Asyrlar boýy dowam edip gelýän Gurban baýramy 1994-nji ýylda Türkmenistanda Döwlet derejesindäki baýramçylyklaryň hataryna goşuldy. Gurban baýramy gadymdan gelýän baýramçylyklaryň biri bolup halkymyzyň arasyndaky rowaýatlara görä Ibraýym Pygamberiň düşünde Allanyň haky üçin ýeketäk ogly Ismaily gurban etmek barada perman edýär. Ibraýym Pygamber bu permany ýerine ýetirmek üçin şol döwür Mina diýip atlandyrylan häzirki Mekgäniň ýerleşýän ýerine barýar. Özüne bütin ýüregi bilen berilendigine göz ýetiren Alla, Ibraýym Pygambere ýokardan goýun iberýär. Şondan bäri musulmanlaryň aý kalendary boýunça 12-nji aýynyň 10-njy güni Gurban baýramy diýip bellenilip gelýär we baýramçylyk 3-4 gün dowam edýär. Gurban baýramynyň ilkinji güni gün dogmanka bedeniňi päklenýär, soňra gurbanlyk janlysy soýulýar. Ondan dürli-dürli türkmen milli tagamlary bolan çekdirme, dograma, palow we başgalar bişirilýär. Bu baýramçylyk mähirliligiň, agzybirligiň baýramçylygydyr we bu baýramçylyk adamlary birek-birege ýakynlaşdyrmaga, ysnyşdyrmaga hem ýardam edýär. Ýurdumyzda Gurban baýramynda däp boluşy ýaly täze eşikler geýilýär, goňşulara we garyndaşlara myhmançylyga gidilýär, ähli ýerlerde hiňňillikler gurnalýar. Ol gowy edip bezelip gözel görnüşe beslenýär. Olaryň gurnalan meýdançalarynda ýokary derejede baýramçylyk dabaralary geçirilýär, bagşy aýtdyrylýar, tans edilýär, göreş tutulýar. Ine Türkmen halky Gurban baýramyny şunuň ýaly edip belläp geçýär. Hemmäňiziň Gurban baýramyňyz gutly bolsun. Gurbanlyklaryňyz kabul bolsun.
Gurban baýramyňyz gutly bolsun
-
magnit
13 years ago
- sagbol! Hemme musulman doganlarymyzyn gurban bayramy mubarek bolsun!
-
Ayjagash
13 years ago
- Sag bolun sizinkem gutly bolsun. Mahriban agzalar allahyn zergahinde berjek ayatdyr towurleriniz kabul bolsun.
-
andrey
13 years ago
- menem dostlarma goshulyan hemme turkmen halkymyzy gutlayan ,gurban bayramynyz mubarek bolsun
-
Abadan
13 years ago
- Aydanlarynyza gosulyan,eden doga dilegleriniz kabul bolsun.
-
idealman92
13 years ago
- tuweleme,hemmanizi gutlayan!dine gowulyk dileyan hemmanize!
-
piter
13 years ago
- sag bolun hemmanizinem GURBAN BAYRAMYNYZ gutly mubarek bolsun
Bekdurdy 13 years ago- саг бол сени хем гутлаян. Сенкам кабул болсун!