Jüneýt hanyň hakyky ady Gurbanmämmet serdar bolup, ol 1862-nji ýylda häzirki Görogly etrabynyň Bedirkent obasynda dogulýar. Onuň kakasynyň ady-Hajybaý. Jüneýt han ýomutlaryň orsukçy urugynyň jüneýt tiresindendir. Onuň ogullary Eşşi bilen Eýmir hem örän edermen ýigitler bolypdyr. Jüneýt han birnäçe wagt öz obasynda kazy we mirap bolyp işläpdir. 20-nji asyryň başlarynda Hywa hany patyşa hökümetiniň goldawyna daýanyp, türkmenleriň üstünden hökümdarlygyny berkitmek maksady bilen, olara agyr düşýän ýer-suw reformasyny geçirmäge synanyşýar. Şonsuz hem patyşa hökümetiniň kolonial syýasaty zerarly horluk baryny gören türkmenler ýaraga ýapyşmaga mejbur bolýar. Türkmeniň şeýle agyr ýagdaýa düşmegi, Jüneýt hany orta çykarýar. Ilkibada ol özüniň gowy ýaraglanan garyndaş toparlaryny töweregine jemläp, serdar adyna mynasyp bolýar. Soňra ownugyrak galtymanbaşylaryň, serdarlaryň birnäçesini özüne tabyn edýär, hatda, adalatyň hatyrasy üçin özüniň doganoglanyny-da öldürýär. Şeýle hereketleri bilen ol il arasynda adygyp ugraýar. Öz tiresiniň ady bilen baglanşykly ony Jüneýt han diýip atlandyryp başlaýarlar. Sebäbi ol öz obasyndaky ilatyň garyp, ýa-da baý bolmagyna garamazdan, olaryň ar-namysyny,hak-hukugyny goramagy başarypdyr. Jüneýt hanyň adalatly taraplary barasynda il arasynda aýdylýan gürrüň köp. Şolaryň birinde şeýle diýilýär: “ Bir gün Jüneýt hanyň ýanyna ýomutlaryň uşak urugyndan bir pukara gelipdir. Ol:- Alty ýyllap baýyň dowaryny bakdym, keýwanym hem şolaryň gapysynda hyzmat etdi, indem dogmamyz ýetişdi, öýli-işikli etmek üçin mal-teňňe gerek diýsem, ýeňsesi bilen gepleşýär—diýip, hana arz edipdir. Onda Jüneýt han:-näme üçin öňräk gelmediň? Diýipdir. Ol Hudaýlygymy sözlesem, şol baý siziň bilen gatnaşykly bolansoň çekindim-diýip jogap berýär. Onda Jüneýt han: Özünden ejizi ynjydýan bolsa, iki gözümiň birem bolsa, menden şoňa egilşik bolmaz. Onda şeýdýäs, alty ýyllyk hakyň üçin baý gyzyny seniň ogluňa berer. Häzir men seniň üçin birküç adamy gudaçylyga iberjek. Aýalyň hyzmatyny öýüňe ýetip bilmänkäň üzlüşer ýaly ederin. Bu gürrüňe agzy uçuklan pukara zordan gürrüňini düşündiripdir. Ýöne han gürrüňi çagalatmandyr:-Bar-da toý gamyň bilen bolyber, saňa, täze guruljak ojaga gyýa göz bilen garamaga milt etse, men şol baýa ärmämmet diýerin-diýipdir” 1912-13- nji ýyllarda Hywa hany patyşa hökümetiň kömegi bilentürkmen obalaryndaky gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin harby ýöreýiş geçirýär. Jüneýt han bolsa türkmenleri töweregine jemläp, olara garşylyk görkezýär. Indi Jüneýt hana diňe türkmenler däl, eýsem, Hywa hökümetiniň alyp barýan syýasatyndan nägile bolan özbekler, garagalpaklar, gazaklar hem aktiw goldapdyrlar. Ol halkyň bähbidini hiç bir zada çalyşmandyr. 1913-nji ýylda türkmenleriň ýaraglanan topary 15-müňe ýetipdir. Türküstan patyşa Russiýasyny gysyp çykarmakda Jüneýt hanyň uly daýanç boljakdygyna käbir daşary ýurt hökümetleri hen oňat düşünipdirler.Şoňa göräde 1914-nji ýyldan başlap Jüneýt hanyň ähli alyp barýan işlerine ilki germen-türk, soňra bolsa iňlis-türk razwetkasy goldaw berýär. 1916-njy ýylda Hywa hanyň eden-etdiligi, patyşa Russiýanyň kolonial sütemi diňe bir türkmenleriň däl, eýsem özbekleriň, garagalpaklaryň we beýleki halklaryň hem halys degnasyna degýär. Hywa hany ýerli halkyň namysyna degip, hatda ýetişen gyzlary zorluk bilen öz köşgüne getirmäge çenli baryp ýetýär. Şonuň üçin Jüneýt han türkmen ar-namysy üçin ykjam aýaga galýar.Ony goldaýan toparlar has köpelýär. Sebäbi ol her bir meseläni akylly we adalatly çözmegi başarypdyr. Jüneýt han gerek ýerinde näçe gazaply bolanda bolsa, yslam dininiň we şerigatynyň düzgünlerini dogry we berk ýöredipdir. Bu meselede ol han işan bilen bilelikde hereket edip, Hywa hanlygyny, başarsa, bütün Türkstany rus basybalyjylaryndan halas etmäge çalyşýar. Ýöne bu meselede Hywa hany Isfendiýar belli bir derejede päsgel berýär. Onuň etmişleri zerarly, özbekler, garagalpaklar häli şindi Jüneýt handan kömek sorap, arz edip gelýär eken. 1916-njy ýylyň ýanwarynda Hojailidäki özbekler özleriniň nägileliklerini aýtmaga Hywa gelende, Isfendiýar han olary tussag edýär. Hojailiň ýaşulylary kömek sorap, Jüneýt hana ýüz tutýarlar. Ol hem üç müň atly nöker bilen Hywa galasynyň sebitine gelip, tusag edilenler bir gije-gündüziň dowamynda boşadylmasa, Paýtagta girip, ählisini derbi-dagyn etjekdigini Isfendiýar hana duýdurýar. Gepleşik netije bermänsoň,,,,,,

Köneler, 1merdan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir