Günbatarly bir protestçi ullakan ak kagyza aglaýan gözüň suratyny çekip, aşagyna “I’m crying for my country” diýip ýazypdyr. Ol bir göz, Ullakan, owadan, mawy. Gözýaş damjalary syrygýar aşak. Çylgym-çylgym gyzyl bolupdyr agy... Ol bir göz, Gygyryp, elin galgadyp, Azgyrlanok, haýbat atanok ýa-da. Ol diňe aglaýar sessiz-sedasyz, Ýurdun ýagy alyp, iň soňky ada Gaçyp atan soňky watançy ýaly. Heý, agydan duşman geljekmi dada?

Köneler, garypjan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir