Jepakeşlik we başgalaryň aladasy bilen gurşalmak, başgalary ýaşatmak üçin ýaşamak ynsan oglunyň iň belent, haýyrly we tämiz duýgularyndan biridir we onuň çeşmesi-de söýgüdir. Ynsanlar arasynda bu söýgüden iň uly paýy alanlar beýik gahrymanlardyr. Köňüllerindäki kinäni, ýigrenji çykaryp zyňmagy başaran iň beýik gahrymanlar... Hazan ýelleri bularyň güllerini solduryp bilmez. Aslyýetinde, her gün içki dünýälerinde söýgi şemlerini ýakyp, kalplaryny, köňüllerini söýgüniň mekany halyna getiren we duýgy dünýälerinde açan ýodadyr ýollary we geçelgedir ötelgeleri bilen ähli köňüllere girmegi başarýan bu ruhlar, iň beýik diwandan ebedi ýaşaýyş serpaýyny alandyrlar, şonuň üçin, diňe ölüm we panylyk däl, kyýamatlar hem olaryň güllerini solduryp bilmez.
Söýgi seriýasy (2)
-
mirasymyz
13 years ago
- Heniz hem yza dolanyp, Ony söýüp bilsek, şeksiz-gümansyz Ol hem bizi bir-birimize söýdürer. Ýöne, biz entekler söýgüniň gözbaşyndan uzak; barýan ýollarymyz Oňa eltmeýär; belki, has-da daşlaşdyrýar. Niçeme ýyldyr, ruhlarymyza söýgi ýagmaýar. Köňüllerimiz gury, çöller kibi ... Içki älemimizde birgiden boşluk... Boşluklar hem göýä ýylan-içýanlaryň hini. Ähli bu dertleriň bir dermany bar; ol hem, Allah söýgüsi.
Allah söýgüsi ähli söýgüleriň iň päk, iň dury çeşmesidir. Köňüllerimizde bar bolan mähir-muhabbet gözbaşyny şol çeşmeden alyp gaýdýandyr. Allah söýgüsi biziň dinimiz imanymyz, oldur jesetde janymyz. Barlygyň özeni, esasy Onuň söýgüsidir. Ol ýaradan her bir zadyny söýgä bagly ýaradandyr.
-
mirasymyz
13 years ago
- Butlar, olara ybadat edilýändigi üçin butparazlar tarapyndan mabud (özüne ybadat edilýän, ylah) hasaplanyp gelnendir; Allah bolsa, Allahdygy üçin mabud we mahbubdyr. Şonuň üçin, ynsan her daýym gulluk duýgusy bilen Ony söýüp, Oňa bolan wepamyzy saklap, yhsan eden nygmatlarynyň şükrüni kylyp ýaşamaly.
-
turkmenntug
13 years ago
- hakyky söýgi!!!
Sag bol miras aga.
-
1merdan
13 years ago
- sag bol miras aga,gowy(gaty gowy)tema ýogsa söýgini eňňere etjeklerä köpisi
-
ahalyigidi
13 years ago
- mashallah capbii
-
menbet
13 years ago
- cappiiiiiiiiii
-
menbet
13 years ago
-
menbet
13 years ago
-
menbet
13 years ago
-
menbet
13 years ago
mirasymyz 13 years ago- Ynsanlaryň köňlüni hoşnut etmegiň iň gysga ýoly, söýgi ýoludyr. Bu ýol pygamberleriň ýoludyr. Bu ýolda ýöränleriň ýüzüne gapylar ýapylmaz! Birde-ýarymy ýapylaýsa-da, onuň ýerine ýüzlerçesi, müňlerçesi açylar.
Aslyýetinde, biz Allahdan daşlaşdyk. Ol hem bizi biri-birimizden daşlaşdyrdy. Ynanyp, söýülmeli derejesinde söýüp bilmedik Ony. Ol hem söküp aldy ruhlarymyzdan söýgi duýgusyny... Ählimiz söýmäge, söýülmäge mätäç. Ählimiz mähir-muhabbete, merhemete teşne. Ony söýmändigimiz üçin, Ol hem söýgüni, hormaty aldy köpümiziň elimizden.