Biz bu derdi gaýtalaýas müň gezek. Ony ýene gaýtalarys bir meýdan Balyk diýilýäne bir umman gerek, Adam diýilýäne bir giden meýdan Jeňňel bolsun şir-pereňleň mesgeni Durna erkin bolsun, Gökde hem ýerde Düşünýärin bu köpleriň islegi, Şu oý köp adamy goýandyr derde Balyklary jenaýatkär mysaly Zyndan kimin dar kapasa sokýarlys Uly sirkde ýüzin sallan, Mysapyr Duran şir-peleňe takal okýarys Gökde peýwagtyna ýören durnalar Ýeriň duzagyna düşýärde Ine, Em bolýar, şäherli çaga çugalaň Ruhyna ýetmeýän uly derdine Bir tarapda durna-ganaty bagly Peleň dur-demire gaýraty bagly. Otada adam dur. Öňinde balyk. D A R L Y K...... Gurbannazar Ezizow
Düşüneliň
-
mirasymyz
13 years ago
- Şu wagt ýene bir gezek okadym welin, asyl bu goşgyň hemme setirindenem şol manyny çykaryp boljak eken. Gurbannazar şahyryň arzuw eden garaşsyzlygynyň hözürini bu gün biz görüp ýörüs.
-
turkmenntug
13 years ago
- govy go$gy...
mirasymyz 13 years ago- Sagbol dost. Gaty gowy goşgy eken. Öň birinden eşidipdim şu goşgy barada.
Şu setiri Gurbannazar şahyr Orsýetiň (sssr) demir penjesinde duran 15 respublika hakda ýazypdyr diýip eşidipdim.