saglyk.info saytyndan peydalanyldy Ýeriň üstünde gezýän zäherli jandarlaryň arasynda ýylan adam üçin has howplydyr. Esasan hem kepjebaşyň (rus dil. -kobra), alahöwreniň (rus dil. - gadýuka), göklorsyň (rus dil. - gýurza), gömülgeniň (rus dil. - pesçannaýa efa) zäherleri uly howplylygy bilen tapawutlanýarlar. Dürli ýylan maşgalalarynyň zäheriniň düzümi (belok, fermentler, organiki däl maddalar) meňzeş bolsa-da, aýry-aýry görnüşlerine aýratynlyklar mahsusdyr. Meselem, kepjebaşyň we deňiz ýylanlarynyň zäheriniň düzüminde neýrotoksinler bardyr. Olar myşsalara barýan nerw geçirijiligi bozup, beden we dem alyş myşsalarynyň ysmazyna getirip biler. Zäherlenen adam we haýwan dem almanyň kesilmeginden ölýärler. Alahöwreniň zäheri gan damarlarynyň diwarlarynyň gowşamagyna hem-de ganyň suwuklanmagyna getirýän fermentler toplumyny saklaýar. Ondan başga-da, zäher beden dokumalaryndan biologiki işjeň maddalaryň çykmagyna itergi berýär. Bu üýtgeşmeleriň toplumy, beden agzalarynda gan aýlanşygynyň bozulmagyna getirýär. Zäherli ýylanlaryň daşky görnüşinde hem özüne mahsus alamatlar bardyr. Hemme zäherli ýylanlaryň kiçijik yş görnüşli gözleri bolup, kellesi üçburç şekillidir. Adaty alahöwren her dürli öwüşgünli reňkde duş gelse-de, esasan, goňrumtyl reňkde bolýandyr. Onuň arkasynda özboluşly çyzyklaryň suratyny görüp bolýar. Kepjebaşyň çalymtyl-gum we goňur reňkli uludan galyň bedeni bardyr. Onuň arkasynda keseligine süýndirlen tegmiller görnüşde suratlar çekilendir. Gömülgen öwüşgin atyjy gum reňkli bolup, bütün bedeniň uzynlygyna uly ak tegmilleri görüp bolýar. Onuň kellesinde hajyň şekili bardyr. Zäherli ýylanlaryň özboluşly häsiýetleri hem bardyr. Meselem, kepjebaş hüjüm edende, özüniň uzynlygynyň 1/3 bölegine barabar aralyga süýşüp bilýändir. Onuň özüne mahsus hüjüm ediji häsiýeti hem bolýar: bedeniň öňki bölegini ýokary galdyryp, kellesiniň gapdalyndaky ýygyrtlary ýayyp we tarapdan tarapa yranyp, hyşşyldaýandyr. Göklors topuljak bolanda, dim-dik ýokary galyp, yza gaýyşýandyr. Gömülgen hajy ýa-da uçup barýan guşy ýadyňa salýan suratly kellesiniň daşyna towlanyp ýatýandyr. Zähersiz ýylanlar çakanda, bedende iki sany inçeden ownuk dyrçanak galýandyr. Zäherli ýylanlaryň çakmagy hem iki dyrçanan yz galdyrýandyr, ýöne olaryň hersiniň soňunda gyýak dişleriň deşen ýerleri görünýändir.

Köneler, magnit tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir