Gaharymyz gelende, bolar-bolmaz hereketlerimiz bilen özümizi hem-de gowy görýänlerimizi çyk gynsyz ýagdaýa salmagymyz ah maldyr. Gahar adamy öz eline al sa, soňundan puşman etdirjek de rejä eltýär. Şol sebäpli hem gaharymyz gelen de özümizi ele almak üçin dürli usullary ulanmalydyrys. Gazaba at lananymyzda, sesimizi gataltman, saňňyldap durman, aýtjak sözleri mizi has ünsli ulanmalydyrys. Gahar gündelik durmuşymyzda ýygy-ýygydan ýüze çykyp durýan duýgylarymyzyň biridir. Ol dürli görnüşde ýüze çykyp biler. Gaha ryň ygtyýarsyz gelen duýgudygy hem-de ony gözegçilikde saklap bolmaýandygy baradaky gürrüň ler nädogrydyr. Barlaglar, gahar- gazabyň düşünjelerimiziň netije sinde döreýändigini we ýene-de öz-özümizi köşeşdirmek bilen on dan saplanyp biljekdigimizi orta çykardy. Başgaça aýdanymyzda, gaharyň joşmasy bilen wagtyny “özümiz” taýynlaýarys. Gahar üç sany esasy bölekden ybaratdyr: şahsy derejämizi, nä medir bir zadymyzyň ýetmeýänli giniň öwezini dolmak we ynançla rymyzy gözegçilik astynda sakla mak islegimizdir. Bular, aslynda, şuny görkezýär: ýagny, gaharyň esasy sebäbi özümizi goramak is legimizdir. Gaharyň nämedigine düşünmek we näme üçin gelýän digini duýmak, ony köşeşdirmegi mize ýardam berer. Gahar-gazabyň aşa derejede bet bagtlyga eltýändigi barada bolsa şulary aýtmak bolar: gahar siziň kalbyňyzy eýeländen soň, ony sak lamak kyndyr, sebäbi, “Gahar gel se, akyl gaçar”diýipdirler. Ümsüm oturan wagtyňyz gaharyňyz bilen bagly özüňize näme diýýän bolsa ňyz, gazaba müneniňizde, şol diý ýänleriňizi özüňiz eşitmeýärsiňi zem. Gaharlanan dostuňyzy köşeş dirmegiň, aslynda, nähili kyndygy barada pikirleniň. Siziň gaýraty ňyz biderek bolýan ýalydyr. Ol sizi diňlemegem isleýän däldir. Şeýle ýagdaýda özümizi hem-de gowy görýänlerimizi oňaýsyz ýagdaýda goýýandygymyzy göz öňüne getir melisiňiz. Nädip baş alyp çykmaly? Gahardan saplanmak gazaba münmekden, onuň manysyny dü şündirmekden, ýuwutmakdan we basmakdan ybarat däldir. Bu ýagdaýa köp taraply we hakykat çyl seretmäge çalyşmak iň dogry gaýtargydyr. Gahary bilen bir hatarda beýleki duýgy-düşünjelerimizi “tanama gy” öwrenmelidiris. Şunda gaha rymyzy jylawlap bileris. “Nämä, nä me üçin gaharlanýarys?” soragy ny özümizden soramagymyz hem-de jogabyny göwnüňe jaý bolaýjak derejede tapmagymyz ýeterlikli bolar. Gaharyň aňyrsyn da nämäniň ýatandygy barada pi kir etmek, meseläniň çözgüdinem tapyp biler. Şeýle edilse, gahar bi len ýitirjek wagtyňyzy başga me seleleriňizi çözmek üçin ulanarsy ňyz. Töwerek bilen gatnaşyk saklama gy oňat öwrenmeli. Gaharyňyzy ýuwdup, oňat sözler bilen düşü nişmek oňaýly netijelere getirer. Gaharly wagtyňyz näme etmeli? Bir ädim yza süýşüp, uludan dem alyň. Geplejek wagtyňyz ýuwaşja dan we uludan dem alyň. Sesiňi ziň badyna üns beriň. Sesiňiz ýumşak bolsun! Ýuwaş gepleşiň we diýýän zatlary ňyzyň düşnüklidigine ynamyňyz bolsun. Beden hereketleriňize üns beriň. Haýbat atmanyň ýerine rahat gep leşiň we her dürli soraga taýyndy gyňyzy görkeziň. Jogap bermänkäňiz, garşyňyzda kynyň näme aýtmak isleýändigi barada pikirleniň. Şeýtmek bilen onuň diýjek bolýan zatlaryna anyk düşünip, gerekli we peýdaly jogaby berip bilersiňiz. Gahar bilen alynjak gala bolmaz, diňe ýykyljak “gala” bolar. Şonuň üçin ganatly sözlere eýerip, gaha ryň gelen mahaly dik duran bolsa ňyz oturmaly, bulam peýda etme se ýatmaly. Ýa-da iň gowusy gep lemezlikdir. Ata-babamyzyň “Ga hary ýuwutsaň, gant bolar” diýen sözleri juda jaýdardyr.
Gaharyñyz gelende...
-
gunjagaz
13 years ago
- sag bol friend! maslahatyn ucun durmusda kop yerde we kopzada gaty kop gaharym gelya!
-
tekegyzytatyana
13 years ago
- pygambermizin owedisi boyunca gaharyn gelende dik duran bolsan oturmaly.oturan bolsan yatmaly. Yatjak bolsanam gahryna yatyp bilmesen ustunden suw akydynmaly. Sebabi gahar ot ody bolsa dine suw ocurya
pida 13 years ago- sagja bol friend!adam gahary gelende name edenini bilmeyar.gaty govy edip yazypsyn.