Taze durmuş guran iki yaş çatynja bardy. Goş birikdiren ilkinji günlerinden başlap, durmuşyn ozal pikir edişleri yaly beyle yenil daldigine düşünip ugradylar. Aslyyetinde, bir-birini halamn hem duranokdylar. Juda yygy-yygydan bolmasa-da, ilkinji tanşan günlerindaki süyji pursatlary yatlaşyadylar. Emma hazir, sahelçe söz, yönekeyje hadysa aralarynda dawa we tersleşigin çykmagy üçin yeterlikdi. Bir agşam ikiçak oturyp, ahyrky netija gelmegi maksat edindiler. Ikisi-de ayrylşmak islemeyardi. Emma durmuşyn beyle dowam etmegine-de razy bolup biljek daldiler. Yigit: - Mende bir pikir bar – diydi. “Baga bir nahal oturdaly we eger nahal 3 ayyn içinde gurasa, ayrylşaly. Guraman, ösüp, boy alyp gitse, gaydyp ayrylmak barada pikir hem etmali. Bu wagty dowamynda-da her birimiz ayry otagda yaşaly.” Bu pikir, gelnin hem göwnünden turdy. Ertesi gün, bir miwe agajnyn nahalyny satyn alyp getirdiler we bileje howlularyndaky bagda oturtdylar. Aradan bir ay geçdi. Bir gije, bagda gabatlaşdylar. Ikisinin hem elinde içi suwly bedre bardy… Dana kişiler aýdypdyrlar: «Kim Allahy tanan bolsa, ol ýaradanlar bilen lezzet tapmaz. Kim bu dünýäni tanan bolsa, ol ony islemez. Kim Beýik Allahyň adalatyna akyl ýetiren bolsa, ol hakda şikaýat edilmez».

Köneler, yrsgal tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir