Tehnologiýa, inženerçilik we ykdy­ sadyýet hünärlerini okatmak bo­ ýunça dünýäde öňdeligi eýeleýän bu ýokary okuw jaýy ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Boston şä­ herinde ýerleşýär. (Iňlis dilinde: Massachusetts Institute of Technology - MIT). Institutyň mugallymlaryndan, uçu­ rymlaryndan Nobel baýragyna my­ nasyp bolanlaryň sany 72-ä ýetip, 15 sanysy soňky 5 ýylyň dowa­ mynda aldy. Bu ýokary okuw jaýy dünýäde ilkinjileriň hataryna gir­ ýär. MIT 1861-nji ýylda döredilendigi­ ne garamazdan 1865-nji ýylda Bostonyň merkezinde kärdendesi­ ne ýerleşen bir binada ylym ber­ mäge başlady. 1916-njy ýylda şä­ heriň Çarles derýasynyň kenaryna häzirki binasyna göçýär. Institutyň jemi 26 bölümi bolup, bäş fakulteti (mekdep) we bir kol­ leji bardyr. Olarda jemi 10 müň 384 talyp okaýar. Massaçusets tehnologiýa instituty­ nyň bäş sany esasy kitaphanasy bardyr. Bulardan başga-da ýörite we arhiw kitaphanalary bardyr. 2,8 million neşir edilen kitap, elektron maglumatlar çeşmeleri, 43 müň neşir edilen we elektro­ nik görnüşde žurnal, 570 umumy maglumatlar bazasy bardyr. Insti­ tutyň baş muzeýi 1971-nji ýylda döredilýär. Mundan başga-da in­ stitutyň Ylmy muzeýi hem meşhur­ dyr. Gündelik gazetler, žurnallar, dürli klublar, teatrlar, kitaphanalar, mu­ zeýler, howuzlar, stadionlar, beýle­ ki sport desgalary talyplaryň okuw, sport bilen meşgullanýan ýerleridir. Bu ýerlerde olar öz is­ legleri bilen gurnaklaryň birine ýa­ zylýarlar. Hersi öz hünäri boýunça kluba ýazylyp bilýär we bu ýerde bolmagy talyp üçin amaly tejribe bolýar. Häzir uniwersitete degişli 380 sany gurnak we talyplaryň to­ pary bardyr. "zaman" gazeti

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir