Szýaoçžou aýlagyndaky gurlup, ulanylmaga berlen bu köpri uzyn­ lygy we daşky gurluşygy boýunça görenleri haýran edýär. Häzirki zaman inženerçilik we gurluşyk tehnologiýalary ulanylyp gurlan bu täsin köpri “Szýaoçžou aýlag köprüsi” diýlip atlandyryl­ ýar. Şandun welaýatyndaky bu köpriniň uzynlygy 43 kilometr bo­ lup, onuň giňligi 30 metrdir. Köp­ rüde jemi 8 zolak bardyr. Dünýä­ niň bu iň uly köprüsini jemi 5 müň sütün saklaýar. Gurluşygyna 2006-njy ýylda başlanan köpri 4 ýylyň dowamynda gurlup gutaryl­ dy. “Szýaoçžou aýlag köprüsi” özünden öňki köprüden 5 kilo­ metr uzynlygy bilen tapawutlan­ ýar.10 müňlerçe adamyň zähmet çeken gurluşygynda 450 müň tonna polat ulanylypdyr. Köpriniň 100 ýyla çenli ulanylyp bilinjekdi­ gi aýdylýar. 8 ballyk ýer yranmasy­ na çydamly bolan köpri güýçli ýe­ le garşy durmaga we 300 müň tonnalyk agyrlygy götermäge ukyply edilip gurlupdyr. Mundan ozal iň uzyn köpri ABŞ-nyň günor­ tasyndaky Luiziana ştatynda ýer­ leşýärdi. Bu köpriniň uzynlygy 38 kilometrdir. "Zaman" gazetinden.

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir