Öten agşam Ýewropanyň milli çempionatlarynda gyzykly oýunlar boldy. Esasanam biziň ildeşimiz Gurban Berdiýewiň türgenleşdirýän Rubin topary moskwanyň Dinamosyny Ýeremenkonyň 4-nji minutda we Garadeňiziň 22-nji minutda derwezä salan pökkileri esasynda 2-0 ýeňdi. Bu ýeňişden soň bir oýny kem bolup, 53oçkosy bolan moskwanyň Lokomotiw toparyndan öňe geçip, 55oçko toplap 5-nji basgançaga geldi. Lokomotiw bolsa şu gün sagat 17:30-da (Aşgabat wagty bilen) Sankt-Peterburgyň Zenidinde myhmançylukda oýnar. Nesip bolsa bu oýunda-da Zenit ýeňse, Rubiniň ýolbaşçylarynyň bu ýyl Gurban Berdiýewden isleýän 5-lige girmeklerini birkemsiz ýerine ýetirdigi bolýar. Indiki islegleri bolsa Ýewropa ligasynda toparçadan çykmak. Gurban aga Ýewropa ligada hem üstünlik arzuw edýäs. Geçeliň beýleki oýunlara. Ispaniýaň la ligasynda Real M. Atletiko Madridi 4-1 Adrian, 15 (0:1). К. Ronaldu 24 p. (1:1). Di Maria, 49 (2:1). Higuain, 65 (3:1). КRonaldu, 82 p. (4:1)salan gollary esasynda ýeňdi. Barselona bolsa myhmançylykda Waleranyň 67-nji minutda salan pökgüsi bilen Hetafeden 1-0 ýeňlip, Real madrid bilen aratapawudy 6oçko ýetirdi. Öten agşamky oýnalan oýunlaryň käbirleriniň hasaby şunuň ýaly gutardy: Kuban 1-1 Spartak M, Lasio 0-1 Ýuwentus, Arsenal 1-1 Fulham, Çelsi 3-0Wulwerhempton, Mançester Ý. 1-1 Nýukasl, Borussiýa D. 2-0 Şalke04, Krylýa S. 1-0 Wolga, Galatasaraý 2-1 Siwasspor.

Köneler, mirasymyz tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir