1. Ogullarym, diňläň ataňyzyň öwüt terbiýelerini, düşünje almak üçin gulak asyň. 2. Çünki size gowy bilim berýärin, meniň öwüdimden ýüz öwürmäň. 3. Menem atamyň perzendi boldum, enemiň eý görýän ýalňyzydym. 4. Atam maňa şeýle öwretdi: "Sözlerimi ýüregiňe bagla. Buýruklarymy berjaý et, şonda ýaşarsyň. 5. Danalyk al, paýhasa eýe bol. Aýdanlarymy unutma, sözümden çykma. 6. Danalykdan aýrylma, ol seni gorar; söý ony, saňa gözegçilik eder. 7. Danalygyň başy şudur - oňa eýe bol. Bir zat satyn alsaň - paýhas al. 8. Oňa hormat goý, ol seni göge göterer; ony bagryňa bas, ol seni şöhratlandyrar. 9. Başyňa güllerden boglan ajaýyp täç geýdirer; öwüşginli täji serpaý eder". 10. Diňle, oglum, aýdanlarymy kabul et, uzalar ömrüň. 11. Saňa danalyk ýollaryny öwretdim, dogrulyk ýodalaryndan ýöretdim. 12. Ýöräniňde aýagyňa päsgelçilik bolmaz; ylganyňda büdremersiň. 13. Terbiýä berk ýapyş. Ony goýberme, ony gora. Çünki ol seniň ýaşaýşyňdyr. 14. Ýaramazyň ýodasyna gadam basma, ýöreme ýamanlaryň ýolundan. 15. Daş dur şol ýoldan. Ondan gitme. Ondan sowlup geç. 16. Çünki ýamanlyk etmeseler uklap bilmeýärler; birini büdretmese, gözi bürülmez. 17. Olar ýaramazlyk nanyny iýýärler, zalymlyk şerabyny içýärler. 18. Ýöne dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy ýalydyr, gün dogýança, gitdigiçe ýagtylýandyr. 19. Ýaramazlaryň ýoly tüm- garaňkylyk ýalydyr, olar nämä büdrändigini bilmeýärler. 20. Oglum, sözlerime üns ber, aýdýanlaryma gulak as. 21. Olary gözüňden salma, ýüregiň töründe sakla. 22. Çünki olary tapana ýaşaýyş, tenlerine şypa berler. 23. Bar güýjüň bilen ýüregiňi gora, çünki ýaşaýşyň gözbaşy ýürekden gaýdýar. 24. Agzyňdan egriligi, diliňden hilegärligi aýyr. 25. Gözleriň dogry öňe seretsin, nazaryň göni öňe dikilsin. 26. Aýak basjak ýodaňy dogrula, şonda ähli ýollaryň berk bolar. 27. Saga-sola sowulma, ýamanlykdan daş dur.

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir