salam talyplar! kopden bari yazgylarynyzy okayan. Sizin aranyza goshulmagy makul bildim. Meni gyzyklandyran habara sizin garayyshynyz nahili? pikirleriniz... Www.azathabar.com dan alynan maglumat; Türkmenistanda ýokary bilim almak isleýän ýaşlar indi nijeme ýyllar bäri bilime barýan ýolda päsgelçilik baryna sataşyp gelýärler. Ýurtda bilim ulgamynda korrupsiýanyň aşa ösenligi sebäpli olaryň köpüsi üçin öz Watanlaryndaky ýokary okuw jaýlarynyň gapysy açyk bolmady. Şeýle bolansoň, ýokary bilim almak isleýänýaşlaryň köpüsi daşary ýurtlara hem-de GDA döwletlerine, goňşy respublikalaryň ýokary okuw jaýlaryna öz hasaplaryna okuwa gidip başladylar. Öz hasabyna okuwa gidende-de ýaşlar üçin kynçylyklar örän köp boldy. Belarusda okap ýören talyp terrorçylykly wakanyň netijesinde maýyp bolan bolsa, Gyrgyzystana okuwa gidenleriň göwni syndyryldy. Gyrgyzystanda ençeme ýyl okan talyplar soňra ol ýurda okuwlaryny dowam etdirmäge goýberilmediler. Daşary respublikalarda okaýan ýaşlarüçin kynçylyk yzyna kynçylyk döredi. Bu ýyl bolsa Täjigistanda okaýan ýaşlara ol ýurda gitmek gadagan edildi.Okuwa gitmelileriň arasynda 4-nji, 5-nji kursy tamamlanlar-da bardy. Bu ýagdaýyň näme sebäpden ýüze çykandygy hakda halka ne-hähäkimiýetler, ne-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri düşündirdiler. Sada halk bolsa diňe takdyra ten berip,ykballaryna kaýyl bolup gezmekden başga zady başarmaýar. Häkimiýetler bilen jetleşmäge bolsa olar elektrik energiýasyndan hem-de tebigy gazy ulanmadan mahrum ediler öýdüp gorkýarlar. Birden, kimden hemaýat ýetenligi-debelli däl, oktýabr aýynda—okuwlaryň başlananyna iki aý geçensoň, Täjigistana okuwlaryny dowam etdirmäge gidip bilmän oturan ýaşlaryň gulagyna hoş habar degdi. Olara Täjigistana gitmek üçin ýol açyldy. Häzir olar ýurtdan çykyp gitmek üçin rugsat hatlaryny düzedip başladylar. Bu habara ene-atalaryň begenjiniň-de çägi bolmady. Ene-atalaryň bir topary çagalarynyň Täjigistana—okuwlaryny dowam etdirmäge goýberilýänligine begense-de, ýene bir topary ogul-gyzlarynyň Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda ýokary bilim alyp, elleri diplomly gelenlerine gynandylar. Sebäbi Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynyň beren diplomlary Türkmenistanda ýöremeýär hem-de şol ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň diplomyny edinenlere Türkmenistanda iş berilmeýär. Hatda Türkmenistanda medisina hem matematika boýunça kadrlaryň ýetmezçilik edýänligine seretmezden, Täjigistanyň medisina institutyny tamamlanlara-da, ol ýurtda matematik hünärini ele alanlara-da döwlet edaralarynda iş ýok.
Täjikde okayanlar
-
magnit
13 years ago
- turkmen görgulilen täjikde okamana güni galan bolsa, turkmenistan masgara (((
-
vipboy
13 years ago
- Okanda namay nirsi maskara
-
bembi
13 years ago
- Догры беллапсин кимем болсан. Йоне эдил шу вагыт озин билимин бар болса озине говнин етйан болса туркменистанда да башыны чарасан боляр. Янына биринден карзына пул алян 20 мун ялы. Милли ховупсузлыгада айыдян. Сени йыкса пулы берйан . Милли ховупсузлыгын адамларам оны йыгнаяр вессалам. 2,3 адам шейитсе ханы алып горсин шол харамзадалар.
-
turkmenntug
13 years ago
- "milli hovpsuzlygnkylañ" özleri edende bolmayamyka,$o aýdy$yñ yaly...
-
makintoshsh
13 years ago
- men okayan yone tajikde dalde belarusda dogry metro ýarylanda 1 tn talyp aýagyndan jyda du$di BGU da okaýan eken kursda$lar bolup gecen ýyl yzyndanam bardyk yöne dine rodistwennigi bolsan goýberýan eken wraja kan yalwardyk etmedi onsañ yza oye gaýtdyk Onsañam meni hayran galdyrýan zat tajik diplomy yöremeyanini bilibem name ucin okamaga gityakalar bilmän giden bolsalar belarusa perewot edip bolyara 3nji kursmy $ondanam dowam edip bolyar
-
URGENCLI
13 years ago
- döwran dolanyandyr her çak
düzlener türkmeniň haly
-
magnit
13 years ago
- hawa duzeler 100 ýyldan
-
dogrychyl
13 years ago
- yo name u.n okajak okuwcylan onunde kyncylyk doretyalerka hic zat yok yerden?! Goy okasyn, ozun okadyp bilennokmy okatjaga bir pasgel bermeda! ya yalnyshmy men aydyanym???
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- dogry welin, turkmenistanymyz halkymyzyn ichi yanyar, hache munlap talyplar okayar dashary yurtda, bir shu belarussiyada 6000-den gechyar, yene ukraina, rossiyyany aytjakdalmi, son yenilleshdirseler turkmenistanda okamazlaramda. Men hayranda, name un oz yurdumyzda komercheski okuwlary achanoklarka??? zyogsa turkmenistanyn sony achmana yagdayy yogama dal, nache adam isli bolardy, nachamiz oz yurdumyzda arkayyn okardyk. Sowyan pullarymyz oz yurdumyza sinerdi, pikir edin 1 yylda turkmenistandan nace mlrd dollar dashary yurda gityar, emma so pullar 2-3 yyl oz yurdumyza sinen bolsa onda dawnoo Turkmenistanymyz Kuweytden bari bolmazdy.
-
magnit
13 years ago
- bir yerin dekana ulagyny tazeläpdir turkmenlen hasabyna))
dogrychyl 13 years ago- okaýan barmy aranyzda?