Aýallara zulum edilmeklik – global meseleleriň biri. 1999-njy ýylda Birleşen milletler guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasy noýabr aýynyň 25-ni aýallara zulum edilmegi düýbünden ýok edilmegiň Halkara güni diýip yglan etdi. Bu aýallaryň hukuklarynyň bozulýandygyna jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek maksady bilen edildi. Şeýle çäräniň görülmegine näme sebäp boldy? Köp ýurtlarda aýal maşgala "ikinji" derejeli adam hökmünde garalýar. Aýallara bolan bu garaýyş öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Aýallara zulum edilmegiň ähli görnüşleri ösen diýip hasaplanylýan ýurtlarda hem bardyr. BMG-niň öňki baştutany Kofi Annan bu babatda şeýle aýdýar: "Aýallara zulum edilmek ähli jemgyýetlere, medeniýetlere aýallaryň etnik gelip çykyşyna, sosial ýagdaýyna, maddy üpjünçiligine, beýleki ýagdaýlaryna garamazdan mahsusdyr". Adalat ugrunda göreşiji Radhika Kumaraswami aýallara zulum edilmek barada ýörite doklad bilen BMG-da çykyş edende, aýallaryň köpüsi üçin zulum edilmek baradaky meseläniň gadagan we ara alyp maslahatlaşmak üçin aýyp hasaplanylýan meseledigini belledi.
AÝALLARA ZULUM EDILMEKLIK
-
Adgjmptw
13 years ago
- Köp ýurtlarda aýallar dil,
duýgy, fiziki taýdan
zuluma ýa-da zorlanma
sezewar bolýar. Netijede,
yza, weneriki keseller,
ukynyň bozulmagy, nerw
ulgamynyň şikeslenmegi,
arakhorluk, işsizlik ýüze
çykýar. Umuman
aýdylanda, aýalyň
durmuşy weýran edilýär
we onuň töwerekdäkilere,
esasanam erkek adamlara
bolan garaýyşynda diňe
ýigrenç duýgusy,
ynanmazlyk orun tapýar.
Britaniýada her minutda
polisiýa bölümine zuluma
sezewar edilen aýallardan
biri jaň edýär. Sasseksiň
polisiýasynyň habar
bermegine görä,
"Ýewropanyň aýallary
zulum edilmä garşy" atly
gurama zorlanan aýallar
üçin ýörite
gaçabatalgalary gurnaýar.
2008-nji ýylda aýallary
goldamak boýunça
Federasiýa maşgalada
fiziki zulum edilmeden we
zorlanmadan ejir çeken
108 690 aýal maşgala we
39 130 çaga goldaw
berdi. Telefon arkaly
kömek soranlaryň sany
150 000 ýetdi.
Italiýada hem aýallara
zulum edilmek bilen bagly
wakalaryň sany artýar.
Milli hasaba alyş
institutynyň berýän
maglumatyna görä, 6,7
million aýal zuluma
sezewar edildi, olar bilen
birlikde çagalary hem ejir
çekdi. Rimiň "Dürli
aýallar" atly
ynsanperwerlik
merkezindezuluma uçran
aýallar üçin 5 gaçybatalga
işleýär. Ol ýerde zulum
edilmeden ejir çeken
aýallara başdan geçiren
agyr wakalary ýeňip
geçmäge, öz-özlerine
bolan sylag-hormaty
gaýtarmaga, ýaşaýşa we
durmuşa bolan höweslerini
dikeltmäge kömek
edilýär.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Aýal hemişe öz çagasy
barada aladalanýar.
Elbetde, bu şeýle hem
bolmalydyr. Ýöne
gynansak-da, käbir
maşgalada erkekler
aýallaryna zulum
edenlerinde, urup-
sögenlerinde, aýal bu
barada hiç bir adama
habar berip bilmeýär.
Munuň esasy sebäbi –
erkek adam aýaly
çagalaryndan mahrum
edip biljekdigini
aýdanlygyndadyr.
Maşgalada sagdynlyk,
abatlyk bolmasa, aýal
näçe jan etse-de, erkek
tarapyndan zalymlykdan
başga zat görmese, şeýle
maşgalany saklamak
gerekmikä? Aýal diňe özi
barada pikir etmän, eýsem
çagalarybarada
pikirlense, ol zulum edilmä
asla çydamaly däldir. Her
bir aýal öz-özüni gorajak
bolmaly, gerek bolanda,
degişli edaralara
ýüzlenmeli.
Hususy öýlerden,
maşgaladan başlap tä uly
şäherleriň we ýurtlaryň
derejesine ýetýänçä,
aýallara zulum edilmäni
aradan aýyrmak zerurdyr.
Aýal maşgala aslynda
örän ejiz ynsan hökmünde
ýaradylandyr. Ol erkekler
tarapyndan, umuman
jemgyýet tarapyndan
goralmaga mynasypdyr.
Aýal diýlende, ilki bilen
hakydaňa ene diýen
düşünje aralaşýar, ene
bolsa mähir-muhabbete
ýugrulan, her bir adam
üçin iň ýakyn we mähirli
ynsandyr. Her bir
gyzjagaz, uly gyz, ýaş
gelin – geljekki mährem
enedir. Bulara zulum
etmek adamkärçiligiň
düýbünden ýok
edilmegini aňladýar.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Uruş döwründe hem
aýallara zulum etmek,
olary zorlamak bilen,
duşmanlar belli bir
halkdan, milletden,
jemgyýet toparyndan ar
alýar, olaryň mertebesini
peseldýär. Aýal maşgala
öz namysyny tug edinýär,
onuň harlanylmagyna ýol
beresi gelmeýär. Taryhy
wakalardan belli bolşy
ýaly, duşman aýallary
zorlamak islände, aýallar
öz janlaryna kast edip, ar-
namysyny
depeletmändirler.
Tebigat aýal maşgalany
näzik we gözel şekilli
döredipdir. Emma zenan
maşgala ejiz bolmaly
däldir. Häzirki döwürde,
adamzadyň
hemmetaraplaýyn ösýän
we özgerýän dünýäsinde,
her bir adam, şol sanda
aýal maşgala-da öz-özüni
goramagy başarmalydyr.
Köp ýyllaryň dowamynda
aýallar öz hukuklary
ugrunda göreşip, bu
babatda kanunlaryň
çykarylmagyny
gazandylar. Zuluma
sezewar bolýan aýalyň,
gyz maşgalanyň öz
ykbalyna özleriniň eýe
çykmagy örän wajypdyr.
Zuluma sezewar bolan
maşgala sesini çykarman,
bu ýagdaýa çydap otursa,
zorlugy boýun alsa, oňa
zulum etmekligi dowam
ederler. Şol sebäpli hem,
özüne zulum
salynýandygyny duýýan
aýal haýal etmän hukuk
goraýjy edaralara
ýüzlenmelidir. Mundan
başga-da her bir
döwletde, sebitde
Zenanlar Guramalary
işleýär. Zorlanan ýa-da
zulumae sezewar bolan
aýal çekinmän, hemaýat
soramaly, adalatly çözgüt
ugrunda göreşmeli.
Ýene-de bir ähmiýetli zat:
her bir aýal ilki bilen özüni
sylamaly, öz gadyryny
bilmeli, özüne sarpa
goýulmagyny gazanmaly.
Şeýle edilende, aýal
maşgalany
töweregindäkiler-de,
ýakynlary-da hormatlaýar.
-
Adgjmptw
13 years ago
- saglyk.info/
-
Adgjmptw
13 years ago
- Näme ýaltanýaňmy doly okamaga :-)
-
prezident
13 years ago
- aý menä näme diýjegimem bilemok.
kim "цветок пустыни" diýen kinony gördi,gaty gowja film, maslahat berýän şu tema degişli.
-
yrsgal
13 years ago
- kabir yurtlarda ayal ikinji yerde diyip yene shol samsyk pikirini yoretyaler. Amal etman aydyp goybermek itin ansady. IKINJI yerde goryalermi ya-da YARADYLSHY ejiz diyalermi onerti okap gor. Shol ikinji yerde gorulyan yurutlarda Ayalyn kanuny hokumetde-de beyikdir okap amal etyan kitabyndada beyikdir.
-
yrsgal
13 years ago
- Kiçijik oglan ejesinden sorady:
-Sen näme üçin aglaýan?
-Sebäbi men - zenan.
-Men düşünmedim!
Ejesi ogluny gujaklady da:
-Muny sen hiçhaçan düşünip
bilmersiň-diýdi.
Onsoň kiçijik oglan kakasyndan
sorady:
-Näme üçin ejem käwagt
sebäpsiz aglaýar?
-Bütin zenanlar käwagt sebäpsiz
aglaýarlar-diýip jogap berdi.
Soň oglan ulalyp, bir uly adam
boldy, ýöne zenanlaryň näme
üçin aglaýandygyny düşünip
bilmedi.
Şonda ol Taňrydan sorady. We
Taňry jogap berdi:
Haçanda zenany
ýaradamda,hiçzada
meňzetmän,üýtgeşik ýaratdym.
Zenana güýçli bir egin berdim,
sebäbi bütin dünýäni saklap
bilmegi üçin we näzik egin
berdim sebäbi çaganyň kellesini
goymagy üçin.
Zenana güýçli bir ruh berdim,
sebäbi çagany dünýä getirende
ol agyryny we başga agyrylary
çydap
bilmegi üçin.
Zenana bir erk berdim, sebäbi ol
durmuşda ýykylsada öňe
gidmegi we başgalary
ýykylanda ýarawsyz
bolanda,ýadaw bolanda kömek
etmesi üçin.
Zenana mähirlik berdim, sebäbi
her nähili ýagdaýda bolsada
çagalaryny söýmegi üçin.
Zenana güýç berdim, sebäbi
ýoldaşynyň kemçiliginde oňa
kömek etmegi üçin.
Zenany erkekiň gapyrgasyndan
ýaratdym, sebäbi onuň ýüregini
goramagy uçin.
Zenana akyl berdim, sebäbi
gowy är hiçhaçan öz aýalyna
azap çekdirmez diýip düşünmesi
üçin.
We Soňy bilen,Zenana bir göz
yaş berdim, islän ýerde aglamasy
üçin. Zenanyň owadanlygy ol
onuň lybasy ýa, saçy ýa da
manikyury däldir.Onuň gözelligi
onuň gözlerindedir we ol
ýüregine barýan ýoludyr. We şol
ýer, söýgä gurşalandyr.
-
Miskin
13 years ago
- "JENNET ENELERIŇIZIŇ AÝAGYNYŇ AŞAGYNDADYR" diýip, Aýal maşgalalara hormaryň, sylagyň iň ýokary derejesini görkezen Pygambermiz Muhammet (s.a.w)-i hakykaty bilen tanan we onuň ýoly bilen ýörän YNSANY däl, HAÝWANY hem ynjydasy gelemez.
Jemgyýetdäki munyň ýaly kynçylyklaryň dermany hökmünde Pygambermiziň (s.a.w) durmuşyny we nesihatlaryny has ýakyndan öwrenip amal etmegimiz gerek.
Adgjmptw 13 years ago- Aýallaryň ýagdaýlaryna
dürli ýurtlarda gözegçilik
edýän guramanyň habar
bermegine görä, Günorta
Amerika ýurtlarynyň
birinde aýallaryň 23% (her
dördünji aýal) zulum
edilmekligiň dürli
görnüşine sezewar bolýar.
Beýik Britaniýanyň Içeri
işler ministrliginiň
maglumatlaryna görä, bir
ýylyň dowamynda
Angliýada we Uelsde
adamsynyň ýa-da başga
bir erkek adamyň elinden
her hepdede orta hasap
bilen iki aýal heläk boldy.
"India today
international" žurnalynyň
habar bermegine görä,
"Hindistanda gorky
aýallaryň aýrylmaz
hemrasyna, zulum edilme
bolsa her çüňkde, islendik
jemgyýetçilik ýerlerinde
we islendik wagt duş
gelýän‚ geçegçä"
öwrülipdi. "Halkara günä
geçiş guramasynyň berýän
maglumatlaryna
laýyklykda,aýallara we
gyzlara zulum edilmek
meselesi adam
hukuklarynyň
bozulmagynyň iň giňden
ýaýran meseleleriniň
biridir".
Dogrudan hem, dünýädäki
aýallaryňwe gyzlaryň
ençemesi uruş döwründe-
de, parahatçylyk
döwründe-de zulum
edilmekden ejir çekýär.
Olara döwlet, jemgyýet
we garyndaşlary zulum
edip bilýär