Gich bolar... Adamyn bir matach zady hosh sozdur, Hosh soz aydyn, depesine tach bolar. Dirilikde aydyn, dirika sylan, Kim bilip dur, bir yyldan son gich bolar. Howa gowy diyin intak dirika, Gerek yerde yyly soz bir guych bolar. Hokman olerine garashyp durman, Kim bilip dur, bir aydan son gich bolar. Yagshy sozler gaynap yurekden chyksyn, Shol nardeden barde chyksa hich bolar. Gollag berin bir-biregi soz bilen, Kim bilip dur, bir hepdeden gich bolar. Kalby choyun alkysh alyn adamlar, Alkysh diydin ishin rowach bolar. Erte tapylanok bu gun gorenin, Shu gun choyun, erte belki gich bolar. Sahawatsyz omur gury bir tonne, Sahawatsyz omrun sony puch bolar. Sylan bir-biregi wagtynyz barka, Mumkin yene bir sagatdan gich bolar.

Köneler, Jeihun07 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir