Saň ýurdunda bir adam işi-pişesini maýmyn saklamak edinipdir. Ol maýmynlara, maýmynlar hem oňa düşünýän ekeni. Maýmynçy öz maşgalasynyň agzyndan kesip, maýmynlaryna iýdiripdir. Ýöne bir ýyl guraklyk bolup, öýdäki azyk-suwlugyň aňyrsy görnüp başlapdyr. Onsoň maýmynçy maýmynlarynyň iýmitini kemmäge mejbur bolupdyr. Ýöne ol maýmynlar muny kabul etmez öýdüp gorkup, olary aldamak kararyna gelipdir. -- Ýyl agyr geldi, azygy tygşytly tutmasak boljak däl. Şoň üçin men size her gün irden üç, agşamlyk dört hoz bersem bolarmy? -- diýip, maýmynçy maýmynlaryndan sorapdyr. Muny eşiden maýmynlar dergazap bolup, ala-wagyrdy turzupdyrlar. -- Bolýar, oň ýaly bolsa, men size irden dört, agşamlyk üç hoz bereýin-- diýip, maýmynçy maýmynlarynyň ýüzüne soragly bakypdyr. Maýmynlar muňa hoş bolup, duran ýerlerinde dik ýokaryk böküşipdirler.

Köneler, student3 tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir