Dekabr aýynyň başlarynda NASA-nyň alymlaryň ilkinji gezek "ýaşamaga ýaramly zonada" ýerleşýän bir planetany tapandyklaryny bildirdiler. Çap et E-mail Paýlaş: TweetTweet 0 Like HALKARA 2011-nji ýylda edilen iň uly ylmy açyşlar 21.12.2011 Riçard Solaş 2011-nji ýylda ylym dünýäsinde gazanylan iň gyzykly üstünlik Şweýsariýa bilen Fransiýanyň araçäginde ýeriň aşagyndan gazylan 27 kilometrlik uzynlykdaky tunnelde edilen açyş bolsa gerek. Ýewropanyň ýadro barlaglary baradaky guramasy SERN-iň alymlary Älemiň iň uly syrlarynyň biriniň üstüni açmaga tarap özleriniň şu ýerde bir ädim ilerlän bolmaklarynyň mümkindigini aýdýarlar. Üstümizdäki ýyl ylymda we tehnologiýada bolan saldamly öňegidişlikleriň arasynda iň ýokary orunda duran zat bu alymlaryň partikel fizikasynda täze metodlary ulanmak bilen geçiren tejribeleri boldy. SERN-de iş alyp barýan alymlar toparynyň baş direktoryRolf-Dieter Heuer 13-nji dekabrda öz toparynyň Älemi döreden esasy kerpiçjik diýip hasap edilýän, ýöne şu wagta çenli tejribe arkaly subut bolmadyk bir sypjyk subatom bölejiginiň bardygyny görkezýän gyzykly alamatlaryň üstünden barandygyny bildirdi: —Higgsiň bu ugurda – Şekspiriň bolmalymy ýa ýok?! – diýen soragyna anyk jogaby tapmagy üçin, biziň geljek ýyl ownuk fiziki bölejikleriň ýene ençeme tejribe çaknyşyklaryny geçirmeli bolarys. Ýöne, meniň pikirimçe, biz örän gowy öňegidişlik etdik. "Hudawy bölejik" Massanyň Älemdäki ähli jisimlere ýetmegine kömek eden zat şuHiggs boson diýlip, pikir edilýär. Oňa "hudawy bölejik" hem diýilýär. Alymlar onlarça ýyllap iş alyp barsalar-da, onuň bardygyny subut edip bilmän gelýärler. Bu subatom bölejiginiň üsti açylsa, onda bu açyş fizikanyň taryhynda iň ýokary orunda durar. Älemiň nähili dörändigi barada bar bolan çylşyrymly soraglaryň käbirine hem şeýdip, jogap tapylmagy mümkin. Şu ýyl SERN-den şular ýaly ýene bir gyzykly habar gowuşdy. Bu ýadro- barlag merkezi sentýabr aýynda neýtrinolaryň tizligini ölçemek barada geçiren tejribeleriniň netijelerini yglan etdi. Italiýanyň Gran Sasso şäherinde milli laboratoriýanyň direktoryLuçia Wotano bu barlaglara ýolbaşçylyk etdi: —Biz neýtrinonyň ýagtylykdan çalt hereket edýändigini ýüze çykardyk. Onuň SERN-den Italiýanyň Gran Sasso şäherine ýetmegi 2,4 millisekunda çekdi. Biz bu subatom bölejiginiň tizliginiň garaşylanyndan 60 nanosekund çaltdygyny ýüze çykardyk. Olar ýagtylykdan 0,0001 prosent tiz hereket etdiler. Bu bir uly zat däl, ýöne fiziki täsiri welin, uly täsir. Bu netije tassyklansa, onda Albert Eýnşteýniň ýagtylykdan tiz gidýän zat ýok diýýäni nädogry bolup çykýar. Planetalary öwreniş Planetalary öwrenmek barada hem üstümizdäki ýyl uly öňegidişlikler boldy. Dekabr aýynyň başlarynda NASA-nyň alymlaryň ilkinji gezek "ýaşamaga ýaramly zonada" ýerleşýän bir planetany tapandyklaryny bildirdiler. Bu ýerde jandarlaryň ýaşamagy üçin Ýer togalagynyňka çalymdaş şertleriň bar bolmagy mümkin. Kaliforniýanyň Ames barlag merkeziniň direktoryPete Worden bu açyşy Ýeriň ekiztaýyny tapmak ugrundaky ýolda möhüm çelgi diýip atlandyrdy: —Bu günki açyş kosmos gämisi Kepleriň wagtyň geçmegi bilen bir günden bir gün Ýeriň hakyky analoglaryny – eger bar bolsa – tapmagynyň mümkindigini görkezýär. Biz hem Ýere çalymdaş, hem-de ýaşamaga ýaramly zonada ýerleşýän planetany tapmaga barha ýakynlaşýarys. Şu ýyl ýene bir täsin planeta tapyldy. Ol boýdan-başa göwherden ýasalana meňzeýär. Ondan soň hem amerikaly astrofizikleriň şu ýyl tapan äpet gara oýlary bar. Olar Günden bir milliard esse uly. Gepiň gysgasy, ýaňky göwherden ybarat planeta bu garaňky oýlaryň birine gaçyp, dargap gitmesin diýip, dileg edibermek galýar.
2011-nji ýylda edilen iñ uly ylmy açy$lar.
-
YaSwami
12 years ago
- Sag bol maglumatyňa, mümkün biz ýeke-de däldiris welin, o tüki ýerde käbäň tarapama ýokdyr, onsoň güniň dowamlygy näçe wagyt 15 sagatmy 20-mmi,40-my garaz adamzat öwrenişjekmi oňa, menä bu tehnologiýan ösmegi bilen, hemme zadam taparlar, ýöne tehnologiýa osýär,ynha adamzadyň aňy welin, şol bir manatda, kim bilýa bizem Atlantida ýaly bolup, ýitip gitjekmi, bir wagytlar Adamzat Marsda ýaşanmyş, soň Allanyň emri bilen Yer älemine getirenmişler, belki ýerem öz peýwagty gutaryp barýandyrda :)
Jeihun07 12 years ago- Diydiler, diydiler, diydiler kän zat.
Käbirisi añsat.köpüsü kyn zat.
Añsadyn – hemmeler başar – diydiler,
Kynyn başarmakda iş bar – diydiler.
Kyn hem bolsa - Şudur wesyet – diydiler.
Diñe kyn zat - Şol mukaddes! – diydiler...