1. Şu gün Hywa hanynyň goşuny ýeňildi. Mädemin han öldi. Sarahsa getirilen goşun sülsatlary Gowşut hanyň döwletine, hanlygynyň hasabyna geçirilmeli. 2. Hywanyň dagan goşunlaryny ýygnap, ýesir alnan goşunlar bilen bilelikde ýol şaýyny tutup, azyk-suwlyklaryny üpjin edip, Hywa ugratmaly. 3. Iki tarapdan ölen adamlary her tarapyň özi tiz-tiz jaýlamalydyr. 4. Agyr hem ýeňil ýaralananlary Gowşut hanyň galasyna ýygnap, gutulýançalar seretmeli. Olara seretmek üçin tebipleri we ýörite adamlary goýmaly, gutulansoň olary öz ýurdyna ugratmaly. 5. Iki sany mähremi we on sany nökeri bilen şaýlaryny tutup, hut şu gün Mädeminiň meýdini ugratmaly.Goý olar öz hanynyň jesedini hala Mara, hala-da Hywa äkidip, hala-da Sarahs babada jaýlasynlar, olaryň ygtyýarlary özlerinde. 6. Hanyň ýany bilen gelenleriň gitjeklerinede, galjaklarynada ygtyýar bermeli. Onsaňam şu gandöküşikliligiň günäkäriniň hut Mädeminiň özüdigini “myhmanlara” wagz-syýasat arkaly düşindirmeli. 7. Ýaşulylaryň maslahaty bilen edilen şu tabşyryklary ýerine ýetirmekligi hem-de berjaý edilşini barlap durmagy Täçgök serdara, Hywa ýesirlerine degişli işleri bolsa Mätýakup serdara hem-de Mätjan ýaşula tabşyrmaly. Soňra Hywalay ýesirleri, hat-da Mara çenli gaçanlaram gaýtarylyp, ýol şaýy tutulylyp, ulaglara mündürilip ugradylýar. Mädemin hanyň garnynyň ýyrtylanlygy sebäpli, iç-goşlaryny aýyryp, ýuwup päkizeläp, ak mata dolaýarlar, soňra bolsa täze polasa çolap, güýçli ineriň üstine keseligine ykjam baglap, şol gün gijara(1855-nji ýylyň 12-nji martynda) ugradýarlar. Şol uruşda Töre sokynyň gyzy, Hangeldi sokynyň uýasy Güljemal(18-19 ýaşlarynda) ýaly teke gyz-gelinleri hem elleri keserli, syndyly, pyçakly uruş edýärler. Güljemalyň garyndaşlary Çebşek batyr, Köpek batyr, Gülçar batyr, Gutly mergen, Çary gapan, Hajy gaplaň (şol söweşde ölýär) dagy hem edermenlik görkezipdirler. Şol söweşde Güljemalyň adamsy Anna (Annaöwez) hem wepat bolýar. Hywa hanynyň bigünä halkyň üstüne goşun çekip gelmegi öňem çar tarapdan gysylan tekeler üçin uly ýitgiler getirýär, birnäçe gonamçylyklaryň döremegine sebäp bolýar. Nurberdi hanyň baştutanlygynda Ahaldan gelen myhmanlar heniz Sarahsdan ugrap-ugramanka, yzlaryndan Eýran şasynyň goşunlarynyň Gökdepä, esasanam, ilatyň has köp ýeri bolan Hurmanda duýdansyz çozup, çaga-çugalara çenli, hatda göwreli aýallara çenli çapyp, talap gidendikleri hakdaky habar gelýär. Gyssagly maslahatda Gowşut we Nurberdi han dagy belli-külli netijä gelýär. Gowşut hana bu ýerdäki urşuň ýetiren nogsanlyklaryny düzetmek tabşyrylýar. Ahally myhmanlar tiz ýola düşýärler. Ýolda duşmanlar barada, halka rahatlyk bermek, ogul-gyz ýetişdirip, olara hat-sowat öwretmegiň zerurlygy, baryp Görogly zamanyndan (8-9-njy asyrlardan) bäri ata-babalarnyň başyndan geçiren agyr günleri barada söhbet açylýar. Gowşut han hywa ýesirlerini ugradandan soň, ýaşulylary we nöker başylay çagyryp, maslahat edýär. Onda uruşda iki tarapdan köp ýitginiň bolandygy, Hywa hanlygy bilen teke türkmenleriniň arasynda köp wagt bäri gamyş köpriniň bolanlygy, emma Mädeminiň hatda öz halkyna we ýaşulylaryna hem maslahat salman, duýdansyz gabahat işe girişip, uly betbagtçylyga sebäp bolandygy, şunlykda, indiden beýläk Sarahsda otyrmagyň gorkulydygy, çünki Sarahsdaky täze galany özleriniň garşysyna göreşmek maksady bilen salan hasaplap, Eýran şasydyr hanlarynyň howp salýanlygy ýaly meseleleriň üstünde durulýar. -----Mary töwerekleri Mädeminiň ölümine çenli Hywa hanlygyna garaşly türkmen begligi bolan-da bolsa, indiden beýläk Maryny Hywa garaşly raýat hasap etmeli däl. Aslymyzam ahally bolansoň, ahal ýurdunda-da ýagdaý agyr bolansoň, indiden beýläk bize hanlygyň merkezini we ilini Mara eltmegi ahally ýaşulylaram makulladylar.— ---diýip, Gowşut han sözüniň ahyrynda aýdýar.Şondan soň Mara iberilen 5 wekil saryklaryň hany Sary hanyňka barýarlar we ýagdaýy düşündirýärler. Soňra bolsa özlerine Mary-Murgap derýasynyň bir gapdalynyň berilmegini haýşt edýärler. Saryk garyndaşlaryň hany ýaşulylary maslahatlaşyp, Mary etrabyndan ýer bermejekdiklerini Gowşut hana ýetirmegi aýdýarlar.(1857) 1858-nji ýyllaryň başlarynda Gowşut hanyň iberen wekilleri Ahala-Gökdepä gelýärler. Olar Nurberdi hana habarlaryny berýärler.----Indi Sarahsda durarlyk ýok. Eýranyň agzy Sarahsda, Sarahsam Eýranyň agzynda. Aslymyzam, düýbümizem Ahal. Ahala barmakçy bolanymyzda “Ahalyň ýagdaýy öňem ýabygorly, gurakçylyk, ot-suw, öri çarwalar üçin ýetmezçilikli ýagdaý. Garşyda duşmanlaryň has-da möwjeýän wagty. Iň gowysy Mara süýşiň” diýip, netijä gelipdiňiz.Biziň Mara barmagmyza-da saryk garyndaşlarymyzyň ýaşulysy Sary han garşy. Olar Murgabyň bol ýer-suwuna deň şäriklige razylyk berenoklar. Hatda uruşmagada taýyndygyny aýtdylar. Uruş bolsada nähak gan döküljek. Indi näme etmeli?—diýip, Gowşut hanyňkyda bolan maslahatyň netijesini hat hem dil üsti bilen aýdýarlar. Nurberdi han aksakallar bilen maslahatlaşandan soňra:....... (dowamy 1-nji gün) Türkmenistanyň ylymlar akademýasynyň “ENSIKLOPEDIÝA” neşirýaty Aşgabat -1992

Köneler, 1merdan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir