dünýede her  kimiň öz gylygy bar, oňatlary   saýlap-seçgin — diýdiler. edep-sypaýçylyk   adamy   bezär, mydam  gödeklerden  gaçgyn— diýdiler. diýişleri  ýaly,  gaçdym-da   ýördüm, gödekligem   meni   kowlap   ýörmedi. ol  öňümden  çyksa,  ýüzüm  öwürdim, oň  nä  derdi — asyl   gaty   görmedi. sypaýy diýlenler  bolýar  her  hili. juda   sypaýylar   daşym   aldylar. duýman  durka,  kastlary  bar  ýaly, sypaýlygmyň   dulugyna   çaldylar. sypaýçylyk      bilen  hormat etdiler. sypaýçylyk      bilen adym tutdular. sypaýçylyk      bilen   arzan  satdylar. sypaýçylyk      bilen  etdiler   baryn. soň ýene diýdiler  ýanyma  gelip, mert ýigide  näzik  bolmak  ýaraşmaz. bardyr adamlarda şeýle bir gylyk, ajyň   ýokmy — süýjüňe-de   garaşmaz. eýsem,  ýaranjaňlyk,  öz   külbäň   küýi, göriplik   hem   juda-juda   küteklik ýaly   gylyk-häsiýet  duş   gelýän   güni iň   ýaramaz   gylykmydyr   gödeklik?! baş  çykarmak  gerek   şeýle  gylykdan, näçe çuň düşünseň şonça-da ýagşy. kebzä  pyçak  sokýan   sypaýçylykdan, tumşugyňa   kakýan   gödeklik   ýagşy. eý, siz,  sypaýylar,  men   taýa   bakan gelmäweriň  leşger   çekip,   dökülip, ýaşasyn   hak   üçin   gulakdan   çekýän, göni göze  bakýan sagdyn  gödeklik! gurbannazar eziz

Köneler, Merw92 tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir