Assalam'aleykum hormatly agzalar we myhmanlar! nesip etdiginden onki yazylan hadyslaryn yzyny dowam etmekchi! HADYS 31 DILEG ETMEK BARADA Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) buýurýar: „Allaha ýüzlenmek, başyňa gelen betbagtçylyga garşy kömek edişi ýaly, Oňa entäk gelip degmedik kynçylyklary (belalary) hem gaýtarar. Şonuň üçin Allahyň (jelle jelaluhu) gullary, siz Allaha (jelle jelaluhu) dilegler bilen ýüzleniň“. (Tirmizi, El-Häkim, Ahmad). ŞERHI: Doga-dilegiň Yslamda ähmiýeti gaty ulydyr. Dileg mu'miniň galkanydyr. Mu'min gulyň başyna kynçylyk gelse, ol şol kynçylykdan geçmek üçin Allaha (jelle jelaluhu) dileg edýär. Dilegiň öz şerti bardyr, ýagny ynsan öz ejizligini doly boýun alyp, Allaha (jelle jelaluhu) yhlas bilen sygynyp ýalbarmakdyr. Allaha (jelle jelaluhu) dileg edeňde, Onuň (jelle jelaluhu) halamaýan işini edip durmaly däldir. Fasygyň dilegi kabul bolýan däldir. Ýüregi gara fitneçi munafyklaryň hem hiç dilegleri kabul bolmaz. Dileg diňe başyňa gelen kynçylyklary gaýtarmaýar, ol geljekki (ýagny gelip biläýjek) ýamanlyklary hem gaýtarýar. Şonuň üçin mu'min bende bir ýaman zady göwnine getirse, ýada başga adamlaryň başyna gelen ýamanlyklary görsede Allaha (jelle jelaluhu) sygynmaly we şol musybetler bilen özüni synamasyn diýip Allaha (jelle jelaluhu) ýalbarmalydyr. Mu'min akyl we hikmet eýesi adamdyr. Ol daş-töweregindäki bolýan hadysalardan ybrat alar, hemişe goranmak üçin dileg eder. Allah (jelle jelaluhu) hem Özüne dileg edýän gullary söýýär. Sebäbi dileg ybadatyň özenidir, Allah (jelle jelaluhu) bilen bendäniň aragatnaşygydyr (baglanşygydyr). Dileg edensoň sabyr etmäni hem başarmalydyr. Bir hadysda Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) aýdýar: „Dilegiňiz kabul bolup netijesi size ýetip gelýärkä, gul Allah (jelle jelaluhu) meniň dilegimi kabul etmedi diýip bisabyrlyk edýär welin, kabul bolan dilegi oňa ýetmän yzyna öwrilýär“. Dileglere Allahy (jelle jelaluhu) birlemek we öwmek bilen başlamaly Şondan soňra pespällik bilen ýalbarmaly. Işleriň netijesi Allaha (jelle jelaluhu) baglydyr.
HADYS 31 (otuzbirinji)
-
betyigit
13 years ago
- hay yene gitdi yslama,gowy temalara yazyang dost.elleringe saglyk,yone saydyngada gayrat edip elingi degirayda az wagt
-
muzazzi
13 years ago
- alla razy bolsun !!
-
sparrow
13 years ago
-
sparrow
13 years ago
-
sparrow
13 years ago
-
sparrow
13 years ago
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- salamaleykum yslam!
-
pokkis
13 years ago
- azan dogasyny bilyaniniz bar bolsa yazayynda hayysht etyan sizden
-
Jemka91
13 years ago
- Ýetireniniz ün sagbolun Allahym dogalarmyzy, tobalarmyzy kabvl etsin!
Tourist 13 years ago- Ooo yslam aga barmynai yer yuzunde