Bir tany$ym bardy.Ol her bir adamyñ ähmiýetini ondan görýän ýa-da görjek peýdasy boýunca ölceýärdi. Emma bir gezek men kicijik wezipeli adamyn yanynda onung özüni alyp baryshyna gyzyklanma bilen seretdim: ol onung bilen äbe-juyjedi,töwereginde perwana bolup pyrlanyardy. Dogrymy aytsam,men iññän begendim:"tuweleme göz degmesin,adam bolup bashlapdyr-ow..." Onyancada ol cybsyldap yanyma geldi-de, gulagyma çawus çakdy: "Beydip oturma! $ol adama köpräk üns ber! Ol bize gerek adam. Ony ýene añyrsy bir aýdan pylan edara ýolbasçy bellejekler..." O neresse sol wezipä bellemäkä, betbagtcylyga uçrady: awariýa düsüp, heläk boldy. Ýañky tansym ony jaýlasmaga-da barmady. ******** Bahylçylyk köplenç halatda diñe asgyn bilen güýçliniñ arasynda döreýär: asgyn gùýclini gabanýar. Zehinli kärdeslerin arasynda bahylcylyk bolup bilmez. Bolaýsa-da ol wagtlaýyn häsiýetli dùsùnismezligiñ, özùñe artygrak baha kesmegiñ geçegçi shemaljygydyr. ******** Gurply, puldar tanyslarymyñ biri meni myhmancylyga çagyrdy. Güññümiziñ arasyna dymyslyk düsende, ol iki tirsegini-de stola diräp, göni meniñ gözlerime seret: --- $ahyr, saña bir sorag bermek mümkinmi? - Iki sorag bar. - Eger bir knopkany basanynda, adyny tutan zadyñ gashyñda häzir boljak diýseler, sen nämeleri dilärdiñ? Men onuñ bu garashylmadyk soragyna kinaýalyrak jogap-da berip biljekdim. Ýöne onuñ näme diýjek bolýanlygyny bilmek üçin gönùmel jogap berdim: -Saglyk dilärdim. -Saglyk dilejegiñi bilýän. Basga näme dilàrdiñ? -Parahatlyk dilärdim. -Ony dilejegiñi hem bilýän. Ýöne pul, baýlyk babatynda nàme dilärdiñ? Näçe masyn? Näçe jaý? Näçe pul? Meselem, ynha, meniñ hemme zadym ýerbe-ýer. $onda-da "Ýene näme gerek?" diýip sorasalar, bir topar zatlary diläp biljek. Ýene iki sany masyn dilejek. Kösk ýaly ullakan üç sany jaý dilejek... we ba$ga, ba$ga, ba$ga zatlar... Ýeri sen näme dilejek? -Men...seniñ ýaly adamlaryñ azyrak bolmagyny dilejek. Ol $ondan bäri meniñ bilen geple$enok.
Kerim Gurbannepesowyñ "Tomus ýazgylaryndan"
-
Studentka91
13 years ago
- Sag bol payla$anyna.
-
Jemka91
13 years ago
- Ahmet sagbol paýla$anyñ ün.
-
AHAL
13 years ago
- kerim shahyr hakykam ynsaply adam ekenay. agtyklaram shon ozune menzesedi.
-
muzazzi
13 years ago
- sagja bol !
-
magnit
13 years ago
- soñynda gowy duzlapdyr!
-
ahmetjan18
13 years ago
- Okanyñyz ücin hemmäñize minnetdar hormatly agzalar.
-
Jemka91
13 years ago
- Ahal haýsy agtygy ynsapsyz?
-
kesha1989
13 years ago
- salamow me taze yagny(nawichok)
-
Jemka91
13 years ago
- Ho$ geldiñ kesha1989!
-
AHAL
13 years ago
- Ahal haýsy agtygy ynsapsyz?
Jemka91
ynsapsyz diysem yalanchy bolmagymam ahtimal yone turkmenchilikden bir kopik galmandyr mashgalasynda. bir agtygy dagyn 1 goshgusynam bilenak atasynyn/ orscha gurlan bolup.
AHAL 13 years ago- bah nirden tapdynay doss? durmyshda kop dush gelyan zatlar.