zaman gazetinden Nebit we tebigy gazdan ýylda birnäçe milliard dollar gazanýan Norwegiýa gazanan pullaryndan has netijeli peýdalanmak üçin haýsy pudaga maýa goýum goýmalydygy barada tagalla edýär. Bäş million ilaty bolan ýurtda häzirki wagtda 400 milliard ýewro goýum üçin ýygnalypdyr. Dünýädäki paýnamalaryň bir göterimi bu ýurda degişli. Hiç bir ýurda ýa-da gurama bergisi bolmadyk Norwegiýa 1996-njy ýyldan bäri girdejisiniň artykmaç bölegini maýa goýum goýmakda peýdalanýar. Bu gazna geljek nesilleriň hem nebit we gazdan gelýän girdejilerinden peýdalanmaklary üçin döredildi. Nebiti eksport etmek boýunça dünýäde altynjy ýerde durýan Norwegiýa tebigy gazy eksport etmekde ikinji ýerde durýar. Ýurtda 1971-nji ýyldan bäri nebit çykarylýar. Bu gaznanyň girdejileriniň dört göterimi döwlet büjetine geçirilýär. Esasy pul serişdesi bolsa harçlanmaýar. Bu gazna diňe daşary ýurtlarda maýa goýum goýup bilýär. Golaýda bu gaznanyň gozgalmaýan emläk pudagyna-da bäş göterimine çenlisini ulanmaga rugsat berildi. Gaznanyň pul serişdesi bilen hiç bir şereketiň iki göteriminden köp bölegini satyn alyp bolmaýar.
Norwegiýa
-
kurbi
13 years ago
- BÄH
-
turkmentalyp
13 years ago
- Golaýda bu gaznanyň gozgalmaýan emläk pudagyna-da bäş göterimine çenlisini ulanmaga rugsat berildi.
Gaznanyň pul serişdesi bilen hiç bir şereketiň iki
göteriminden köp bölegini satyn alyp bolmaýar.
shu yokardaky sozlere gowy dushmedim. achygrak dushundirsen gowy boljak.
-
turkmentalyp
13 years ago
- 5 mill. halk, 400 milliard yygnalan pul, 4% budjetniklere gidyar eken, 5 % nedwijemost pudagyna planlananmysh. esasy dashary yurda maliye goymaga ugrukdyrylan. shu metody gowy.
-
turkmentalyp
13 years ago
- zamandan bashga-da sheyle dunya habarlary chap edyan gazetler barmyka?
-
magnit
13 years ago
- bolmagy mumkin mena bilemmok do
-
kabmin
13 years ago
- bizinkilerä satyp gutarjaklar :D
-
Aristokrat
13 years ago
- Gutarjak zat dällaý. Gerek bolsa satmaly bolýada
-
Fatality
13 years ago
- shu dowledi mysal almaly biz. hic bir yurda karzy yok
-
malik
13 years ago
- betow ol yer :D
-
magnit
13 years ago
- wah eye gerek hemme zada....
-
Bravo
13 years ago
- dine balykçylyk bilenem ep esli pul gazanýalara...
magnit 13 years ago- iller gelejekki nesilleriñ aladasyny bilen...