Ýa$lyk ölse,yzgarly Ýalñyzlykdan ölýändir. Ýa$y ýeten gyzlaryñ Ýar bolasy gelýändir. Ýa$lyk çagyñ-ýel güni $uwlaýan bir gök tokaý. Ýar ýeten ol güni Perzent ýoluna bakar! Eger ýörülse diri, Arzuw-arzuwa ýazar. Bu arnzuwlañ hiç biri Hasyl bolman dur häzir. Açma,gara$-idäne. Du$ gelene ýüregñi. Ýa$ çaýmawer didäñe, On üçin nur deregne. Ynha,seniñem bagtyñ Ýigit bolup ýylgyrar. Onsañ ho$ geçer wagtyñ, Depäñ ýeter ýyldyza! Ýöne ähli jübütleñ Däldir ömri gül ýaly. Aglap ýör kän ýigitler, Kä gyz gülse gün ýaly! Söze uýmany ba$ar, Bolar mañza damany. Adam hatarna go$ar Ýag$y gyzlar ýamany. Ýanýolda$ däl,böwrüne Sanjy bor kä ýigitler. Ýerganata öwrüler $eýdip algyr bürgütler! Ýigitlerde bir ýetmez- Gyz synlarlar gyradan. Akylyna seretmez, Alkymyna sereder! Bilseñ ähli jübütleñ Däl durmu$y gül ýaly. Kim aglaýar bulut deý, Kimse gülse gün ýaly. Kim bilýär bu durmu$da Näme dü$erin bijä?! Owadan totugu$lar Dönüp gitdi kel jüýjä! Ýeter-ýetmez aýlyga Bagtly bagtyn baglap ýör. Äre barman Baýlyga Baran gyzlar aglap ýör. Gözellerde bir ýetmez- Ýigit saýlar gyradan. Akylyna seretmez, Altynyna sereder! Ba$yñ bogup,hasratdan Doldurýançañ gursagyñ, Aladañ ýok hiç zatdan, Oñad-a $u pursadyñ! Goý,oñ üçin ýaglygyñ Öl bolmasyn çowy,gyz. Uýat bolar,aglama, Ýarsyz galmaz gowy gyz!
Ulygyz (hökman okañ)
-
mirasymyz
13 years ago
- Sagbol aladin! Gowy goşgyny gowy edip terjime eden ekenler.
-
ptichka
13 years ago
- govy goshgy eken,okap akyllansalar
-
ALADIN
13 years ago
- sag boluñ teswiriñize dostlar
-
Yegen
13 years ago
- Sag bol Aladin! Goshgy sada-dan dushnukli yazylypdyr!
-
Atash120
13 years ago
- ýigitlerde bir ýetmez-
gyz synlarlar gyradan.
akylyna seretmez,
alkymyna sereder!
ALADIN 13 years ago- awtor: Gazak $ahyry Kadyr Myrzalyýew