Türkmen ýigidi Myrat Annamämmedow Russiýa Federasiýasynyň Ýaroslawl şäherindäki akademiki simfoniki orkestrine ýolbaşçylyk edýär. Onuň durmuş ýoly hem döredijilik işleri barada ýazyjy Hudaýberdi Hally gürrüňdeşlik geçirdi. H.Hally: -Myrat, meniň ilkinji sowalym Watan bilen baglanyşykly. Haýsy ykbal seni ol toprakdan aýryp, Russiýa Federasiýasyna getirdi? M. Annamämmedow: -Ykbal şeýle boldy. Moskwa konserwatoriýasyndaokanymda, hiç haçan Türkmenistandan giderin diýip oýlanmandym. Milli simfoniki orkestriň döremegine peýda getirerin diýen pikirem ýokdy. Watana bardym, işledim. Işimi ýamanam görmediler, öwdüler. Ýöne öz professional işimizi kadaly ugrukdyrmak üçin, talaplarymy öňe sürüp başlanymda, kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldum. Mesele Medeniýet ministrliginiň derejesinde goýuldy. Ministrilikde Kollegiýa diýilýän bir topar bardy. Ministriň hut özi meniň tekliplerim hem talaplarym bilen ylalaşdy. Ýöne ondan pesdäkiler, şol kollegiýa agzalary närazylygyny bildirip, “bu nämä gerek?” diýip başladylar. Garaz, maňa işlemäge päsgel berdiler. H. Hally: -Aslynda seniň maksadyň nämedi? M. Annamämmedow: -Men bar ukybym bilen Türkmenistanda hakyky, ajaýyp orkestriň bolmagyny isledim. Men ony döredip bilerdim. Sebäbi biziň ilkinji ädimlerimiz erbet däldi. Gerekli sazandalary toplapdym. Orkestri doldurypdym. Biz örän çynlakaý sazlary çalyp başlapdyk. Bir gezek hatda beýik Weli Muhadowyň awtorlyk konsertini ýerine ýetirmek isledik. Ol bolsa “bu mümkin däl, bizde gowy orkestr ýok” diýdi. Men oňa: “Siz biziň repetisiýamyza geliň. Ol size ýaramasa, biz ony çalmarys” diýdim. Ol gelip, diňläp gördi. “Biziň şeýle orkestrimiz barmydy?!” diýip geň galdy. Ýagny gowy netijeler eýýäm bardy.

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir