......Atyny ýüzin saldyryp baryşyna Çebşek batyr ýüzüniň ugruna gylyjyny çalsynlyk bilen salyp, onyň gylyjyny gaçyrýar hem atynyň badyna ol batyry dartyp, atynyň öňine kese basyp, yzyna dolanýar. At salyp gelişine onuň boýun damaryndan sol eliniň güýçli penjesi bilen tutup, sag ýumrugy bilen bolsa gulyň türresine urup, dolanyp gelýär. Haçan-da nökerler:-Eý pälwan gul, saňa näme boldy?- diýip soranlarynda, ol gözini açalak –ýumalak edip:-bilmerem, walla, men bura gelip men, megerem, meni ýyldyrym urup, bura getirendir. Kuwwaty çahdy, aman-zamanymy bermedi!-diýýär. Soňra olardan ikinli batyr orta çykyp bilmändir. Iki tarapdan agyr goşyn bir-biriniň üstine çozup, uly gan döküşikli uruş başlanýar. Söweş birnäçe gün dowam edip, ahyrsoňy duşman ejizläp, arka berip, gaçyp başlaýar. Nurberdi hanyň ýany bilen ahally serkerdeleriň goşunlarynyňam ýetişmegi netijesinde basybalyjylar gaty aljyraňlyga düşip, aman dileýärler. Tekeler duşmanyň berkitmede ýatan goşunlarynyda, çeträkde ýatan goşunyny-da ýesir alýarlar. Olar Hemze Mürzäniň goşunynyň gelip ornaşan ýeriniň daşyna aýlanyp, arkalaryndan hüjim edip, aljyraňlyga salýarlar.Gowşut hanyň otrýady Eýran goşunynyň yzyndan gelýän ýüklerini, sülsatlaryny Sarahs bilen aralykda oljalaýarlar. Gije, daňdanlar suw almaga baran duşman nökerlerini suwyň boýyndaky gamyş tokaýlarynyň arasynda bukyda ýatan teke ýigitleri duýdansyz tutyp, suwa çümdürip, suwyň içi bilen äkidýärler. Eýran goşunynyň toplarynyň atylyşy bilen öwrenşenden soň, türkmen jigitleri ondanam gorkmandyrlar.Şeýlelikde, söweşiň ahyrky güni adatdakydanam aýlyganç bolýar. Porsyýap boýundaky gazaply söweşler netijesinde, duşmanlar ýeňilip, dagap başlaýarlar. Ýaraglaryny taşlap, çöke düşip otyrýarlar. Käbirleri azan aýdyp durýarlar. Garaz, gaçyp dargan goşunyň içinde ölmän yzyna gaýdyp barany barmak basyp snaýmaly bolýar. Haçanda Horasanyň(Maşat) hany we Eýran şasy öz ýeňilmez derejede taýýarlap ugradan goşunnyň masgara bolyp ýeňilendigini eşdenlerinde başlary aýlanyp, ynanjagyny-ynanmajagyny bilmän, akly-huşy çaşyp: “ Ne oldy, zernigar-zaňňar” diýip, başlaryny iki ýana ýaýkap durýar. Bu urşda Gurbanmeňli ogly Çebşek batyr ýaly ýigitleriň ençemesi wepat bolýar.Şol uruş bolan ýere soň-soňlar Porsyýap(maslyklaryň porsaşyp ýatmagy sebäpli) diýlipdir. Mary, Ahal hanlyklarynyň birleşen güýjinden ýeňilen goşuny Nyýazmät(Porsy) galadan gaçyp gaýdandan soň, wepat bolanlaryň ýasy tutylyp, ençeme gün sadaka berilýär, aýat-töwür okalýar. 1861-62-nji ýyllaryň sepgidinde Gowşut han uly maslahat geçirýär. Ol il bähbidini arap, edilmeli işler baradaky gürrüňini jemläp durka, Nurberdi hanam ýaşulylarydyr serdarlary bilen myhmançylyga gelýär.Myhmanlaryň hormatyna üç günläp toý tutylýar. Myhmanlar birnäçe günläp bu ýerde bolýarlar. Saryk-salyr ýaşulylarynyda çagyrýarlar. Olar bilen ata-baba garyndaşdyklaryny ýatlaşýarlar.... Gowşut han myhmanlar gaýtmanka, öz wekillerini we nökerlerini çagyryp, maslahat geçirýär. Şonda ol üç meseläni orta atýar: 1. Ahal ýurdy we Ahal hanlygy teke türkmenleriniň esasy hanlygy bolmaly, şoňa göräde Mary hanlygy we Mary hany Ahal hanlygyna we hanyna garaşly han bolyp durmalydyr. 2. Nurberdi hany teke türkmenleriniň hany diýip müwessa edip, ony hanlar-hany etmeli. 3. Ýokardakylar bilen ugurdaşlykda Nurberdi hanyň abraýyny tutyp, oňa abraýly ýeriň maşgalasyny alyp bermeli. Maryda-da bir öýüni dikmeli. Ýer-suw, mülik berip, öz islän ýerinde oturtmaly. Nurberdi han Ahalda ýa-da Maryda bolanda-da öz öýünden örse, hemme tarapdan gelşikli we laýyk bolar. Ýaşulylar Gowşut hanyň teklibini makullaýarlar, ýöne abraýly ýeriň maşgalasyny tapmagy onuň özine ynanýarlar. Şondan soň Gowşut han Marydaky gajar urşunda wepat bolan Çebşek batyryň garyndaşy, Töre sokynyň gyzy, Hangeldi sokynyň uýasy Güljemaly Nurberdä alyp berýär. Nikalap, üç günläp uly toý etýärler. Soňra Gowşut han bir wagt özünden öýkeläp, Sarahsdan giden Hojamşüküri getirtmek üçin birnäçe ýaşulylary we düýekeşli kerweni ugradyp, töwella bilen ony Mara göçürip getirýär. Ony ýene-de özüniň iň ýakyn maslahatçysy edinip, onuň islegi boýunça öz obasy Wekilbazarda otyrdýar. Gowşut han aksakallar bilen maslahatlaşyp, Eýran we owgan çäklerine çenli dagap ýören salyr, we saryk garyndaşlaryň gadymy mekanlary bolan Sarahsa we Pendi ýurduna ýygnanmagyny gazanýar.1865-nji ýyl töweregi Marynyň gülläp ösen döwüri hasaplanylsa-da, daşky duşmanlaryň howpynyň güýçlenýän wagtydy. 1868-nji ýylda Buhara emiriniň üstine rus patyşasynyň goşuny çozuşa taýýarlanýar. Gowşut han Buhara emiriniň özini kömege çagyrýandygy baradaky habary Kaspi tarapdan gelýän rus basybaljylaryna garşy taýýarlanyp ýören hanlar hany Nurberdä ýollaýar-da, özi Buharadan gelen wekiller bilen agyr goşyn çekip kömege ugraýar. Emma olar fronta ýetmänkä, Zerbulak beýikligindäki söweşde Buharanyň goşuny ýeňilip, rus generaly Kaufman bilen ýaraşyk baglanşanlygy sebäpli, Gowşut hanyň goşuny uruşsyz yzyna dolanýar. Soňra Gowşut han goranyş galanyň gurluşygyny has-da güýçlendirýär we 1874-nji ýyllarda tamamlaýar. Sarhsdan Mara göçülip barylanda(1858), gedaý sypatyna giren Aly han atly rus ofisseri-içalysy peýda bolýar. Ýerli halk oňa Aly mülhit diýip at berýär. Ol haramzada gyş wagtlary çilimsazlyk edip, tomsuna gara meşikde suw satyp gezen. Bu ýerde 15 ýyla golaý bolyp, Nurberdidir Gowşut han dagynyň gizlin maslahatlaryny, harby syrlaryny, maksat-planlaryny bilýär we aram-aram ýitrim bolýar, öz baýarlaryna habar berip durýar. Ol kezzap ahyrsoňy ynama girip gala aralaşýar, hyzmatkärlige ýetýär. Şunlykda, erbet derman-däri bilen üpjin edilen mülhit şol yzarlap ýörşine, amatly pursat tapyp, hanyň petekli aýakgabynyň içine we peteginiň aşagyna iýiji keselini döredýän dermany gaýym dökýär. Onsoň ýakyn günlerde “Gowşut hanyň aýagynda ýara dömüpdir” diýlen şun habar ýaýrap başlaýar, emma Aly mülhit welin, eýýam zym-zyýat, ýitrim bolýar. Ol pürsiýanyň ýaramaz niýetlidigini diňe şondan soň bilip galýarlar. Şondan soň Gowşut hanyň aýagyndan dörän iýiji keseli ýaýrap ugraýar. Han aýagynyň çapylmagyny soraýar, emma bu teklip wagtynda bitirilmänsoň, kesel ýokaryk-ýürege çenli ýaýraýar. Şunlykda,1878-nji ýylda türkmeniň abraýly serkerde hany-Gowşut han(56-ýaşynda) rus içalylary tarapyndan awylanyp öldürilýar. Ol Marynyň golaýyndaky Hoja Abdylla gonamçylygynda jaýlanýar. Gowşut han ölensoň, onuň ornyny tutan mynasyp adam bolmandyr. Daşky duşmanlaryň hileli täsiri netijesinde bulaşyklyk, oňuşyksyzlyk güýçlenýär. Täçgök serdar öz syçmaz tiresi bilen Mäne-Çäçä, Hojamşükürem Mary aýagyna-Tejene göçýär. Gowşut hanyň ölümi külli türkmen üçin agyr we uly ýitgi bolan bolsa, duşmanlar üçin örän amatly utyş bolýar. Şondan soň türkmen halky uzak ýyllaryň dowamynda köp sanly muşakgatlara, zulum-sütemlere döz gelmeli boldy. Ýöne “öňim gelenden –soňym gelsin” diýlişi ýaly, ata-babalarymyzyň-erkin ýaşamagy arzuwlan türkmenleriň asyrlar boýy ýüreklerinde besläp gelen özbaşdak, garaşsyz, berkarar döwleti döredildi. Goý, biziň Türkmenistan döwletimiz demirgazyk ýyldyzy kimin parlap, ebedi dowam edip, uzaklara şöhle saçsyn. Gowşut hana degişli ýokarky maglumatlaryň aglabasy merhum kyssaçy Suhanberdi Annagurban oglunyň(1898-1983) söhbetinden(Türkmenistanyň YA-nyň golýazmalar fondy N-3749 bukja) alyndy. Türkmenistanyň ylymlar akademýasynyň “ENSIKLOPEDIÝA” neşirýaty Aşgabat -1992

Köneler, 1merdan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir