Baýramaly han Marynyň hökümdary bolypdyr. Ol Maryda gajarlaryň agalaryny berkleşdirmek ugrunda görüşipdir. Salyr we saryk türkmenleri bilen hem belli bir derejede hyzmatdaşlyk edipdir. Baýramaly hanyň döwürinde Maryda ekrançylyk, hünärmentçilik we söwda ep-esli derejede ösüpdir. Şaýylar bilen sünnüleriň göreşleriniň ýitileşmegi netijesinde Baýramaly hanyň Buhara emirligi bilen aragatnaşyklygy ýaramazlaşypdyr. 1785-86 njy ýyllarda Şamyrat Welnamy Buharadan Mara iki sapar ýöriş edipdir. Ilkinli söweşde Baýramaly han(1785) wepat bolypdyr. Soňra onuň ogullary, garyndaşlary we Mary şäherinde ýaşaýan müňlerçe gajarlar Buhara sürülik äkidilipdir. Köne Maryny suw bilen üpjin edýän Soltanbent galasy sakçynyň dönüklik etmegi netijesinde weýran edilipdir. Şäher suwsyz galyp, ýurtda açlyk-gedaýçylyk başlapdyr. Şamyrat öz ogly Din Nasyr begi Mara häkim edip belläpdir. Baýramaly han ölenden soň, Maryda gajarlaryň agalygy synyp başlapdyr we1807-nji ýylda tekeler gajarlaryň iň soňky bölegini Maşada göçüripdirler. Şondan soňra welaýat doly suratda türkmen taýpalarynyň eline geçipdir. Baýramaly şäheriniň demirgazyk-günbataryndaky köne Marynyň galyndylarynyň bir bölegi hem Baýramaly han galasydyr. Baýramaly han galasy diýip atlandyrylsada, ol galany Baýramaly han saldyrmandyr. 15-nji asyrlaryň birinji ýarymynda Abdylla han galasy salynypdyr, ikinji ýarymda bolsa (Teýmirleriň döwürinde) Baýramaly han galasy salynypdyr hem-de bu iki gala utgaşypdyr, bilelikde bolsa Baýramaly han galasy diýip atlandyrlypdyr. Türkmenistanyň ylymlar akademýasynyň “ENSIKLOPEDIÝA” neşirýaty Aşgabat -1992

Köneler, 1merdan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir