adamyň bokyrdagyna iýip oturan zady ýa haýsydyr başga bir zat dykylyp, ol dem alyp bilmese, aýakdakylary ediň: • arkasyna geçip, bilinden gujaklaň. • ýumrugyňyzy onuň göbeginden ýokarrak we gapyrgalarynyň aşagragyndan goýuň. • ýumrugyňyzy ýokary itermek bilen onuň garnyna güýçli basyň. bu onuň öýkenindäki howany iterip çykarýar-da, bokurdagyny boşadýar. gerek ýagdaýynda şu hereketi gaýtalaň. eger syrkaw sizden has daýaw bolup, eýýäm özünden giden bolsa, şu hereketleri ýerine ýetiriň: • ony arkan ýatyryň. • kellesini gapdalyna öwrüň. • syrkawyň dyzyna artlaýyn münüp oturyň. eliňiziň aýalaryny göbegi bilen gapyrgalarynyň arasynda goýuň (semiz adamlaryň, göwreli aýallaryň, maýyplyk arabasyndaky maýyp adamlaryň we ýaş çagalaryň gursagyna goýuň). • aşakdan ýokary güýçli itip goýberiň. • gerek ýagdaýynda bu hereketi birnäçe gezek gaýtalaň. • eger ol şonda-da dem alyp bilmese, agyzdan agza usuly bilen emeli dem beriň
Bokurdaga haýsydyr bir zat dykylanda
-
turkmenntug
13 years ago
- sag bol dost payla$anyña.dogrudanam,bilip goymaly zatlar!
-
Ezba
13 years ago
- Muzazzi sagja bola yene yaz shu yaly maslahatlary
-
idealman92
13 years ago
- ilkinji kömekmi:)Biz BJD predmetda owrenyas shulary.Adamyn yuregi duranda massaj edip ishledibem bolyar
-
tef
13 years ago
- idealman92 dost sen ukrainadamy yagny diyjek bolyan zadym bjd sapagyny ukr=da gecyarler bjd sapagy gaty gyzyk sapak yone yapmak biraz gynrak velin serovna yapdymlay koroci zacot
Adgjmptw 13 years ago- Gowy maglumatlar we bilip goýaýmaly zatlar. Elbetde bu-da durmuşda gabat geläýjek ýagdaýlar. Bilmeseň aljyrar durarsyň. Sagbol dost paýlaşanyň üçin. Peýdaly maslahatlar.