oňarsaň, bar zady oňatlyga ýor oňarsaň, bar zady oňatlyga ýor. belki-de, ýorgudyň  ýerine   düşer. ikibaşdan,   gündogarda   gün   dogar, ikibaşdan,   gunbatarda   gün   ýaşar. ikibaşdan,   ýigreniler,  söýüler, kimse ýere gider, kim  dörär  ýerden. ikibaşdan,   biziň   köne  duýgular, köne  ýaralar  dek  açylar  birden. köne  duýgularmyz   şatlyk  mysaly, bir ajap  säherde  gül  bolup  dogar. oňarsaň oňat  tut köňülde  päli, oňarsaň  bar  zady  oňatlyga  ýor. ýaramaz düýş  görüp,  ýörme dumanda, ýaramazlyk bolmasa  seň  küýüňde, hanha, ýyldyz  süýndi  gitdi  asmanda çaga  dogdy   goňşymyzyň  öýünde. gurbannazar eziz  

Köneler, Merw92 tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir