-da adam oýnana ýaly boldy. belki diňe men şeýle pikir edendirin, siziň pikiriňiz? Çeşme: http://www.bayramjm.com/turkmenabat-saherine-nabelli-ucyan-jisim-gonyar/
Türkmenabat şäherine «näbelli uçýan jisim» gonýar.
-
Eldarado
13 years ago
- Telden girsen uly dal, boljak.reklam bolsa nejis
dal.beytseler štraf toledaymeseler.
-
sweetbala
13 years ago
- bayram soraya diyip gaty gorme sen muslumanmy?
-
Bayram-Jm
13 years ago
- telden girsen uly dal, boljak.reklam
bolsa nejis
dal.beytseler štraf toledaymeseler. eldarado | 2011-12-28 08:19:56
Dost, shtraf ediler ýaly, olar hiç zat etmedi. Diñe telefon belgilerini ýazmandyrlar, ol bolsa reklamada iñ esasy zat.
-
Bayram-Jm
13 years ago
bayram soraya diyip gaty gorme sen
muslumanmy? sweetbala | 2011-12-28 10:04:03
Musulman men. Sen, bashga dinli adam bolsa, gatnashyk gurmaýañ gerek?
-
Ibrahimovic
13 years ago
- Bizin inst gapdalynda su magazina girip goremok ýokarsy restoran 2 nji etajy gowy gurulan.
-
student3
13 years ago
- ibrahimowic haysy fakultetda okayan 5 kurs juma orunowy tanayanmy yany yakan aradan cykan ?
-
maddow
13 years ago
- gidip goramaly etdine..geng zat
-
sweetbala
13 years ago
- hm bagshla gecen biri ateis diyip yotdi kimdigi yadyma dushenok
-
Mahrish
13 years ago
- "Aýly ag$am" res/nyñ a$aky gatyndaky magazin dälmi $ol. Gaty ùýtge$ik zatlar bar ekeni. Kosmos sputnikler, raketalar, kiçijik ýa$yl adamjyklarmy, pultly ma$ynjyklañ dagy gapylary açylyp, faralaram ýanýar. "Ferarry" diýilýän m/ñ gapylary ýokaryk açylyp, ùstem açylýar. Aý garaz täsin oýnawaçlar köp ekeni.
-
Cwetocek
13 years ago
- Gowy ideya haladym :) bir yerde gerek bolar bellap almaly :-)
Bayram-Jm 13 years ago- Bu surat bu saýt üçin gaty uly bolupdyr. Üýtgedip bilemokmy indi Admin? :)