dem almadan galan adam ýene-de diňe 4 minut ýaşaýar, siz örän çalt hereket etmelisiňiz! derrew agyzdan agza emeli dem bermegi başla. adamyň giň ýere çykarylanyna garaşmaň-da, mümkin bolan ýalpak ýerde agyzdan agza usuly bilen emeli dem berip başlaň. eger siz onuň öýkenine ýel berip başarmasyňyz, kenara ýeten badyňyza ony derrew kellesini aýagyndan aşak edip, ýanlaýyn ýatyryň we suratda görkezilişi ýaly garnyna basyň. soňra tizden-tiz agyzdan agza usuly bilen emeli dem beriň. gark bolýanyň gursagyndan suwy gysyp çykarmaga synanyşman, hemişe agyzdan agza usuly bilen dem bermekden başlaň! dem alşyň togtamagyň adaty sebäpleri: • bokurdaga bir zat dykylandyr. • özüni bilmän ýatan adamyň dili ýa gakylygy bokurdagyna dykylandyr. • gark bolmak, tüssä bogulmak ýa zäherlenmek. • kellesine ýa gursagyna güýçli urulmak. • ýürek agyrysy tutmak. adamyň dem almasy togtandan soň diňe 4 minut ýaşap bilýändir. eger adamyň dem almasy togtasa, derrew agyzdan agza usuly bilen dem berip başlaň. ähli hereketleri tizden-tiz ediň: 1-nji ädim: barmagyňyz bilen bokurdaga dykylan zady derrew çykaryň. dilini öňe çekiň. eger bokurdagynda gakylyk bar bolsa, ony derrew arassalajak boluň. 2-nji ädim: çalt, ýöne usullyk bilen syrkawy arkan ýatyryň. usullyk bilen kellesini gaýşardyň-da, äňini öňe çekiň. 3-nji ädim: barmaklaryňyz bilen onuň burnunyň deşiklerini gysyň we agzyny giňden açyň. onuň agzyny öz agzyňyz bilen ýapyň-da, gursagy galar ýaly öýkenine dem beriň. howanyň çykaryna garaşyň we ýene-de dem beriň. bu hereketi her 5 sekuntdan gaýtalaň. bäbekleriň we ýaş çagalaryň burnuny we agzyny öz agzyňyz bilen ýapyň we her 3 sekuntdan seresaplylyk bilen dem beriň. adamyň özi dem alyp başlaýança ýa janyna düşen howp aýrylýança, agyzdan agza dem bermegi dowam ediň. käwagt muny bir ýa-da mundan artyk sagadyň dowamynda etmeli bolýar.

Köneler, muzazzi tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir