Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly baýragyyň eýesi Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda daýhan maşgalasynda eneden bolýa. Obada 7 ýyllyk mekdebi gutorýar. Kyrkynjy ýyllaryň başlarynda etrabyň “Kolhozçy sesi” gazetinde ilkinji çagalyk goşgulary çap edilýär. 1945-1946 – njy ýyllarda Tejen derýasynyň boýunda gurulýan emeli suw howdanynyň gurlyşygynda işleýär. Şol ýerde-de ol ýörite gurluşykçylar üçin çykarylýan köp tiražly gazetde öz goşgulary bilen yzgider çykyş edip başlaýar. 1949-njy ýylda Kerim agany goşun hataryna çagyrýalar. Bu ýerde-de ol poeziýa bilen iş salyşmagyny dowam etdirýär. Goşun soldat hakda ýazan onlarça goşgulary “Ýaş kommunist”, “Sowet Türkmenistany”, gazetlerinde çap edilýär. 1951-nju ýylda goşun gullugyndan boşap ýene-de žurnalistik kärine dolanyp gelýär. 1952-nji ýylda ýaş şahyryň ilkinji kitaby neşir edilýär. Bu kitaba giren goşgulary entek umumylykdan, dekloratiwlikden, köpsözlülik, forma kowalaşmak ýaly kemçilikleri bardy. Kerim aga entek ýaşdy, öwrenýärdi yhlas bilen başgalary okaýardy. 1954- nji ýylda onuň çalt ösýän şahyrlygyny subut edýän goşguler ýygyndysynyň ikinjisi çap edildi. Bu ýygyndy Kerim aganyň döredijilik tematikasynyň baýlaşandygyny görkezdi. Ýaş şahyryň şygyr sungatynyň inmçe tärlerini çalt özleşdirýändigine göz ýetirip bolýardy. Kerim aga şol döwür Türkmen döwlet uniwersitetynyň agşamky bölüminde okaýardy. Ol ony gutoryp, neşirýatyň redaktory bolup işledi. Kerim Gurbannepesow azda-kände beýleki dildäki eserleri hem terjime edýärdi. Onuň terjime eden ululy-kiçili 250 töweregi eserleri Türkmenistanda terjime edebiýarynyň altyn hazynasyna girýär. Ýekeje mysal Abdyrahman Jamydan: Dişiň bilen gyzgyn demri gemirmek, Dyrnak bilen gara dagy ýumurmak, Ýalynly ojaga kelläňi sokmak, Kirpikleriň bilen köz alyp çykmak, Ýüz ineriň ýükün gerşiňe atmak, - Magrypdan Maşryga pyýada ýetmek - Şu zatlaň hemmesi bolsa-da kyn zat, Gurrumsaklaň öňünde başyň egenden aňsat. Şahyr “Apat”, “Ýarap borka”, “Türkmeniň”, “Altyň biri”, “Gumly gelin” ….. ýaly goşgylary bagşylaryň repertuarynyň bezegi bolan, onlarça eserlerini häsýetlendirip Türkmenistanyň halk bagýysy, Magtymguly baýragynyň eýesi Sahy Jepbarow şeýle diýýär: “K.Gurbannepesowyň goşgylarynyň köpüsi dörände öz nepis sazy bilen bile dünýä inen, bize bolsa şol ajaýp sazy tapaýmak galýar” diýýär. Kerim aga tutuş döredijiligi halk danalygyna, halk parasatlygyna, halk döredijiligine we gündogar klassikalarynyň ajaýyp däplerine daýanýar. Şonuň üçin hem onyň poeziýasynyň halkylygy internasionallyk bilen gönüden- göni sepleşip gidýär. Bu bolsa onuň eserleriniň ideýa ötgürligi bilen çeperçilik mazmunynyň baýlygyny emele getirýär. Muňa “Aňsat bilen kyn” diýen şygyryny mysal getireliň: “Men-men” diýmek üçin ýekeje gezek Dodakdan-dodagy göterip bilsek – Dünýäni “Men” bilen doldurmak mümkin. “Men-men” diýmek aňsat, “Sen-sen” diýmek kyn. “Sen-sen” diýmek üçin sen oňat gerek… Akyl bermek üçin ýekeje gezek Akyllyň sözlerin gaýtalap bilsek – Özüňe akyllam diýdirmek mümkin. Akyl bermek aňsat. Akyl almak kyn. Akyl almak üçin aň sagat gerek…. K.Gurbannepesow 1957-nji ýylda okyjylara “Taýmaz baba” poemasyny hödürleýär. Bu eser şahyra uly şöhrat getirýär. Soň ol: “Ata we ogul”, “Ajy günler, süýji günler”, “Gumdan tapylan ýürek”, “Aýal bagşy”, “Ynsan bilen ynsap”, “Namys hakydasy”, “Ýürek poemasy” … ýaly iri sýužetli eserlerini ýazýar. K.Gurbannepesow Türkmenistanyň ýazyjylarynyň gurultaýlarynda poeziýa hakda dokladlar etdi. Ol ömrüniň soňky ýyllarynda saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyna garamazdan, tutuş halk, jemgyýetçilik, döwlet ähmiýeti üçin uly işleri gerdeninde göterdi. Ýazyjylar soýuzynyň başlygynyň orunbasary, Prawleniýe agzasy, Türkmenistanyň ýokary sowetiniň deputaty hökmünde uly işler etdi. Oňa bütin halk edebiýatymyzy kämilleşdirmekdäki bitiren hyzmatlaryna mynasyp hormat goýýalar. Kerim aga “Tomus ýazgylarynyň” bir ýerinde şeýle diýýär: “Hakyky ýazyjy tankytçydan gorkmaýar. Ol diňe okyjydan gorkýar.” Şahy öz bütin döredijilikli ömründe şu sözleri baýdak edip göterip gezdi. Ol türkmen edebiýatynyň Berdi Kerbabaýew, Ata Gowşudow, Rehmet Seýidow, Aman Kekilow, Gara Seýtliýew ýaly uly ýazyjylar bilen işledi. Şahyryň poeziýasy gumanizm, watançylyk, internasionalizm ideýalary bilen ýugrulandyr. Adamyň begenjine begenip, gamyny deň paýlaşyp bilýän ynsan. Ine ýeňiş güni bir garryja ene oň ýanyna gelýäde: “Çynmy?!” diýip soraýa. Liriki gahryman oňa: “Çyn, ene jan, çyn, çyn!” diýip begençli buşlaýar. Emma ol garryja enäniň bu ýeňiş üçin ogluny gurban berenini ýatlaýar-da, elhenç gama batýar: Üç oglun ugradan şol garry enäň Üç habar täzeden agartdy saçyn. Her ogluň deregne bir bölek kagyz … “…. Çynmy, balam, bular?!” Ne ýalan, ne çyn – Hiç zat diýip bilmän bakypdym ýere. Göýäki diýersiň üç tonna gurşun Gerşimden inipdi … Şol enä duşsam – Henizem, henizem Egşerip ýörşüm. Il-güniň agyr derdine düýünip bilýän şahyra okyjylar hormat goýýar. Kerim aganyň “Hoşlaşyk” diýen goşgysyndaky aşakdaky sözleri aýdyp, oňa seni ynandyrýan gahrymana, eýsem hakyky manysyndaky gumanist diýmezlik mümkinmi? … Ähli urşlaryň eýmenji bilen, Hoşlaşdym balasyn aldyran enäň Eräp-akyp giden göreji bilen… Hoşlaşanda bolsam şol ýyllar bilen Söýgüler, gözýaşlar, gaýgylar bilen Heniz- henizlerem her ädimimde Şol duşuşyp ýörün Men olar bilen… Ak gyňaç, ak saçly bir ene görsem- Dört ýyl aglap, gözün ereden ene, Oglunyň suradyn bagryna basyp Ak saçlaryn ýaýyp, bozlap dur ýene Mele saçagmyzdan her säher, her şam Mele-myssyk nany sogran badyma, Ajyndan ölenje şol çagaň eli Ösgünje dyrnagyn synçýar buduma Ýuwdup bilmän, çeýäp duran nanymy, Böwrüm diňşirgenip, seredýän aşak… Bu setirlerde uly iliň, umumy ynsanyň başyna agyr günleri salan şol elhenç urşuň rujy azaplary bilen ýaşaýan şahyryň ynsanperwerligini aýdyň görüp bolýar. Şahyr il-günüň aladalary bilen geçmedik, diňe özüniň kiçijik bähbitleri bilen ýaşalan ömri doly bahaly, adamkärçilikli ömür hasaplamaýar: Gara gaýgyň bolsa garnyň-aladaň, Gurruga gaçsaňam, tapdyr bir mydar. Ýöne weli ikaýakly bendäňi Dört aýakla meňzetmäwer, eý Hudaý… Şahyr köplenç “Eger sen ömrüň diňe bir öz şahsy baähbitleriň bilen gümra bolup, il-gün aladalaryny paýlaşmadyk bolsaň, ol ömrüň manys näne?” diýen soragy köp gezek gaştalaýar. Ir bilen oýanýaň. Öşüň ýerbe-ýer Keýpiň kök, janyň sag, Hudaýa şükür Goňşyňdan bir dertliň nalasy gelýär Şonda näme hakda edersiň pikir – Öýüňdäki ajap sapa hakdamy? Ýa şol dertlä gerek şypa hakdamy?… Käte ejiz bolýaň adam diýen zat Şonda gelip, derdiň soraşan gerek. Ýöne weli derdiň soraşmak üçin Ilki seni dertden goraşan gerek… Uruş döwrüniň söweşjeň gahrymanlarynyň çeper obrazyny döretmekde K.Gurbannepesow “Ajy günler, süýji günler” poemasynda ep-esli üstündik gazandy. “Taýmaz baba” şahyra ilkinji uly şöhrat getiren iki kitapdan ybarat poemadyr. Poemanyň birinji kitabt şahyryň öz adyndan aýdýan aşakdaky setirleri bilen başlanýar: Aýlansaň-da oba-oba, Taýmaz ýaly bälçik baba Tapaýmarsyň, Tapaýmarsyň. Bir otyrsaň, gapdalyndan Aňsat-aňsat goýaýmarsyň… Şu setirleriň äheňine üns bereniňde-de Taýmaz baba berilýän häsýetlendirmäniň onuň özüne örän bap gelýänini aňlap bolýa.
Halypalyk omir
-
Mergen0492
12 years ago
- bahbit dogrymy aytsam bar yazanyny okap yetishmedim yone jogap goyayyn kerim gurbannepes in gowy shahyr o barda nache yazsanam yazasyn gelya
-
AHAL
12 years ago
- oran ajayyp durmyshy we dorejilik taryhy bar kerim agan. beyik adamlay sada dilde aydamyzda.
-
Mahrish
12 years ago
- Kerim gurbannepesow iñ söýguli $ahyrym. Goshgularynyñ ählijesini gowy göryän. senem birkijesini yazypsyñ. Sag bol
-
Bahbit
12 years ago
- Görmekcidim bagtymy
Gyş günüdi.Guşlykdy
Gyşda söyging wagtymy
Ah yaşlykdy yaşlykdy
Ne gyş guyzi bilyar ol
Ne gündizi bilyar ol
Dinge gyzy bilyar ol
Giden göwni hoşlykdy
Saldyng başa na gün gyz
Nira baryan sagin gyz
Bagül gabak,bagül gyz
Göz ümledi daş çykdy
Ene gyngyr bakmady
Myhman diyip çaklady
-Yumurtganyz yokmydy
-Wah,ketegmiz boş çykdy
Çyn aşykdym hoçjettim
Şol gyz diyip otçekdim
Yumurtgany natçekdin
Jubunema boşlykdy
"Yokmy" diyip eglendim
Yoklygyna begendim
Bir garypja oglandym
Bar baylygym yaşlykdy
Diydim: "ertir nemede
Gelayern yenede"
Öyden çykdym.Kümede
Gara gözler gaş kakdy
Hatym berdim geregme
Aram girdi yuregme
Agşam iyjek çoregmem
Peşgeş berdim,açlykdy
Nan-in uly sowgatdy
Tutdyrmazak tez atdy
Gije geçdi dan atdy
Şol –in belent buşlykdy
Çykmalydyk kenara
Geldi menzap çynara
Nam boldyka yanwara
Tokaylykdan gün çykdy
Görejine garadym
Alyn saçyn daradym
....Üç ay geçdi aradan
Gyzyn yeri boş çykdy
...Şahyr sesin kes indi
Söndi otly kesindi
Yanrap yörme bes indi
Agtygyna diş çykdy
-
URGENCLI
12 years ago
- dirikä özüne klassik diydiren beyik şahyrymyz kerim agany yatlanyn üçin sagbol dost
-
Bahbit
12 years ago
- Сизеде миннетдар достлар
Bahbit 12 years ago- Ýaşuly, ýaş kiçi,
Birtopar kişi –
Adamdan doludy
Otagyň içi.
Boşady bäş sanak
Palawly çanak.
Çanaklaň deregne
Aýlandy çäýnek.
Gök çaýyň başynda
Gyzyşdy gürrüň:
“Plan ýerden, awdan
Gelýärdim bir gün.
Goýberdim tazyny,
Uçurdym guşy…”
Garaz, agyrdyldy
Müň gepiň başy.
Gürrüňiň az-owlak
Gaçyşyp duzy,
Anekdota ýazdy
Gürrüňiň yzy.
Onýança ýerinden turdy-da Oraz?
Diýdi: “Bolsady hem ekeliň biraz.
Ynha, bar aýdaly, meselem, häzir,
Tamyň depesinden gelip bir
owaz,
“Bir uly dilegňi bitirjek!” diýse,
Näme dilärdiňiz, adamlar, eýse?
Meselem, sen näme dilärdiň,
Geldi?”
-Menmi? Gök WOLGALY lotereý
bildi.
-Hany diý, sen näme dilärdiň,
Kemal?
-Uzyn boý, ak ýüzli bir
sahypjemal.
-Ýeri, sen nämejik dilärdiň, Pena?
-Bir oguljyk bolsa, oňardym
menä.
-Ýeri seň dilegiň nämedir,
çakmak?
-Meňkimi? Jahana aýlanyp
çykmak.
-Saňa näme gerek aý ýadaw
ýigit?
-Ölýänçäm iýjegim bolaýsa
mugut...
-Ýeri sen dilegsiz oňjakmy Çary?
-Bir oňat goňşynyň zary men
zary.
-A-how seň dilegiň nämedir,
Bäşim?
-Elliden ýigrimä geläýse ýaşym...
Garasaý ekildi bolsada bary,
Biri ömür baky ýaşlyk diledi.
Biri palowdan soň çişlik diledi
Bir ýigit (student bolara çemli)
Ertir fizikadan bäşlik diledi.
Käsi agtyk, käsi çowluk diledi,
Käsi çowlukdan soň ýuwlyk
diledi.
Käsi dosty üçin saglyk dilese,
Käsi özi üçin saglyk diledi.
Biri (meger oglun öýlendirjekdir)
Gyňaçlyk on sany ýaglyk diledi.
Aý garaz hemme zat dilenip
çykdy
Gök WOLGAdan başlap GYŇAJA
çenli.
Ýöne weli akyl dilän bolmady...
Akyldan kösenýän ýok bora çemli.