Näme üçindir saçyñ selçeñle$megi we dü$megi diñe erkek adamlarda du$ gelýän kynçylykdyr öýdülýär. Hakykatdan hem, saçyň köp düşmegi aýallary hem az alada goýmaýar. Eger erkek adamlarda saçyň düşmegi genetiki töwekgelçilik faktorlary ýa-da gormonal üýtgeşmeler netijesinde ýüze çykýan bolsa, aýallarda bu kynçylygyň sebäpleri has hem köpdürli bolup biler. Zenanlar saçlaryny boýamaga, himiki usul bilen olary buýralaşdyrmaga, fen bilen guratmaga höwesek bolýarlar. Bir tarapdan biz ýylpyldaýan we owadan öwüşgin berýän, rejelenen saçlara syn edip, başgalaryň öwgüsine eýe bolsak- da, beýleki tarapdan ýaramaz täsirler olaryň guramagyna, iýmitlenmeginiň bozulmagyna we kesellemegine sebäp bolup bilýär. Saçlaryňyzyň uzak wagt sagdyn saklanmagy üçin, olara dogry ideg edip, kesellemegine we düşmegine getirýän sebäpleri aradan aýyrmak möhümdir. Saçyň düşmegine getirýän sebäplere aşakdakylar degişli bolup biler: bedendäki alyş-çalyş ýagdaýlarynyň üýtgemegi; nesil yzarlama häsiýeti; gormonal üýtgemeler (meselem, galkan şekilli mäziň işiniň ýetmezçiligi); göwrelilik; uzaga çekýän stress ýagdaýy; uzak wagt berhiz tutma ýa-da açlyk çekme; saçlara ýaramaz faktorlaryň täsir etmegi (himiki boýaglar, antibiotikleri uzak wagt kabul etmek, gormonal serişdeleri nädogry ulanmak, radioaktiw şöhleleriň täsiri, himiýa serişdeleri bilen bejergi almak, güýçli zäherleriň täsiri); bedeniň tapdan düşmegi (uzaga çeken dowamly we ýokançly kesellerden soň). Eger saçlaryňyz gün-günden inçelip, düşmesi köpelýän bolsa, onuň sebäbini bilip, dogry bejergi almak üçin triholog lumana ýüz tutmalydyr. Gerek bolan ýagdaýlarda ol goşmaça baraglary geçmegi hem maslahat berip biler. Saçyň düşmegi babatda alada galmazdan öň, ýörite synag edip görmek ýerliklidir. Irden, ukudan turanyňyzdan soň, ýere ak mata ýa-da kagyz ýazyň. Şonuň üstüne saçyňyzy darap, gaçan saçlary we darakda galanlary sanaň. Eger Siziň gaçan saçlaryňyzyň sany 30-50 gyla deň bolsa, alada galmagyň zerurlygy ýokdyr. Saçlaryň bir böleginiň düşüp, olaryň ýerine başgalaryň ösüp täzelenip durýanlygy tebigy ýagdaýdyr. Ýöne, Siz 60-120 gylyň gaçandygyny sanan bolsaňyz, onda bu ýagdaý bir sebäbiň barlygyndan habar berip, çäre görülmelidigini aňladýandyr. Saçyň düşmegi (latynça-alopesiýa – saç düşme, kellik) – kelläniň we göwräniň belli bir böleklerinde, saçlaryň selçeňleşmegine we aýrylmagyna getirýän saçlaryň düşme keselidir. Täsir ediş sebäplere we ýüze çykyş alamatlaryna baglylykda ol birnäçe görnüşde bolup biler: I. Androgenetiki saç düşme – bu görnüşiň ýüze çykmagynyň sebäpleri gen üýtgemeleri bilen düşündirilip, erkeklik gormony testosteronyň işjeň görnüşi bolan digidrotestosteronyň saç haltajyklaryna (follikullara) edýän şikeslenmeginiň täsiri bilen ýüze çykýandyr. Saç haltajyklarda saklanýan 5-alfa reduktaza fermenti bu işjeň görnüşiň emele gelmegine kömek edýändir. Digidrotestosteron saç haltajyklaryna aralaşyp, olaryň iýmitlenmeginiň bozulmalaryna getirýändir. Kellede saçlar saklanýar, ýöne olar gysgadan inçe we reňksiz bolup, kelläni doly örtüp bilmeýär. Netijede, kellede saçsyz ýerler döreýär. 10-12 ýyldan soň, saç haltajyklarynyň içi birleşdiriji dokuma bilen dolup, olardan hatda gysga, inçe saçlar hem ösmeýär. Bu görnüşde saçyň düşmegi erkek adamlarda, esasan depeden we kelläniň maňlaý böleginde ýüze çyksa, aýallarda saçlary iki tarapa bölýän kelläniň alyn çyzygynyň ýanynda ýüze çykyp, ondan gapdallaryna ýaýraýandyr. Androgenetiki saç düşme, erkek adamlarda duş gelýän saç düşmäniň 95%-ni tutýandyr. Aýallaryň bedeninde hem testosteronyň we 5-alfa reduktazanyň barlygy sebäpli, saç düşmäniň bu görnüşi erkek adamlaryňka kybapdaş bolup, olarda bu sebäp hemme ýagdaýlaryň 20-80%-ni düzüp biler. Häzirki zaman lukmançylykda androgenetiki saç düşmäniň bejergisi, esasan, üç ugur boýunça alnyp barylýandyr. 1. Şu güne çenli derman serişdeleriniň ikisi öz peýdalylygy we howpsuzlygy bilen bellidir. Ol derman serişdelerine saç haltajyklarynda kaliý kanallaryny işjeňleşdirýän minoksidil (regeýn, rougeýn) hem-de finasterid (propesiýa atly söwda markasy bilen belli) degişlidir. Ýewropada tebigy trikosaharidlerden ýasalan foltene-farma serişdesi hem giňden ulanylýar. 2000-nji ýyllaryň ikinji ýarymyndan GDA ýurtlarynda minoksidiliň täsirine meňzeş aleran we minoxidin serişdeleri öndürilip başlandy. Agzalan serişdeler saçlaryň birsydyrgyn ösüşine ýardam berse-de, androgenetiki saç düşmäniň sebäbini aradan aýyrmaýar. Finasterid serişdesi diňe erkek adamlarda ulanmaga maslahat berilýär.
Saç dü$meginiñ sebäpleri we öñüni almak
-
Friendship
13 years ago
- Saç düşmäniň sebäbi aýrylandan
soň, saçlaryň çalt ösmegini
gazanmak üçin ösüşi tijendiriji
dürli usullary ulanyp bolar: saçyň
ösmegine kömek edýän
dermanlar, bejeriş melhemler,
fizioemleri.
III. Saçlaryň çogdamlaýyn
düşmegi – kelläniň saçly
böleginde bir ýa-da birnäçe dürli
ululykdaky saçyň düşen
ojaklarynyň ýüze çykmagy bilen
häsiýetlendirilýär.
Şonuň ýaly saçyň düşmegi
gaşlarda, sakgalda, kirpiklerde
hem ýüze çykyp, käwagtlar saçyň
bölekleýin düşen ýerleri özara
birleşip hem bilýärler. Saçyň şeýle
görnüşde düşmegi birden ýüze
çykyp, köplenç saçlaryň özbaşdak
dikeldilmegi bilen hem
tamamlanyp biler. Oňa
garamazdan, 30% ýagdaýlarda
kesel ýitileşip ýa-da saçyň ösüp,
ýene düşmegi bilen dowam edip
biler. Bu görnüşiň bejergisinde
ýörite derman serişdeleri ýa-da
bejeriş usullary ýokdur.
Bejergide kortikosteroidler
(gerdejikler, sanjymlar, melhemler
görnüşde) giňden ulanylýar.
Kortikosteroid gormonlary
şikeslenen ýerlerde täze saçyň
ösmegine ýardam berseler hem
keseliň özüni bejerip, saçyň
düşmegine getirýän sebäpleriniň
öňüni alyp bilmeýärler.
IV. Tyg emele gelme bilen
gutarýan saç düşme – saç
düşmäniň hemme görnüşleriniň
1-2%-ni tutýandyr.
Tygly saç düşme, esasan dürli
ýokançlyklaryň (wiruslar,
kömelekler, bakteriýalar) täsiri
bilen saçly haltajyklarda döreýän
şikeslenmeler netijesinde ýüze
çykýar. Eger bejergi wagtynda
geçirilse, saçlaryň düşmeginiň
öňüni almak mümkindir.
-
Friendship
13 years ago
- Ondan başga-da, saçyň
düşmeginiň bu görnňşi, kelle
derisiniň şikeslenmegi, ýylylyk we
himiki täsirleriň netijesinde
dörän ýanyklardan soň hem
döräp biler.
Saç düşmäniň bu görnüşi diňe
hirurgiki ýol bilen bejerip
bolýandyr. Saç düşen ýerler, eger
olar juda uly bolmasa kesilip
aýrylýandyr ýa-da şikeslenen
saçsyz ýerlere bedeniň sag
ýerlerinden saçly haltajyklar
göçürilip goýmak bilen bejerilýär.
Saç haltajyklarynyň geçirilmegi iki
usul bilen amala aşyrylýar:
1. Strip usuly oturtmak üçin
ýeňseden alnan deri bölegi
ulanylýar. Bölekler 1-3 sany saç
haltajygyny saklaýan graftlara
bölünip oturdylýar.
2. Tikinsiz (follikulýar) usuly täze
usullaryň biri bolup, sagdyn
ýerlerden saç haltajyklary ýörite
gu- ralyň kömegi bilen alynýar.
Eger ýeňse bölekden saçlaryň
ýeterlik sany alnyp bilinmese, bu
maksat üçin eňekden, döşden,
aýaklardan alnan saç haltajyklary
ulanylyp bilner.
Häzirki wagtda düşen saçlary
dikeltmekde we saçsyz ýerleri
bejermekde saçlary oturtmak
ýeke-täk netijeli usul bolup
durýandyr. Oturdylan saçlaryň
täze ýerde ösme ukybynyň
ähtimallygy 95%-den hem
ýokarydyr.
-
Friendship
13 years ago
-
nightwolf
13 years ago
- friend, sen sol fnasterid diyen serisdani tapyp bilmezmin???
-
Friendship
13 years ago
- :-)
-
KRIT
13 years ago
- sachlaram dushin yogsam okap geldim diysen hi4 kim ynanmaz sachyny gorup ynanaymaklary ahmal!
-
akylym1989
13 years ago
- freindship oran onat yazylan makala. Yazanyn ucin kop sag bol, sacyma dushenok, kan gyrylanogam,emma gaty hayal osyar her gezek gyrkdyryanymdanyr oytdim,emma ondan dal eken shu gezdek 1 y 2 ay yaly gyrkdyrmadym shol gecen y gyrkdyranym, emma gaty osenok welin gozellik salona bardym sacymy gorkezdim, olar sacyn ujy yaryk diyip yene gyrkdy sacymy onaryan gyz aytdy fen we utuk kop ulanma diydi, indi kop ulanammok,hemem turkin sac bakim yagi diyen yagyny aldym her gezek sacymy yugmakam 1 sagat onunden calyan we 1 sagat saklap yuwyan. Senden 1 hayyst sacyny calt osduryan sampun hakda hem yazmagyn y hayyst etyan
-
vipboy
13 years ago
- Saol friend gaty gowy mowzuk gozgapsyn
-
nightwolf
13 years ago
- friend men hayysym name bolarka???
Friendship 13 years ago- Geçirilen barlaglardan soň,
dermanyň mukdaryny we kabul
ediş dowamlylygyny lukman
bellemelidir.
2. Pes güýçli lazer şöhlelenmesi
– öý şertlerinde lazer daraklary
görnüşinde ulanylyp bilner.
Lukmançylyk merkezleriniň
şertlerinde has güýçli lazer
enjamlaryny ulanýarlar.
Lazer daraklary bilen
deňeşdirlende, uly kuwwatly
lazer enjamlary ýokary
peýdalylygy bilen tapawutlanýar.
Derman serişdeleri bilen
bejergide bolşy ýaly, lazer
şöhleleri hem saçyň wagtlaýyn
ösmegine ýardam berip, saç
düşmäniň düýp sebäbini aradan
aýyrmaýar.
Lazer bilen bejergi
tamamlanandan soň, saçlaryň
ösüşi öňki ýagdaýyna gaýdyp
gelip biler.
3. Adamyň öz saçlaryny alyp
oturtma (transplantasiýa) – bu
saç düşmäniň hirurgiki
bejergisidir.
Lukman digidrotestosteronyň
täsirine duçar bolmaýan,
ýeňseden ýa-da kelläniň gapdal
tarapyndan alnan saç
haltajyklaryny saçsyz ýere
oturdýar. Oturdylandan soň,
haltajyklardan kadaly sag saçlar
ösüp, ömrüň ahyryna çenli
saklanýarlar. Ýöne bu bejergä
dalaşgärleriň hemmesine bu
operasiýa görkezilen däldir we
bejerginiň uzak möhletleýin
netijeleriniň hemişe
kanagatlanarly bolmaýan
halatlary hem duş gelýär.
II. Saç düşmäniň ýaýraň (diffuz)
görnüşi – saçlaryň düşüp
täzeden ösme aýlawynyň
bozulmagy netijesinde, kelläniň
saçly böleginde saçlaryň deň
derejede güýçli düşmegi bilen
häsiýetlendirilýär.
Saçyň düşmeginiň bu görnüşi
androgenetiki görnüşden soň
ikinji ýerde durýandyr.
Bu görnüşiň ýüze çykmagy
bedende ýüze çykan näsazlyklara
bagly bolup, olaryň aradan
aýrylmagy gaçan saçlaryň 3-9
aýdan täzeden dikeldilmegine
getirip biler.