Kalendara seredenimde göz ýetirdim, galamymyň poslama sebäbine.. Ep-esli wagt bolupdyr ylham derýasyndan suw içmänime.. Ýa-da ylham derýasynyň kenarynda gezinemde-de galamy poslatdym diýseňem boljak. Galam diýemde olam taryhyň tozan basan sahypalarynda galdy. Meniň ýaşymyň wadasy, wepasy ýetenok oňa. Biziň neslimiz syýanyň ysy bilen däl klawituranyň tykyrdylary arasynda ýetişdi. Ynha, ýene bir ajaýyp güne oýanyp, çaýjagazymy owurtlap bu günüme şükür edip tozanlan klawituramy süpürüşdireýin diýdim ýene... Kompýuterimi açanymda bir dertli şahyrdan bir topbak çykdy öňüme.. Yşk oduna ýanyp lokurdap gaýnap duran köňülden çykan setirler bolsa gerek bular. Atalarymyza sylag - hormat, bu günümizi peşgeş berenlere minnetdarlyk bildirmek bilen olardan mysal alan setirler bolsa gerek bu. Şol sanda ýagty geljegimiz üçin olardan görelde alyp, yşk odunda gowrulan nesliň formulasy bolsa gerek diýýän içimden. Ýüreklerde tagt gurmanyň formulasy, ýüreklerde her kime bir tagt aýyrmanyň açary... Syna dertli, setirler gamgyn. Şahyryň gözleri awaýar, setirler aglaýar... Awayar... Setirler awaýar, ýürek aglaýar, gözler bugarýar… “Ýetişmeli ýetim nesliň dadyna, Ýanmaly biz bu gün yşgyň oduna…” Howandary, daýanjy ýagty jahandan aýrylana ýetim diýýäs. Emma, birem ebedi ýetimler bar ahyryn. Ene-ataly ýetimlermi diýsek?! Altyn kapasada ulalýanlarmy diýsek?! Maddanyň penjesindäki nesilmi diýsek?! Ýaradylany ýaradandan ötri däl- de nebsiniň arzuwy üçin söýýänlermi diýsek?! Olaryň meňzeýän zadyny taryplamak däl maksadym, göz öňüňizde suratlandyrmak däl. Olary bir zada meňzetmek, bir şekili maslahat bermek. Bir ýoly salgy bermekçi bolýan ýaly bu setirler. Isleýän, gözlegindäki zadymyzyň tarypy ýaly... Ynsan, kiçeldilen ýer şaryna; ýer şaram ulaldylan bir ynsana menzeýär. Maddy taýdan bularyň arasynda menzeşlik bolşy ýaly bularyň ruhy hem bir-birlerinden reňk alýan ýaly hamana. Garaz, hekaýada bellenilişi ýaly kakasynyň çözüp bilmedik dünýäsini, tertibe salyp bilmedik ýer şaryny ogly sähel-salymda arkasyndaky adam suradyny nazara alyp düzeldip getiriberýärdi. Ynsanyň ruhy çökgün bolanda, dünýäniňem ruhy çökgün boluberýär, ýa-da ol ruhy çökgün görüniberýär. Ýer ýüzüni gara bulutlar gaplap güneşiň şöhlelerinden çoýunmakdan mahrum edişi kimin ýüregimizi-de kirler gaplaýar. Bu kirlerden saplanýançak derdi gozgama, ýetimden söz açma. Bize ýagty gelejekden söz aç, habar ber bize agtyklarymyzyň, öwlatlarymyzyň arassa – päk syratlaryndan, göklerde öwgi bilen agzalýan sypatlaryndan.. Soň bize ebedi ýetimleriň ýagty gelejeginden söz aç, ene-atasyndan gürrüň ber olaryň.. Ebedi howandaryndan, egsilmez hossaryndan... Kä wagtlar ýüregim kapasasyna sygman şir kimin arlaýar, daga düze syganok.. Kä mahal bolsa ezilen jüýje kimin bir burça geçip müýnsiräp oturyberýär.. Ruhumyzda dört pasly ýaşaýas. Ýagynly, çigrek, garly we güneşli günler her wagt ruhumyzyň reňkine, paslyna karar berýärler. Bulutly howa hiç ýaramaýar maňa. Esasan, bulutlar gara bolup güneş şöhlelerinden mahrum ediberse.. Emma, ruhumyň her paslyny halaýan. Her biri, maşklardaky her herekediň bir myştsamy ösdürmesi ýaly, ruhumyň bir agzasynyň özgermesine ýardam berýär. Ynha, men şu sebäpden gowy görýän olaryň her birini.. Adam pahyr bir çyg süýt emen, elinden gymmatlysy alynmasa gadyryny bilmez ekeni. Ýetimleriň halyna iň gowy ýetimlik başyňa gelse düşünse bolar. 3-4 wagt naharyň ýesiri bolan nebislerimize sözi açlyk bilen ötürse bolar. Ýetimler diýemde ýürek awaýar.. Asyrlar öňünden bir nalyş gelýär-de awaýar. Ýetimler soltanynyň zaryn sesi ýürekleri daglaýar.. Ýa asrymyzyň ýetimlerine näme diýmeli?! Näme etmeli?! Olam goşgynyň many- mazmunynda gizlin ýatan bolsa gerek. Her kim torbasynyň göwrümine görä many çykarybermeli.. Geliň, agzalalylygy taşlalyň bolmanda üç asyr soň atamyzyň nalyşyna gulak bereliň. Supralarymyzy birleşdireliň.. Ýetimleri alalyň aramyza, olary hossarsyz, howandarsyz, hemaýatsyz goýmalyň! Menem ýetim meni hem almazmysyňyz araňyza?! Hödür – kerem etmezmisiňiz bir döwüm çöregiňizden...

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir